Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň, welaýat häkimleriniň, Mejlisiň Başlygynyň, milli parlamentiň komitetleriniň başlyklarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Onuň gün tertibine milli Liderimiziň Ministrler Kabinetiniň şu gün geçirilen giňişleýin mejlisinde kesgitlän geljekki wezipeleriniň jähetinde ýurldumyzyň sebitlerini mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri-de sebitleri özgertmek bolup durýar. Berkrar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde täze türkmen obasyny döretmegiň köpugurly nusgasy we oba hojalyk-senagat etraplarynyň kemala gelmegi anyk ugra eýerýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýakyn geljekde ýurdumyzyň her bir welaýatynyň öňünde obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça möhüm wezipeler durýar. onda degişli önümçilik düzüminiň artdyrylmagy, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegi, içerki bazarlaryň dürli görnüşli we ýokary hilli öndürilen önümler bilen üpjün edilmegi, maýa goýum işjeňliginiň ýokarlanmagy, iş orunlarynyň artmagy esasy ugur bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylar bu ugurdaky işleriň netijeliligini artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň ilkinji nobatdaky çärelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, sebitleri mundan beýläk-de ösdürmek boýunça çäreleriň meýilanamasyny işläp taýýarlamak üçin ýörite işleriň geçirilmeginiň derwaýysdygy bellenildi. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňe süren anyk teklipleriniň, şeýle hem uzakmöhletleýin pudaklaýyn we sebitleýin maksatnamalarda kesgitlenen ilkinji nobatdaky wezipeleriň göz öňünde tutulmalydygy barada aýdyldy.
Tutuşlygyna alnanda, ara alnyp maslahatlaşylan çäreleriň meýilnamasy ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini doly we hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmek, obada dolandyryşyň öňdebaryjy usullaryny we täze ykdysady gatnaşyklary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly çäreleriň durmuşa geçirilmegini ugur edinýär. Şeýle hem zerur kanunçylyk-kadalaşdyryjy namalaryny kämilleşdirmegiň möhümdigi we ýerlerde ozal kabul edilen resminamalaryň ýerine ýetirilişine degişli gözegçiligiň üpjün edilmelidigi öňe sürüldi.
Şeýle hem maslahatyň barşynda ýolbaşçylaryň, işgärleriň hünär derejesini, jogapkärçiligini ýokarlandyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak bilen baglanyşykly we sebitleriň, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň netijeli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletiniň mundan beýläk-de gülläp ösmegi bilen baglanyşykly öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň bähbidine janaýaman zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.