13.9 C
Aşkabat
22.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar SAGLYK

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk Ýoluny Geçdi

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň özboluşly belent gerişlerinden çekilen Saglyk ýoluny geçdi. Munuň özi milli jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde döwlet Baştutanymyzyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak babatdaky nusgalyk göreldesiniň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Halkymyzyň abadançylygy, onuň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, beden we ruhy taýdan sagdyn, berk bedenli ýaş nesli kemala getirmek baradaky hemmetaraplaýyn alada Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmek boýunça çäreler yzygiderli guralýar.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda watandaşlarymyza, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaş nesillere şahsy görelde görkezýär. Diýarymyzda döredilýän ýokary derejeli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan türkmen türgenleri halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler. Ýurdumyz sebit we dünýä derejeli sport ýaryşlarynyň, abraýly bäsleşikleriň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrülýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça gurulýan bilim we terbiýeçilik edaralarynyň sport zallaryny we meýdançalaryny bu desgalaryň taslamalary işlenip taýýarlanylýan döwründe enjamlaşdyrmak, zerur täzeçil tehnologiýalar bilen üpjün etmek meselesine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşaýyş toplumlarynyň ýanaşyk çäklerinde sport bilen meşgullanmak üçin hem ähli şertler göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň obalarynda we şäherçelerinde gurulýan durmuş düzümleriniň hataryna sport desgalary hem girizilýär.

Ministrler Kabinetiniň 2019-njy ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda sportuň kuwwatly maddy-enjamlaýyn binýady döredildi, sagdyn durmuş kadalarynyň berkidilmegi ileri tutulýan ugur hökmünde yglan edildi. Milli Liderimiz ýaşlary işjeň çekmek arkaly, sportyň we bedenterbiýäniň mundan beýläk-de ösdürilmelidigini belledi.

Watanymyzda türkmenistanlylar tarapyndan dünýä bileleşigi bilen bilelikde, her ýyl 7-nji aprelde giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp guralýan dabaralara giňden taýýarlyk görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, ýurdumyzda umumymilli sport çäreleriniň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi, olar ähli ýaşdaky hem-de kärdäki adamlary – ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet düzümleriniň, durmuş – medeni ulgamyň işgärlerini, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň wekillerini, talyplary hem-de mekdep okuwçylaryny birleşdirýär.

Köpetdagyň eteginde gurlan Saglyk ýoly sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdarlarynyň, aşgabatlylaryň hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynyň köpçülikleýin dynç alýan künjegine, iri sport-köpçülikleýin we medeni çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Bu ýerden Aşgabadyň keşbi has-da gözel görünýär. Ak mermerli paýtagtymyzyň belent binalary, özboluşly binagärlik keşbine eýe bolan desgalary, köpsanly suw çüwdürimleri we seýilgähleri bir bitewi sazlaşygy döredrýär. Milli Liderimiziň tagallasy bilen, ösüş ýoluna düşen Aşgabadyň gözelligi görenleri haýran galdyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şähergurluşyk maksatnamasy yzygiderli we oýlanyşykly ylmy esasda amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde, şäheriň durky täzelenýär we döwrebaplaşdyrylýar. Paýtagtymyz döwrebap amatlyklary bolan ýaşaýyş jaý toplumlary, edara ediş binalary we beýleki desgalary bilen öz çäklerini barha giňeldýär.

Şu günler Saglyk ýolunyň töwerekleri bahar paslynyň golaýlap gelýändigini buşlaýar. Ýakyn wagtda bu ýerlere baglar we ösümlikler gül açyp, dürli öwüşgünli, özboluşly bezeg berer.

Diýarymyzda tebigaty goramak meselesine ägirt uly üns berilýär. Ekologiýa howanyň üýtgemegi ýaly döwrüň wehimlerine jogap hökmünde ählumumy tagallalara özüniň mynasyp goşandyny goşýan Türkmenistanyň durnukly ösüş strategiýasynda möhüm orun eýeleýär.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek asylly däbe öwrüldi. Bu çäre Türkmenistanyň bagy-bossanlyga bürenmegine ýardam edýär. Paýtagtymyzyň töwereklerinde we dag eteklerinde bu parz iş yzygiderli geçirilýär. Şonuň netijesinde bu ýerlerde tokaý zolaklary kemala gelýär.

… Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk ýolunyň tutuş dowamynda ýanaşyk çäkleriň abadanlaşdyrylyşyny, şol sanda belent dag gerişlerinden demirgazyga uzaýan giňişlikleri, bu künjekde döredilen tokaý zolaklaryny synlady.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ynsan kalby üçin tenekar bolan tämiz dag howasy, tebigatyň ajaýyp görnüşleri adamlaryň saglygy üçin wajypdyr, çünki munuň özi ynsanyň ruhuny göterýär.

Hormatly Prezidentimiz Saglyk ýoluna ýörişini tamamlap, bu ýerden ugrady.

* * *

Düýn köp kiometr aralyklara uzap gidýän Saglyk ýoluny geçip, onda maşklary ýerine ýetiren milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň göreldesine eýerilip, bu ýol boýunça köpçülikleýin ýöriş guraldy.

Dynç güni ir bilen Giňdiwaryň etegindäki meýdança Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň we ýörite hünär okuw mekdepleriniň talyplary, köpsanly zähmetkeş toparlarynyň wekilleri ýygnandylar.

Joşgunly aýdym-sazlar, türgenleriň görkezme çykyşlary bu çärä gatnaşýanlarda baýramçylyk duýgusyny döretdi. Ine-de, belent ruhubelentligi ýaran edinenler dag gerişleri bilen uzaýan ýola düşdüler.

Ýaşlaryň arasynda Saglyk ýoluny geçmek boýunça bäsleşik guraldy. Ýaş oglan- gyzlar uly ruhubelentlik bilen ýokary netije görkezmek üçin tijenip başladylar. Umuman, bu gezekki ýörişe 5 müňe golaý adam gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli üns bermegi netijesinde, bu gün Türkmenistanda sportuň muşdaklarynyň sany artýar hem-de onuň jemgyýetdäki orny we ähmiýeti ýokarlanýar. Diýarymyzda sporty ösdürmek we sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak ýörelgesiniň baş maksady sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanýanlaryň sanyny artdyrmakdan, aýratyn-da, bu ugra çagalaryň, ýetginjekleriň we ýaşlaryň işjeň gatnaşmaklaryny gazanmakdan ybaratdyr.

Soňky ýyllarda milli sport-sagaldyş hereketini höweslendirmek we ösdürmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirildi, onuň köpugurly mümkinçilikleri artdyryldy. Türkmen türgenleri bütindünýä sport hereketine barha işjeň gatnaşýarlar. Ýurdumyzda iri halkara bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.

Paýtagtymyzda we Diýarymyzyň sebitlerinde häzirki zaman sport toplumlary, stadionlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri we beýlekiler guruldy. Milli at üstündäki oýunlaryň meşhurlygy artýar. Ähli welaýatlarda döwrebap atçylyk sport toplumlary hereket edýär.

Paýtagtymyzyň we welaýatlaryň iň gözel künjeginde gurlan özboluşly Saglyk ýoly sport-sagaldyş düzüminiň esasy desgalarynyň biridir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk ýoluny yzigiderli geçýär. Bu Saglyk ýoly dürli ýaşdaky adamlara diňe bir saglygyňy berkitmäge däl, eýsem, aýratyn-da şäher ilaty üçin wajyp bolan tebigata has ýakynlaşmaga-da mümkinçilik berýär.

Yzygiderli geçirilýän köpçülikleýin welosipedli ýörişler ähli watandaşlarymyz üçin saglygyny berkitmekde, beden we ruhy kämilligi üpjün etmekde möhüm bolup durýar. Hut şoňa görä-de bu ugra we beýleki bedenterbiýe hem-de sport çärelerine türkmenistanlylaryň müňlerçesi uly höwes bilen gatnaşýar.

Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary Saglyk ýoluna çykýanlaryň ruhuny göterdi. Olar joşgunly owazlary bilen hormatly Prezidentimiziň ýolaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gazanýan üstünliklerini wasp etdiler.

Saglyk ýolunyň tamamlanýan ýerinde türgenleriň görkezme çykyşlary guraldy. Şu ýerde bu ýoly geçmekde has tapawutlananlary sylaglamak dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň göreldesi bilen ruhlanan ýaşlar beýleki watandaşlarymyz ýaly milli Liderimiziň sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça başlangyçlaryny uly höwes bilen goldaýarlar.

tdh

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Mejlisi Oýlap Tapyşlaryň Intellektuallygyň Çäklerindäki Hukuk Goragy Hakyndaky Karary Kabul Etdi

Aşgabadyň Iň Baýry AÝGB-nyň Durky Täzelenýär

Kerim Gurbannepesowyň ömri

syrach