Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň gündogar sebitine iş saparynyň barşynda Amyderýa jülgesiniň senagat we ulag düzüminiň iri gurluşyklarynda işleriň ýagdaýy, durmuş-ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilişi hem-de Lebap welaýatynyň dolandyryş merkeziniň ösüşi bilen tanyşdy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu sebitde, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, uly özgerişlikler, şol sanda halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak, bereketli we sahy türkmen topragynyň baýlyklaryny rejeli hem-de netijeli peýdalanmak bilen bagly özgerişlikler bolup geçýär. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň milli ykdysadyýetimizi özgertmek boýunça başyny başlan özgertmeleriniň strategiki wezipesi bolup durýar. Garlyk şäherçesinde kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurluşygy, demir hem-de awtomobil ýollary arkaly haryt dolanyşygynyň möçberlerini we eksportuny, ýük daşamagy hem-de ýolagçy gatnatmagy artdyrmakda täze mümkinçilikleri açýan, Amyderýanyň üstünden geçýän täze köprüleriň gurluşygy hem şu wezipäni çözmek bilen gös-göni baglydyr.
Türkmenabat şäheri hem düýbünden täze keşbe eýe boldy. Bu ýerde bolup geçýän durmuş-ykdysady we medeni özgertmeler alnyp barylýan gurluşyk işleriniň geriminde hem öz beýanyny tapýar. Saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň gurulmagy durmuş maksatly binalary gurmagyň möhüm ugry bolup, onuň ösdürilmegi netijesinde türkmenistanlylar üçin ýokary halkara ölçegleriniň derejesinde lukmançylyk hyzmatlarynyň giň topary elýeterli boldy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwrebap tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagyny, täze ylmy açyşlary, tutuş dünýäde keselleriň häsiýetiniň üýtgemegini nazara almak bilen, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatyny has-da gowulandyrmak diňe saglygy goraýyş ulgamynyň innowasion taýdan ösdürilmegi şertlerinde, ýagny oňyn işleriň we usullaryň esasynda mümkindir.
Ony amala aşyrmagyň çäklerinde hem-de beýleki iri möçberli özgertmeleriň geçirilmeginiň çäklerinde, soňky ýyllarda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde üpjünçiligi we edýän hyzmatlary boýunça dünýä ölçeglerinden pes bolmadyk döwrebap hassahanalar hem-de ylmy-kliniki merkezler guruldy hem-de gurulmagy dowam edýär, lukmançylyk we şypahana ugurly dürli edaralaryň durky täzelenýär, sahawatly türkmen topragynda ösýän melhemlik ösümliklerden dermanlary öndürýän kärhanalar açyldy, dünýäniň iri lukmançylyk merkezleri hem-de ylmy-barlag edaralary bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Diňe paýtagtymyzdaky Halkara lukmançylyk merkezleriniň müdiriýetiniň Kardiologik merkezini, Içki keseller halkara merkezini, Halkara kesel anyklaýyş merkezini, Kelle we boýun kesellerini bejerýän halkara merkezini, Göz keselleri, Stomatologiýa we beýleki merkezleri öz içine alýar. Paýtagtymyzda Halkara okuw – ylmy merkez, ylmy-kliniki kardiologiýa merkezli hassahana hem-de Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi hereket edýär. Şonuň ýaly merkezler Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda hem açyldy.
Geçen ýyl Aşgabatda Morfologiýa merkezi, Newrologiýa merkezi, Aýratyn howply keselleriň öňüni alyş merkezi hem-de Döwlet arassaçylyk-keselleriň ýaýramagynyň öňüni alyş gullugynyň Tejribe-önümçilik we azyk merkezi ulanmaga berildi. Bu innowasion görnüşli edaralaryň hemmesi ýokary tehnologiýalaryň we ylmy gazanylanlaryň esasynda işleýär.
2015-nji ýylda açylan Enäniň we çaganyň saglygyny goraýan ylmy-kliniki merkez häzir ýurdumyzyň iri lukmançylyk edarasy bolup durýar. Onuň 7 gatly toplumy 670 orunlyk bolup, 28 bölümi öz içine alýar.
