5.9 C
Aşkabat
03.12.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Hormatly Halkara Sergisine we Ylmy Maslahatyna Gatnaşyjylar! Gadyrly Myhmanlar!

Hormatly Halkara Sergisine we Ylmy Maslahatyna Gatnaşyjylar! Gadyrly Myhmanlar!

Hormatly halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi Aşgabat şäherinde «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bilim we sport jemgyýetimizi belent maksatlara ruhlandyrýan kuwwatly güýçdür. Bagtyýar halkymyzyň aň-düşünjesini, medeni-ruhy durmuşyny düýpli özgertmäge, Bitarap döwletimiziň dünýäde tutýan ornuny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, täze belent menzilleri geçmäge, beýik geljegimizi gurmaga mümkinçilik berýär. Şoňa görä-de, biz bu ugurda, ilkinji nobatda, jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň bähbitlerine, milli we umumadamzat gymmatlyklaryna, ynsanperwer däplere esaslanýan syýasatymyzy, milli maksatnamalarymyzy, düýpli özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys.

Häzirki döwürde biz milli bilim ulgamyny dünýä derejesine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmek, beden we ruhy taýdan sagdyn, häzirki zaman bilimlerini ele alýan hem-de ýokary tehnologiýalary özleşdirýän nesilleri terbiýelemek ugrunda uly işleri alyp barýarys. Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarymyzda täze mekdepler, çagalar baglary gurulýar. Olarda iň täze tehnologiýalar, okuw-tehniki enjamlar giňden ornaşdyrylýar. Okatmagyň täze usullary girizilýär, döwrebap okuw kitaplary, usuly gollanmalar neşir edilýär. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti dabaraly açylyp, ulanmaga berildi. Kalbymyzda egsilmez buýsanç duýgularyny döredýän bu tutumly işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Diýarymyzda bilim ulgamynyň kuwwatynyň has-da artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Bilim ulgamyndaky özgertmeler, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatda edilýän tagallalar sagdyn, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ruhubelent, işbaşarjaň, zähmetsöýer, watansöýüji, ynsanperwer nesilleri terbiýelemekde uly mümkinçilikleri açýar. Bu meselelere düýpli çemeleşmek bilen, biz dünýä ýurtlary we halkara guramalar bilen möhüm ugurlar hökmünde bilim we sport babatdaky gatnaşyklarymyzy berkitmäge we yzygiderli ösdürmäge hemişe aýratyn üns berýäris.

Eziz dostlar!

Sport ruhubelent ýaşaýşyň, güýç-kuwwatyň çeşmesidir. Şu ýörelgeden ugur alnyp, kabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzda halkara derejedäki iri sport toplumlary bina edildi. Ýöriteleşdirilen bedenterbiýe we sport edaralarynyň hem-de guramalarynyň ulgamy döredildi. Paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bina edilen döwrebap sport düzümleri beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini ösdürmäge ýardam edýär. Aýratyn hem türgenlerimiziň dünýä çempionatlarynda, abraýly halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmekleri hem-de baýrakly orunlary eýelemekleri üçin amatly şertleri döredýär.

Häzirki döwürde Aşgabat şäherinde sebitde deňi-taýy bolmadyk uly sport toplumynyň — Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy tamamlanyp barýar. Şeýlelikde, eziz Watanymyz halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrülýär. Gözel paýtagtymyzyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän ýeri hökmünde seçilip alynmagy hem ýurdumyzyň halkara sport hereketini ösdürmäge goşýan goşandynyň giňden ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.

Hormatly adamlar!

Berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, bagtyýar durmuşymyz hem-de beýik geljegimiz üçin sagdyn, ylymly-bilimli, ýokary hünärli nesiller gerek. Şoňa görä-de, ýaş nesillerimiziň sazlaşykly terbiýe almagy, sagdyn, ylymly-bilimli, giň gözýetimli adamlar bolup ýetişmegi üçin döwletimiz tarapyndan hemişe uly alada ediler.

Bu halkara sergä we ylmy maslahata dünýäniň dürli ýurtlaryndan bilim we sport boýunça hünärmenleriň, öňdebaryjy ylym-bilim merkezleriniň wekilleriniň gatnaşmagy halkara bileleşigiň ýurdumyza bolan gyzyklanmasynyň barha artýandygyny tassyklaýar.

Türkmenistan bilim we sport babatda köpugurly halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary eder.

Hormatly halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu serginiň we ylmy maslahatyň bilim we sport boýunça halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde, özara tejribe alyşmakda, şeýle hem täze bilimleri özleşdirmekde örän möhüm ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynanýaryn.

Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aýal-Gyzlary Halkara Zenanlar Güni Bilen Gutlady

Türkmenistanda Goňşokara baýramçylygy bellenildi.

syrach

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistanyň Daşary Syýasaty Içerki Ösüşler we Dünýä Giňişliginde Milli Bähbitleri Üpjün Etmek Üçin Oňaýly Şertleri Döretmäge Gönükdirilendir