Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Atçylyk Toplumyna Baryp Gördi we Täze Dünýä Inen Taýçanaga Ruhubelent Adyny Dakdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýola goýlan asylly däbe görä, Täze ýylyň ilkinji günlerinde atçylyk toplumyna baryp gördi. Türkmen halkynyň häsiýetiniň we zehininiň utgaşmagy bilen döredilen deňsiz-taýsyz ahalteke bedewleri gezdirip ýören wagty hormatly Prezidentimize täze taýçanagyň dünýä inendigi barada şatlykly habary aýtdylar. Elbetde, nesliň dünýä inmegi atşynaslar üçin hemişe uly şatlyk bolup, bu ýagdaý yzygiderli bolup geçýär. Ýöne häzirki wakanyň Täze ýylyň başynda bolup geçendigi özboluşly mazmuna eýedir. Munuň özi tutuş ýylyň uly üstünlige beslenjekdiginiň, gowylyklaryň boljakdygynyň oňat nyşanydyr. Şu ýyl bolsa döwlet Baştutanymyzyň teklibi bilen, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip atlandyryldy. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň taýçanaga Ruhubelent diýip at dakmagy tebigy ýagdaýdyr.
Şunuň bilen birlikde, taýçanak akýal-mele öwüşginlidir. Bu bolsa arassalygyň we kämilligiň, aýdyňlygyň we belentligiň öwüşginleridir. Gadymy asyrlardan bäri oňa türkmenlerde mukaddeslik hökmünde garalýar.
Ak reňk ruhubelentliligi, dogruçyllygy, adalatlylygy we gündiziň manysy bilen utgaşyp, açyklygy alamatlandyrýar. Şeýle hem ol parasatly ýaşulularyň nygtaýşy ýaly, süýt bilen ýumurtgada öz beýanyny tapan öndüriji güýç diýen mana eýedir. Halk içinde bu reňkiň manysyny kesgitleýän birnäçe durnukly söz düzümleri: ak ýol, ak öý we şuňa meňzeşler ýörgünlidir.
Hemmämiziň bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň iri känleriniň ählisini birleşdiren Gündogar-Günbatar gaz geçirijisiniň ulanmaga tabşyrylyş dabarasynyň barşynda gaz geçirijiniň ýüzüne “Ak ýol” diýen ýazgyny ýazyp, ak ýol arzuw etdi.
Türkmenlerde alnan täze, uly zatlara ak un sepmek däbi häzirki günlere çenli saklanypdyr. Mysal üçin, uly ýaşly zenanlarymyz Türkmenistan tarapyndan alnan iň täze Boingleri, sebitde deňi-taýy bolmadyk RO-PAX we şuňa meňzeşleri garşyladylar.
Ýakynda ýurdumyzda medeni-aň-düşünje ähmiýetli binalar açylyp, olar “Ak öý” – arassa, ýagty, ygtybarly öý diýlip atlandyryldy.
Ahalteke bedewi bilen göni utgaşykly bolan ýene-de bir many ol hem edermen Göroglynyň hemişelik hemrasy bolan Gyrat bilen baglanyşyklydyr. Gahrymançylykly türkmen şadessanynda “ganatly bedewiň” dogruçyl taryhy parasatly pederlerimiziň nesihatlary hem-de Göroglyny terbiýelän onuň atasy, tejribeli seýis Jygalybegiň ady bilen baglanyşyklydyr.
Görogly “ganatly” Gyratynda Watany gorap, duşmanlaryň peýkamyna we gylyçlaryna elýetmez boldy. Öz ak bedewinde uçýan halk gahrymanynyň ýitmez keşbi asyrlardan aşyp, biziň günlerimize çenli gelip ýetdi. Köp nesiller şu şadessan esasynda ösüp ýetişdi. Şoňa görä-de bu gün ol türkmen ýaşlaryny watançylyk taýdan terbiýelemek babatda öz ähmiýetini ýitirmedi. Gyrat bolsa türkmen halkynyň buýsanjy we gymmatlygy bolup, dünýäde iň oňat ahalteke bedewini alamatlandyrýar.
… “Behişdi” bedewlerimiz biz üçin dünýäde deňi-taýy bolmadyk bahasyz gymmatlyk bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Döwlet Baştutanymyz türkmen halkymyzyň iň oňat atşynaslyk däpleriniň nesilden-nesle geçirilmegi we kämilleşdirilmegi, ahalteke tohumlaryny köpeltmek üçin amatly şertleriň döredilmegi, ýurdumyzyň atçylygynyň bu ugurda halkara pudagyna ýakynlaşmagy barada örän uly alada edýär. Tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylyp, ähli welaýatlarda gurlan atçylyk toplumlary munuň aýdyň subutnamalarydyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda baş edarasy Aşgabatda bolan Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işi “behişdi” bedewleriň bütin dünýäde mundan beýläk-de ýaýramagyna ýardam edip, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Dürli döwletlerden bolan alymlaryň, ippologlaryň, atşynaslaryň, genetikaçylaryň, seçgiçileriň, çapyksuwarlaryň, seýsleriň gatnaşmagynda ýurdumyzda geçirilýän halkara sergiler we maslahatlar, şeýle hem Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanyp däp boýunça geçirilýän “ganatly” bedewleriň milli gözellik bäsleşigi şu maksatlara hyzmat edýär.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz ajaýyp çapyksuwar, “behişdi” bedewleriň gadyryny bilip we olara uly sarpa goýup, işiniň örän köplügine garamazdan, bedewlere, at üstünde çapmagyň ussatlygyny kämilleşdirmäge yzygiderli üns berýär. Biziň ählimiz şu pursatlara ençeme gezek haýran galmak bilen şaýat bolduk. Türkmen atlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi döredijiliginde hem aýratyn orun tutýar. Häzirki zaman resminamalary we taryhy, ylmy maglumatlary hem-de çeşmeleri yhlasly öwrenmegiň esasynda ýazylan deňsiz-taýsyz ahalteke bedewleri baradaky ajaýyp kitaplar döwlet Baştutanymyzyň galamyna degişlidir.
Döwlet Baştutanymyzyň “behişdi” atlaryň hakyky senasyna öwrülen “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” ilkinji kitabynyň 2008-nji ýylda çapdan çykandygyny ýatlamak ýerlikli bolar. Daşary ýurt dillerine terjime edilmegi bilen bu täsin kitap Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinden bolan ahalteke bedewleriniň köpsanly janköýerlerine bu atlaryň halkymyzyň diňe bir buýsanjy we şöhraty bolman, eýsem-de, dünýä siwilizasiýasynyň bahasyna ýetip bolmajak gymatlygydygy barada doly maglumat almaga mümkinçilik berdi.
2011-nji ýylda “Ganatly bedewler” diýen kitap hem giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Onuň sahypalarynda türkmen halkymyzyň baý medeni mirasyny täzeden dikeltmek we gorap saklamak boýunça döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan uly işleri öz beýanyny tapdy.
2016-njy ýylda “Gadamy batly bedew” diýen at bilen hormatly Prezidentimiziň ahalteke atlaryna bagyşlanan ýene-de bir kitaby çapdan çykdy. Döwlet Baştutanymyzyň ahalteke bedewi türkmen tebigatynyň we adam yhlasynyň döreden täsinligidir diýen sözleri täze eseriň özenine öwrüldi. Onuň esasy maksady ahalteke bedewini ruhy-taryhy mazmun bilen baglylykda görkezmekde jemlenýär.
Hawa, ahalteke bedewleriniň egsilmez abraýy baradaky rowaýatlar asyrlar aşyp, şu güne geldi we häzir parasatly we gadymy halk hem-de onuň gahrymanlary baradaky gürrüňleri dünýä ýetirýär. Çünki şu gymmatlyklarda milli ruh, kämillige tarap ymtylyş, gözellik, güýç hem-de dostluk, wepalylyk, gaýduwsyzlyk, ynsaplylyk, mertebe, Watana söýgi ýaly düşünjeler baradaky garaýyş öz beýanyny tapdy.
… Ýene-de iki-üç ýyldan Ruhubelent atly taýçanak ahalteke atlaryna mahsus syratly, owadan, ýyndamdan ýüwrük, uly hem güýçli bedew bolup ýetişer. Häzir bolsa onuň mymyjak tüýlije gulajyklary athananyň derwezesiniň ýokarsyndan görnüp dur. Taýçanak özünden bir ädim hem aýrylmaýan enesine mäkäm gysmyljyraýar. Enesi öz arzyly perzendini diňe seýisleriň mähirli hem yhlasly ellerine ynanýar.
