2015-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri ÝHHG-niň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky merkezleriniň ýolbaşçylarynyň her ýylky Sebitleýin duşuşygyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen, ÝHHG-niň Dawalaryň öňüni almak boýunça Merkeziniň direktory, Ilçi Adam Koberaski bilen duşuşdy. Duşuşyga ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçsy, Ilçi Iwo Petrow hem gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar özara hereketleriň giň ugurlary boýunça toplanan oňyn tejribesiniň esasy bolup durýan hyzmatdaşlygyň geljekde giňeldilmeginiň zerurlygyny we mümkinçiliklerini tassykladylar.
Taraplar energetika çygrynda hyzmatdaşlyk üçin wajyp meseleleriň giň sanawyny, şol sanda energetika ulgamynda zerur şertleri üpjün etmek, sebitleýin energetika hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek, energiýa üpjünçiliginiň we energetika infrastrukturasynyň howpsuzlygy we ygtybarlylygyýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistan birek birege hormat goýmak, ynanyşmak we düşünişmek ýörelgeleri esasynda ösdürilýän ÝHHG bilen konstruktiw gepleşikleriniň öňe sürülmeginiň, şeýle hem dünýä ösüşiniň wajyp meseleleriniň netijeli çözülmegine gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlarynyň tarapdary bolup çykyş edýär.