Hormatly daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärleri!
Eziz watandaşlar!
Sizi Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ata-babalarymyz tebigat bilen ysnyşykly we sazlaşykly ýaşamagyň inçe usullaryny döredipdirler. Asyrlaryň dowamynda daşky gurşawy arassa saklamakda, tebigy baýlyklarymyzy rejeli we aýawly peýdalanmakda türkmen halkynyň durmuşyna, milli däp-dessurlaryna berk ornaşan şeýle gatnaşyklar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze öwüşginlere eýe bolýar. Halkymyzyň gadymyýetden gelýän bu ynsanperwer ýörelgeleri häzirki döwürde hem adamzadyň ählumumy meseleleriniň ygtybarly çözgütlerini tapmaga gönükdirilýän düýpli çäreler bilen utgaşyp, barha ösdürilýär.
Ýurdumyzda daşky gurşawy arassa saklamak, adamlaryň saglygyny goramak we sagdyn ýaşaýyş şertlerini döretmek, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmek we olary rejeli peýdalanmak, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige yzygiderli ornaşdyrmak ýaly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Eziz Diýarymyzda alnyp barylýan toplumlaýyn we geljegi nazarlaýan döwlet ekologiýa syýasaty ýurdumyzda tebigaty goramaga, daşky gurşawyň arassa bolmagyny üpjün etmäge, ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmaga, biologiki köpdürlüligi baýlaşdyrmaga hem-de çölleşme hadysasynyň öňüni almaga gönükdirilendir.
Häzirki döwürde ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwlet tarapyndan maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.
Berkarar Watanymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýar. Geçirilýän özgertmeleriň netijesinde gözel Diýarymyz bagy-bossanlyga öwrülýär. Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň töwereginde we welaýatlarda tokaý zolaklarynyň çäkleri barha giňeldilýär. Garagumuň jümmüşinde döredilýän «Altyn asyr» Türkmen köli bu çölüň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň has-da baýlaşmagyna, şonuň bilen birlikde, tutuş sebitiň ekologiýa ýagdaýynyň durnuklaşmagyna özüniň oňaýly täsirini ýetirýär.
Ýurdumyzyň daşky gurşawyny goramak babatda kanunçylyk binýadynyň has-da berkidilmegine we kämilleşdirilmegine döwlet tarapyndan aýratyn uly üns berilýär. «Tebigaty goramak hakyndaky», «Ösümlik dünýäsi hakyndaky», «Haýwanat dünýäsi hakyndaky», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakyndaky», «Galyndylar hakyndaky», «Atmosfera howasyny goramak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunlarynyň we birnäçe beýleki kanunlaryň hem-de kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmegi bu ugurda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyna doly şaýatlyk edýär.
Eziz watandaşlar!
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan halkara derejede hem daşky gurşawy goramak babatda yzygiderli we netijeli syýasaty durmuşa geçirýär. Bu ugurda biz Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy we Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ýewropa boýunça Ykdysady komissiýasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Bütindünýä banky ýaly köp sanly abraýly halkara guramalar bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy alyp barýarys hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen täze başlangyçlary öňe sürýäris.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde durnukly ösüş boýunça geçirilen ýokary derejedäki maslahatda,Ýaponiýada we Koreýada geçirilen halkara maslahatlarda Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak, suw-energetika serişdelerini aýawly peýdalanmak we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak, Aralýaka sebitiniň ekologiýa meselelerine toplumlaýyn çemeleşmek arkaly ony çözmek hem-de Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak boýunça täze başlangyçlar bilen çykyş etmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Berkarar döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan howanyň üýtgemegi boýunça täze halkara ylalaşygyň kabul edilmeginiň zerurdygyny ilkinjileriň hatarynda goldady. Şeýle hem bu Guramanyň howandarlygynda Aşgabat şäherinde howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek barada başlangyç bilen çykyş edip, şu ugurda ähli mümkinçilikleriň dörediljekdigini beýan etdi.
Biz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň bellenýän ýylyny «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýip yglan etdik. Türkmen halkynyň örän baý taryhy we medeni mirasyny gorap saklamak, eziz Diýarymyzda arassa daşky gurşawy üpjün etmek hem-de tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak boýunça mundan beýläk hem giň möçberli işleri durmuşa geçireris.
Hormatly daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärleri!
Eziz watandaşlar!
Sizi Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow