4.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke Atçylyk Toplumynda Geçirilen Dabaralara Gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke Atçylyk Toplumynda Geçirilen Dabaralara Gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de behişdi bedewleriň gözelligini çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen her ýyl geçirilýän bu bäsleşikler türkmen halkynyň atçylyk däplerini ösdürmäge, dünýä jemgyýetçiliginiň umumadamzat medeni baýlygy, özboluşly siwilizasiýa hadysasy hökmünde ahalteke bedewlerine ünsüni çekmäge gönükdirilendir.

Şu gün irden Ahalteke atçylyk toplumynyň çäginde Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, Türkmenistanda işleýän daşary ýurt ilçihanalarynyň ýolbaşçylary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary, Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanyp geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin gelen köp sanly daşary ýurtly myhmanlar bar.

Aşgabadyň günorta tarapynda ýerleşen Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumy şu bahar günleri Köpetdagyň ýaşyl begrese bürenen eteginde gözel görnüşe eýe boldy. Bu atçylyk merkezinde behişdi bedewleri köpeltmek, ösdürmek we tälim bermek üçin ajaýyp şertler döredildi. Türkmen halkynyň baýlygy we milli buýsanjy hasaplanýan ahalteke bedewleri Türkmenistanyň täze taryhy döwrüniň nyşany bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy Ahalteke atçylyk toplumyna gelip saklanýar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýygnananlar şowhunly elçarpyşmalar bilen garşylaýarlar.

Milli lybasly gyzlar milli Liderimize gül desselerini gowşurýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, baýramçylyk lybasyna beslenen toplumyň çägine girýär. Bu ýerde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanlary şekillendirilen şygarlar, plakatlar we bannerler dabaranyň görküni artdyrýar. Döredijilik toparynyň ýerine ýetirmeginde dürli öwüşginli çykyşlar ýaýbaňlanýar.

Döwlet Baştutanymyz artistleriň ussatlygyna ýokary baha berip, tomaşaçylaryň elçarpyşmagy bilen atçylyk toplumynyň binasyna girýär hem-de özi üçin niýetlenen ýere geçip oturýar. Münberlerde Türkmenistanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we atçylyk pudagynyň işgärleri, ýaşlar, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň habar beriş serişdeleriniň işgärleri we beýlekiler otyr. Adamlaryň sport lybasyna beslenmegi bolsa milli Liderimiziň Türkmenistanda sporty hem-de köpçülikleýin-sagaldyş hereketini ösdürmek boýunça alyp barýan işlerine bolan giň goldawy alamatlandyrýar.

Alypbaryjy dabaranyň başlanandygyny yglan edýär. Ähli türkmen halkynyň adyndan milli Liderimize mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan asylly işleri üçin çuňňur hoşallyk sözleri, ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Halkara atçylyk sport federasiýasynyň Kubogynyň we medalynyň, Türkmenistanda atlaryň kesellerinden azat zolagyň döredilendigi hakyndaky güwänamanyň gowşurylmagy mynasybetli gutlag sözleri aýdylýar.

Atçylyk ulgamyny ösdürmek barada yzygiderli alada edýändigi, türkmen bedewlerine we olaryň bütin dünýäde şan-şöhratyny artdyrmaga aýratyn üns berýändigi üçin çäksiz hoşallygyň nyşany hökmünde döwlet Baştutanymyzdan ahalteke bedewlerini sowgat almagyny haýyş edýärler.

Milli Liderimizi bäş welaýatlaryň ählisiniň hem-de Aşgabat şäheriniň wekilleri mübärekleýärler. Ýurdumyzyň her bir sebitinden gezekli-gezegine bedewleri çykarýarlar. Her bir welaýatdan ýaşuly ýetginjek oglan bilen bilelikde hormatly Prezidentimize Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler we milli Liderimize atyň pasportyny gowşurýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň adyndan hem ahalteke bedewi sowgat berilýär. Milli Liderimize onuň pasportyny Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew gowşurýar.

Alypbaryjy hormatly Prezidentimizden ýene-de bir sowgady – ýurdumyzyň ähli atşynaslarynyň adyndan sowgady kabul etmegini haýyş edýär. Şu günler ildeşlerimiziň ählisi atşynaslary uly hormat bilen sarpalaýarlar. Meýdançada ajaýyp bedew peýda bolýar, Türkmenistanyň halk atşynasy, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň seýsi Baýramgeldi Hydyrow hormatly Prezidentimize 2015-nji ýylda doglan Gujurly atly bedewiň pasportyny gowşurýar. Ol Güýçnazar we Kişmiri diýen atlaryň neslindendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ata atlanýar hem-de bedew bilen birnäçe öwrüm edip, ata erk etmegiň ussatlygyny görkezýär. At çapyksuwaryň emrine maýyl bolup, dürli hereketleri ýerine ýetirýär we tomaşaçylary haýran galdyrýar.

Alypbaryjynyň belleýşi ýaly, bu atyň Gujurly diýlip atlandyrylmagy Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda, paýtagtymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän ýylynda täze ýeňişleri, üstünlikleri hem sepgitleri nazarlap, zähmet çekýän halkymyzyň agzybirligini, egsilmez gujur-gaýratyny alamatlandyrýar. Goý, biziň türgenlerimiz öňümizdäki V Aziýa oýunlarynda gujurlylyk, ezberlik bilen uly üstünlik gazansyn.

Tomaşaçylaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz atdan düşýär we öz ýerine barýar.

Soňra alypbaryjy halypa çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda at çapyşyklarynyň geçirilýändigini yglan edýär.

Alypbaryjy çapyşyklaryň örän çekeleşikli boljakdygyny belleýär. Çünki çapyksuwarlaryň ählisi öz sebitlerinde iň gowy seýisler hem-de ussat we tejribeli çapyksuwarlar hasaplanylýar. Olaryň her biri öz seýislän atyny çapýar. Munuň özi çapyksuwaryň we bedewiň arasynda özara düşünişmek ýagdaýynyň emele gelendigini, olaryň üstünlige barýan ýolda sazlaşykly hereket etjekdigini aňladýar.

Çapyşyga Ahalteke atçylyk toplumynyň seýsi Maksatmyrat Agamyradow özüniň Barsenal diýen bedewi hem-de Atçapar Bajamow Gyrgy diýen aty bilen gatnaşýar. Balkan welaýatyna Baýmyrat Mämmedow Gudratly atly bedewi, Daşoguz welaýatyna seýis Täzebaý Goşabaýew Alçepe atly bedewi bilen wekilçilik edýär. Şeýle hem çapyşyga Lebap atçylyk sport toplumynyň hünärmeni Rozymyrat Gurbanow Köpeler diýen bedewi we Mary welaýatynyň döwlet athanasynyň atbakary Bäşim Rozyýew Pähimli diýen bedewi bilen gatnaşýarlar.

…Soňra meýdança Miras atly bedewi çykarýarlar. Onuň öňünden
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň agtygy Kerimguly barýar. Ol 2015-nji ýylda ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde ilkinji ýeňiji boldy. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça şeýle ýaryşlar indi ýurdumyzda yzygiderli geçirilýär.

Kerimguly atasynyň ýanyna geldi. Döwlet Baştutanymyz gadymdan gelýän milli däbe görä, Mirasyň boýnuna ejesi Ogulabat ejäniň dokan alajasyny dakdy we bedewe atlandy. Şol pursat Kerimguly atyň jylawyndan tutup, ony meýdança boýunça idip ugrady. Soňra agtyk atasyna üstünlik arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bedewi bilen halypa çapyksuwarlaryň toparyna goşuldy. Olar eýýäm 1200 metr aralyga at çapmaga taýýar bolup durdular. Halypa çapyksuwarlar döwlet Baştutanymyzyň eýeriň üstünde oturyşyna, bedewe ussatlyk bilen erk edişine haýran galýarlar. Bedew milli Liderimiziň berýän görkezmelerine birkemsiz tabyn bolýar.

Çapyşyga badalga berlen badyna bedewler öňe okduryldy. Çapyşygyň ilkinji pursatlaryndan çekeleşikli göreş başlandy, bedewleriň güýji deňeçerräk gelýärdi, bäsleşigiň barşynda öňdeligi eýeleýän çapyksuwarlar çalşyp durdy. Sebäbi, öňe saýlanýan çapyksuwaryň yzyndan derrew ýetýärdiler. Şeýle bolansoň, baş baýraga esasy dalaşgäri kesgitlemek kyndy.

Çapyşyklaryň barşynda ahalteke bedewleriniň ýyndamlyk, ýeňşe bolan erk-isleg, maksada okgunlylyk hem-de tutanýerlilik ýaly ajaýyp häsiýetleri äşgär bolýar. Bu häsiýetler olarda tejribeli seýisler tarapyndan terbiýelenýär we kämilleşdirilýär.

…Ýelden ýyndam bedewler ýeňşe tarap okdurylyp barýarlar. Olaryň arasynda çekeleşikli ýaryş dowam edýär. Bedewler biri-birinden öňe geçjek bolup jan edýärler. 7-nji belgide çykyş edýän milli Liderimiz iň soňky öwrümde atynyň badyny has güýçlendirdi we öňe saýlanyp başlady, soňra bolsa beýleki halypa çapyksuwarlardan arany has-da açdy hem-de haýran galdyryjy netije bilen pellehana geldi. Netije – 1 minut 25 sekunt!

Janköýerleriň şadyýan we ruhubelent sesleri tomaşaçylaryň münberlerini gurşap aldy. Ýöne Kerimguly atasynyň nobatdaky ýeňşine has-da begendi. Ol Mirasyň ýanyna geldi, atyň jylawyndan tutup, tomaşaçylaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda bedewi ýodajyk bilen alyp gitdi.

Ata we agtygyň hersi bedewiň bir tarapynda durup, ýadygärlik üçin surata düşdüler. Türkmenler şeýdip atşynaslygyň we at çapmagyň sapaklaryny hem-de tilsimlerini, şonuň bilen birlikde, durmuşyň parasatly sapaklaryny nesilden-nesle, atadan ogla geçirip gelipdirler.

Öňden gelýän däbe görä, ýaşulular çapyşykda ilkinji bolup gelen atyň boýnuna gyňaç daňdylar, arkasyna ajaýyp haly ýapdylar.

Soňra alypbaryjy “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň başlanýandygyny yglan edýär.

Türkmenlerde iň gowy aty seçip almak gadymdan gelýän däpdir. Şunda bedewiň diňe bir ýyndamlygyna, çydamlylygyna, güýjüne, söweşjeň häsiýetlerine däl, eýsem, onuň gylyk-häsiýetine, daşky görnüşine hem baha berlipdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan täze eýýamda döredilen, halkymyzyň atşynaslyk däplerini ösdürmäge, behişdi bedewleriň bütin dünýäde şan-şöhratyny artdyrmaga gönükdirilen bäsleşik bu naýbaşy atlary ýetişdirmegiň usullarynyň kämilleşdirilmegine täze kuwwatly itergi berdi.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna çykan iň gowy ahalteke bedewleriniň sergi-ýörişi başlanýar. Aşgabatdan, Ahal, Balkan, Lebap, Daşoguz we Mary welaýatlaryndan iň gowy diýlip ykrar edilen ahalteke bedewleri syn ediş meýdançasyna gezekli-gezegine çykarylýar.

Alypbaryjylar her bir bedew bilen tanyşdyrdylar, olaryň atlaryny hem-de eýesi baradaky maglumatlary aýtdylar. Bedewleriň ählisi nesil taryhyny atasynyň ýa-da enesiniň ugry boýunça meşhur ata-babalaryndan alyp gaýdýar. Mysal üçin, bu ýerde mele reňkli Kebir we Bagtyýar (2013-nji ýylda doglan), Döwletli (2014-nji ýylda doglan), gara reňkli Garader we dor reňkli Erkin (2012-nji ýylda doglan) meşhur Gyrsakaryň ugruna degişlidir. Dor reňkli Gadymgala (2013-nji ýylda doglan) Fakirpälwanyň ugruny, mele reňkli Meleguş bolsa (2007-nji ýylda doglan) Garlawajyň ugruny dowam etdirýär. Gaplaňdan bolsa gara reňkli Kerwenbaşy (2013-nji ýylda doglan) we Dorguş (2011-nji ýylda doglan) gelip çykýar. Gyr reňkli Merdanly (2014-nji ýylda doglan) Eýeberdi telekäniň ugrunyň wekilidir.

Ganatly bedewleriň köp sanly janköýerleri meşhur tohum atlarynyň naýbaşy nusgalary – “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi diýen adyna dalaş edýän bedewler bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik aldylar.

Bedewler ajaýyp şaý-seplerde orta çykaryldy. Olaryň eýerleri we beýleki esbaplary hem ýokary derejede sünnälenip bezelipdir. Şol şaý-sepler iň ussat zergärler tarapyndan taýýarlanyldy. Bedewleriň her biri özüniň ýyndamlylyk, dürli görkezmeleri ýerine ýetirmek başarnygy bilen baglanyşykly häsiýetlerini hem görkezdi. Atlar Günüň şöhlesine lowurdap duran nurana reňki hem-de deňsiz-taýsyz gözelligi bilen tomaşaçylary haýran galdyrdy.

Tohumçylyk maglumatlaryndan başga-da, her bir bedewiň şanyna bu ajaýyp atlary wasp edýän şygyr setirleri ýaňlandy. Hakykatdan hem, arassa ganly at bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Türkmen seýisleri asylly we tutanýerli zähmeti bilen ony naýbaşy derejesine ýetiripdirler.

Şoňa görä-de, türkmenler özleriniň bedewlerini hem kümüş we dürli reňkli daşlar bilen bezäpdirler. Çünki ahalteke bedewi tebigatyň we ynsanyň güýji bilen köp asyrlaryň dowamynda döredilen sungatyň janly eseridir.

Bäsleşigiň jemini jemlemegiň hem-de düzüminde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň atşynas hünärmenleri bolan abraýly eminler toparynyň çözgüdini yglan etmek wagty gelip ýetdi.

Soňra ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edilýär. Bäsleşik haly eserini döretmek, zergärçilik eseri, surat eseri, heýkel eseri, neşir önümleri, fotosurat, teleoperatorçylyk işi ugurlary boýunça geçirildi. Bu bäsleşigiň esasy maksady bolsa ajaýyp bedewleriň türkmen halkynyň durmuşynda eýeleýän ornuny görkezmekden ybaratdyr.

Ahalteke bedewiniň tebigy gözelligi hem-de syrdamlygy, wepadarlygy, akyllylygy we täsin zehini eserleri döredenler üçin joşgunyň çeşmesi bolup hyzmat etdi. Olar öz eserlerinde bedewiň söz bilen beýan edip bolmajak gözelligini ussatlyk bilen şekillendirmegi başardylar.

Bäsleşigiň emin agzalarynyň düzümine biziň hünärmenlerimizden başga-da halkara bilermenler: Fransiýanyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti Tatýana Follet we HHR-niň Atçylyk assosiasiýasynyň wekili Žan Mu, Nurlan Mamyýew (Gyrgyzystan), Nadežda Tarasowa (Russiýa) girdi.

Eminler toparynyň başlygy Tatýana Follet bäsleşigiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan baş baýraklary gowşurdy. Şeýlelikde, haly suratkeşi, Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýew – “Ýanardagyň ýedi arkasy” diýen eseri, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, zergär Öwezmuhammet Söýünow “At şaý-sep toplumy” eseri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 5-nji ýyl talyby Batyr Soltanow “Aýly gije” atly nakgaşlyk eseri, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky ýöriteleşdirilen çeperçilik mekdebiniň mugallymy Saragt Babaýew “Aba Annaýew we heýkeller toplumy” eseri, “Türkmenistan” gazetiniň fotohabarçysy Begenç Şyhlyýew hormatly Prezidentimiziň “Gadamy batly bedew” atly kitabynyň fotosuratlary hem-de “At – myrat” diýen foto işleri, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Sport” ýaýlymynyň teleoperatory Ahmet Hydyrow “Bedewlerimiz atly sportda (konkur)” filmi üçin baýraklara mynasyp boldular.