Häzir Türkmenabatda 836 orunlyk köpugurly hassahana bina edilýär. Ol diňe ýurdumyzda däl-de, eýsem, Merkezi Aziýada iri hassahanalaryň biri bolar. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu möhüm gurluşykda işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň iri edaralarynyň düýbüni tutmak, ulanmaga bermek ýaly dabaralara yzygiderli gatnaşyp, şeýle hem desgalary gurmagyň we enjamlaşdyrmagyň tapgyrynda olara hut özi gözegçilik edýär. Bularyň hemmesi ýurdumyzda halkyň saglygy we abadançylygy barada edilýän alada, her bir raýatyň bähbitleriniň goralmagyna näderejede üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek hem-de ösdürmek, degişli düzümi döwrebaplaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýaramak döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan hem-de “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň çäklerinde geçirýän özgertmeleriniň möhüm ugurlarydyr.
Soňky birnäçe ýylyň dowamynda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän lukmançylyk edaralarynyň ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, hatda alys obalarda-da gurlandygyny hem-de bina edilýändigini bellemek gerek. Munuň özi ilata ýerlerde ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermäge mümkinçilik döredýär.
Bularyň hemmesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur oýlanyşykly, durmuş ugurly syýasatynyň ajaýyp miweleri bolup, dünýä bileleşiginiň hem-de esasy halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň we onuň iri düzümleriniň—Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň hem-de Türkmenistanyň işjeň we netijeli hyzmatdaşlyk edýän beýleki guramalarynyň giňden ykrar etmegine mynasyp boldy.
…Irden döwlet Baştutanymyz Türkmenabat şäheriniň günorta bölegindäki gurluşyk meýdançasyna geldi. Bu ýerde 836 orunlyk köpugurly welaýat hassahanasy—ýurdumyzda iň uly we Merkezi Aziýada iri hassahana bina edilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Nahal” hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan bina edilýän saglygy bejeriş toplumy esasy binalaryň ikisini öz içine alýar. 676 orunlyk 5 gatly binada hassahananyň esasy bölümi, 3 gatly 160 orunlyk binada bolsa ýokanç keselleri bölümi ýerleşer. Bu ýerde eýýäm gurluşyk-gurnama işleri tamamlandy hem-de içki we daşky timarlaýyş, lukmançylyk enjamlaryny oturtmak işleri alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyz 47,6 müň inedördül metrden gowrak meýdany eýeleýän hassahananyň çäklerini synlap, bu özboluşly toplumyň diňe ýurdumyzdan däl-de, eýsem, daşary döwletlerden, ozaly bilen, goňşy ýurtlardan–Owganystandan bolan näsaglary kabul etmäge mümkinçilik berjekdigini belledi.
Mälim bolşy ýaly, asyrlarboýy türkmen halkyna mahsus bolan ýokary ynsanperwer gymmatlyklaryna eýe bolan ýurdumyz Owganystana ynsanperwer kömegini yzygiderli ugradýar, onuň durmuş-ykdysady düzümini dikeltmekde uly goldaw berýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen türkmen tarapynyň serişdeleriniň hasabyna Owganystanda mekdep, saglyk öýi hem-de çaga dogrulýan öý gurlup, ýerli saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamak üçin oňa lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň topary, lukmançylyk hem-de beýleki zerur bolan serişdeler ugradyldy. Şeýlelikde, Türkmenistan goňşy ýurtda bäbekhana gurmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň işlemegini hem öz howandarlygyna aldy.
Mundan başga-da, döwletara ylalaşyklarynyň esasynda Türkmenistanyň dürli okuw mekdeplerinde owgan talyplarynyň onlarçasy bilim alýar. Olar dürli hünärlere eýe bolýarlar.
Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak maksady bilen güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygy alnyp barylýar. Häzir türkmen elektrik energiýasy ýeňillikli şertlerde Eýran Yslam Respublikasynyň demirgazyk welaýatlaryna iberilýär. Goşmaça energiýa kuwwatlyklarynyň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen bolsa Türkmenistan Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini ep-esli artdyrmaga taýýardyr.
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy ikitaraplaýyn gatnaşyklarda uly ähmiýete eýedir. Bu giň gerimli energetiki taslamanyň amala aşyrylmagy owgan ykdysadyýetini ösdürmäge, maýa goýumlaryny çekmäge, ileri tutulýan durmuş meselelerini çözmäge, täze iş orunlaryny döretmäge gös-göni ýardam eder.
Iki aý mundan ozal Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda Atamyrat-Ymamnazar-Akina täze demir ýolunyň açylyş dabarasy boldy. Mahlasy, türkmen halky hoşniýetli goňşy hökmünde doganlyk owgan halkynyň kynçylyklaryna raýdaşlyk bildirýär hem-de parahatçylygy we durnuklylygy gazanmakda onuň tagallalaryny hemmetaraplaýyn goldaýar.
Döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara täze lukmançylyk merkezinde daşary ýurtly näsaglaryň bejergi almagy bilen bagly guramaçylyk meselelerini göz öňüne almagy, ylmy-usulyýet hem-de hassahanany işgärler bilen üpjün etmek, bu ýerde işlemek üçin ýokary derejeli hünärmenleri çekmek, onuň paýtagtymyzdaky we daşary ýurtlardaky ugurdaş hassahanalar bilen ýakyn gatnaşyklaryny ýola goýmak barada tabşyryklary berdi.
Baş binanyň zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýöriteleşdirilen bölümleriň ençemesini öz içine alýan köpugurly hassahananyň çyzgylara we maketlere geçirilen gurluşy bilen tanyşdy.
Esasy binada funksional- anyklaýyş, rentgen –radiologiýa, trawmotologiýa, neýrohirurgiýa, oftolmologiýa, lor/stomotalogiýa, urologiýa, nefrologiýa, pulmanologiýa, hirurgiýa we
laporoskopiýa, reanimasiýa, operasiýa bölümleri,
barlaghanalar, gan banky we beýlekiler ýerleşer.
Ýokanç keselleri binasynda ulular we çagalar üçin bejeriş bölümleri, fizioterapiýa, operasiýa, reanimasiýa, çaga dogrulýan bölümi bar. Degişli barlaghanalar we sterilizasiýa üçin otaglar, tiz kömek gullugy, howply keseller bölümi göz öňünde tutuldy.
Potratçy kompaniýanyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza desganyň gurluşygynda ýerine ýetirilen hem-de alnyp barylýan işler barada hasabat berip, ähli şertnamalaýyn şertleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetiriljekdigine ynandyrdy hem-de döwlet Baştutanymyza bildirýän ýokary ynamy we telekeçilige berýän goldawy üçin çäksiz hoşallyk bildirdi.
Köpugurly hassahana näsaglara ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermek, keselleri öz wagtynda anyklamak hem-de köp keselleriň öňüni almak we bejermek meseleleri boýunça ylmy barlaglary geçirmek üçin ähli mümkinçiliklere eýe bolar.
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçysynyň gürrüň berşi ýaly, ähli bölümler hem-de barlaghanalar dünýäniň meşhur lukmançylyk tehnikasyny öndürýän kompaniýalarynyň kämil enjamlary bilen üpjün ediler. Saglygy bejermegiň barşynda iň gowy netijäni gazanmak üçin keseli anyklaýyş we laboratoriýa barlaglarynyň kompýuterleşdirilen ulgamlary ulanylar. Şeýle gurluşlaryň biri PRS – barlaghanasy bolup, ol ýokary takykly seljermeleri geçirmäge hem-de keseliň irki döwründe infeksiýalaryň dürli görnüşlerini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Edil şonuň ýaly programmaly toplum Aşgabatdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýan ylmy-kliniki merkezde hem hereket edýär. Emma Lebap hassahanasynda ol has kämilleşdirilen görnüşde bolar. Tutuş Merkezi Aziýa sebitinde şeýle enjamlary barmak basyp sanaýmalydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow näsaglary tiz getirmek zerurlygy ýüze çykan ýagdaýlarynda lukmançylyk awiasiýasyny ulanmak üçin toplumyň üçeginde dikuçar meýdançasyny gurmagy, şeýle hem saglygy goraýyş işgärleriniň näsaglaryň hajatlaryna öz wagtynda täsir edip bilmegi, näsaglary bejermegiň hilini ýokarlandyrmak we hyzmat etmek üçin hassalaryň otagynda aragatnaşyk ulgamyny, gepleşik geçirilýän gurluşlary ulanmak mümkinçiliklerini göz öňünde tutmagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz desgany synlap, bu ýerde ýaş lukmanlary okatmak üçin şertleriň we mümkinçilikleriň döredilişine aýratyn üns berdi.
2016-njy ýylyň iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda lukmançylyk şäherjiginiň golaýynda saglygy goraýyş işgärleri üçin döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygyna dabaraly ýagdaýda badalga berdi. Häzir saglygy bejeriş binalary bilen ugurdaş saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri üçin 200 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumy bina edilýär. 3 we 4 otagly öýleri bolan ýokary amatlykly 4 gatly jaýlaryň 6-sy, şeýle hem durmuş we sport maksatly desgalar bina ediler.