Ruhubelentiň nesil daragty meşhur Pereňiň şejeresinden gaýdýar. Täze dünýä inen taýçanagyň aňrysynda meşhur bedewler bar. Olaryň biri hem meşhur ahalteke bedewi Polatlydyr. 2013-nji ýylda Halkara atçylyk sport toplumyna barýan awtoýolda bu ady rowaýata öwrülen bedewiň hormatyna döredilen heýkeltaraşlyk ýadygärliginiň dabaraly açylyşy boldy. Öz döwründe owadanlykda hem-de ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk Polatly diýen mele at dünýäniň dürli ýurtlarynda ençeme çempionlyk derejelerini, baýraklary eýeledi. Meşhur bedewler bilen bäsleşip, onuň görkezen rekord netijesine ýene otuz ýyla golaý wagtda hem dünýäniň hiç bir bedewi ýetip bilmändi.
…Adamlar bilen gatnaşykda ahalteke bedewi ýaly duýgur aty tapmak juda kyn bolar. Her näçe buýsançly gylyk-häsiýetli bolsalar-da, olar diýen edijidir, eger-de olara söýgi bilen çyn ýürekden garasaň, onda olara baş öwretmek hem kyn däldir. Şonuň üçin hem ahalteke bedewleri atçylyk sportunda üstünlik gazanýarlar, kinofilmlere surata düşýärler, sirk sungatynda ajaýyp çykyş edýärler.
Şu ýylda ilkinji taýçanagyň dünýä inmegini ýagşylyga ýormaly, çünki gündogar senenamasy boýunça 2017-nji ýyly alamatlandyrýan batyr horaza bedew bady baryp ýeter, bu bolsa biziň üstünliklerimiziň nyşany, arzuw-isleglerimiziň, ýeňşe tarap okgunlylygyň hem-de erkiň şöhlelenmesi bolup, bu ýyl hem buýsançly ýörişini dowam eder.
Çünki, hut ahalteke bedewi işjeň, döredijilikli güýçleriň, ylhamyň, ruhy ýokary göterilişiň hem-de döredijiligiň täze eýýamynyň ruhy joşgunyny özünde jemleýän ajaýyp keşp boldy. Munuň özi bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2017-nji ýyly Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýip yglan etmak baradaky başlangyjynyň iň esasy manysyny äşgär görkezýär.
Türkmen halky ähli döwürlerde, hemme eýýamlarda ata-babalarymyzyň beýik maksatlara ýetmeginde deňsiz-taýsyz kömekçileri bolup, biziň milli buýsanjymyza hem-de tutuş adamzadyň gazanan genji-hazynasyna öwrülen ahalteke bedewleriniň waspyny ýetirýän ençeme ganatly jümleleri aýawly saklap biziň günlerimize çenli getiripdir.
Türkmenleriň arasynda atyň we adamyň haýran galaýmaly arabaglanyşygynyň öz ähmiýetini häzirki wagtda, ylmy-tehniki öňe gidişlik döwründe hem ýitirmändigi bellärliklidir. Şu sebäpli hem durmuşymyzda bolup geçýän oňyn özgerişlikleriň batly depginini suratlandyrmak üçin biz köplenç halatda adata öwrülip giden «bedew bady bilen» diýen sözleri gaýtalaýarys. Şu sözler hakykatdanam, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkyň ruhuny hem-de döwletimiziň, jemgyýetimiziň, ykdysadyýetimiziň ösüşiniň ýokary depginlerini dürs hem has aýdyň şöhlelendirýär.
Gadym döwürlerden bäri bedew aty bereketiň hem-de abadançylygyň nyşany hasaplaýan halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlaryndan ugur alsak, täze ýylyň ilkinji günlerinde açyk reňkli taýçanagyň dünýä inmegi— 2017-nji ýylda biziň Watanymyzyň öňe gidişligiň we gülläp ösüşiň belentliklerine barýan ýolda gazanjak ägirt uly üstünlikleriniň ýene bir oňat alamaty bolup durýar. Dünýä ýüzüne «behişdi» bedewleri sowgat eden türkmen halkynyň şeýle ajaýyp üstünlikleri gazanjagyna şek-şübhe bolup bilmez.