Soňra Fransiýanyň ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti Tatýana Follet Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndan Meleguş diýen mele atyň ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edilendigini habar berdi. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragyna we göçme Kuboga eýe boldy.

Soňra baýragy gowşurmak üçin halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagyrylýar.

Eminler toparynyň ýolbaşçysy milli Liderimiziň şu ýaryşda ýokary ussatlyk we maksada okgunlylyk görkezendigini, şeýlelikde, baş baýraga – “Toyota Land Cruiser Prado” awtoulagyna mynasyp bolandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyza awtoulagyň açary gowşuryldy.

Hormatly Prezidentimiz şu günki dabara gatnaşýanlaryň ählisiniň, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalarynyň we beýleki daşary ýurtly myhmanlaryň adyna baýramçylyk çärelerine işjeň gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk sözüni aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz şu gün welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň adyndan özüne gowşurylan bedewleri ýurdumyzyň atşynaslaryna bermegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu bedewler özleriniň häsiýetlerine we ukyplaryna görä, hünärmenleriň kömegi bilen gerekli ýerinde ulanylsa göwnejaý bolar. Mysal üçin, bu bedewleriň içinde sirk sungatyna ýaramlysy, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary üçin ähmiýetlisi ýa-da at çapyşyklarynda ýokary netije gazanmaga ukyplysy bardyr. Şunlukda, olaryň hersiniň ähmiýetine görä ulanylsa dogry bolar.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sylag hökmünde gowşurylan awtoulagy hem atşynaslara berýändigini aýtdy. Ol atşynaslara hojalyk işlerinde ulanmak üçin gerek bolar. Ýeri gelende aýtsak, 2013-nji ýylda milli Liderimiz halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen baýramçylyk bäsleşiginde ýeňiş gazanyp, uly möçberdäki pul baýragyny hem pudagy ösdürmäge kömek hökmünde “Türkmen atlary” döwlet birleşigine berdi.

Baýramçylyk mynasybetli guralýan at çapyşyklarynyň eminler toparynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize ýüzlenip, milli Liderimiziň bu bäsleşikde ynamly ýeňiş gazanandygyny, ýeňijiniň bolsa baýraga mynasypdygyny belläp, ähli emin agzalarynyň adyndan berlen baýragy Arkadag Prezidentimiziň özüniň almagyny haýyş etdi.

Hormatly Prezidentimiziň bu günki bäsleşikde çapan atyny Arkadag Prezidentimiziň agtygy Kerimgulynyň seýisländigi we munuň özüniň halypa şägirtlik ýolunyň, peder-perzent mekdebiniň asylly ýörelgeleriniň rowaç alýandygynyň aýdyň nyşanydygy nygtaldy. Şoňa görä-de, Mirasyň getiren baýragy hökmany suratda onuň eýesine gowşurylmalydyr. Halal gazanylan baýrak bolsa diňe gowulyk getirip, üstünlikleri berkider hem-de ähli başlangyçlarda şowlulygyň nyşanyna öwrüler.

Ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen dabaranyň ahyrynda “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen aýdymyň ruhubelentlik bilen ýerine ýetirilmegi baýramçylyk dabarasyna özboluşly öwüşgin çaýdy. Milli Liderimiziň döreden aýdymyny sözleri we sazy millionlarça raýatlarymyzyň häzirki döwürde hakyky gülläp ösüş döwrüni başdan geçirýän Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistana bolan buýsanç hem bagtyýarlyk duýgularyny has takyk beýan edýär. Şoňa görä-de, bu aýdym Aşgabat – 2017-niň senasy hökmünde seçilip alyndy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, toplumdan ugraýar.

TDH

Degişli makalalar

Paýtagtymyzyň Mukamlar köşgünde Döwlet Baýdagynyň Güni Mynasybetli Baýramçylyk Konserti Boldy

Palestina Döwletiniň Ilçisi Ynanç Hatlarynyň Nusgasyny Gowşurdy

2017-nji Ýylda Ýurdumyzyň Ykdysadyýeti Okgunly Ösmegini Dowam Edýär