Lukmançylyk şäherjigini 2017-nji ýylyň ahyrynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň, saglygy goraýyş ulgamyny sazlaşykly ösdürmegiň nobatdaky mysaly bolar. 2008-2016-njy ýyllarda Lebap welaýatynda döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze hassahanalaryň, saglyk öýleriniň we sagaldyş merkezleriniň 46-sy ulanmaga berildi.
Sanitar kadalarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek hem-de keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ýurdumyzda görülýän çäreler, BMG-niň Çagalar gaznasy (UNISEF) hem-de beýleki halkara guramalary bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edilmegi bize çaga ysmazy, drakunkulýoz, gyzzyrma ýaly howply ýokanç keselleriň soňuna çykylmagyna hem-de degişli halkara güwänamalaryny almaga mümkinçilik berdi.
Şeýle hem bu çäreler käbir beýleki ýokanç keselleriň hem öňüni almaga mümkinçilik berdi diýip, döwlet Baştutanymyz soňra desganyň gurluşykçylary bilen geçiren söhbetdeşliginde onuň ähmiýetiniň uludygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, döwletimiz türkmenistanlylaryň saglygyny goramaga hem-de saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli ösdürmäge uly üns berer. Çünki, saglykadama peşgeş berlen uly baýlykdyr. Saglygy goraýyş hem-de bilim – bular jemgyýetimiziň binýatlyk ulgamlarydyr diýip, döwlet Baştutanymyz ýaş işçilere öz bilimlerini artdyrmagy, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmegi, işde we durmuşda üstünlikleri arzuw etdi. Bilimli nesil – kuwwatly Watan diýip, hormatly Prezidentimiz häzir tehnologiýalaryň kämilleşdirilmegine hem-de gurluşyk işleriniň hiline has ýokary talaplaryň bildirilýändigini, munuň üçin bolsa tehniki taýdan sowatly hünärmenleriň zerurdygyny aýtdy.
Her bir adam ýagşy at galdyryp, adamlara, ýurdumyza peýdaly işler arkaly durmuşda öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmelidir. Täze jaýlar, mekdepler, hassahanalar, ýollar, köprüler–bularyň hemmesi ýagşy işleriň, döredijiligiň miweleridir diýip, döwlet Baştutanymyz gurluşykçylara asylly işleri üçin minnetdarlyk bildirip, bu işe beýleki ýurtlaryň ýaşaýjylarynyň hem gowy baha berjekdigine ynam bildirdi. Olar Türkmenabadyň döwrebap lukmançylyk merkezine bejergi almak üçin gelerler. Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlar bilen gürrüňdeş boldy.
Şu günki duşuşygyň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň barşynda geçirilmeginiň özi döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hökmünde berlen sowallaryň häsiýetini şertlendirdi. Olar Lebap welaýatyny ösdürmek bilen bagly meseleleri hem öz içine aldy. Duşuşyga gatnaşyjylar her sowala diňe sebit derejesinde däl-de, eýsem, has giň görnüşde jogap aldylar: çünki welaýat üçin ähmiýetli bolan her bir zat tutuş ýurdumyz we halkymyz üçin ähmiýetli bolup durýar.
Mysal üçin, Amyderýanyň üstünden geçýän köprüler barada gürrüň gozgalanda, tutuş ýurdumyzyň üstaşyr-ulag mümkinçilikleri bilen bagly meseleler hem-de olary amala aşyrmakda Lebap welaýatynyň orny baradaky mesele örboýuna galdy. Häzir hereket eýdän üç köpriniň üstüne ýene-de demir ýol we awtomobil köprüleri goşular.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Orta Aziýanyň uly derýasy bolan Amyderýa gözbaşyny Hindiguş daglaryndan alyp gaýdýar. Şol ýerde buzlaryň eremegi bilen netijesinde suw dagdan aşaklygyna akyp, soňra Turan çöketliginden geçip, peýdaly zatlary – mineral we organiki maddalaryň örän uly möçberini emele getirýär. Şonuň üçin Amyderýanyň suwy hemişe şypaly aýratynlyklary bilen tapawutlanyp, onuň hanasynyň ugrunda beýik döwletler döräpdir hem-de Beýik Ýüpek ýoly geçipdir.
Emma Amyderýanyň özboluşly häsiýeti hem bolupdyr, onuň suwynyň joşup, derýanyň hanasynyň üýtgemegi hem-de kenarlarynyň ýuwulmagy netijesinde, gadymy döwürlerde ony “Jeýhun” derýa diýip hem atlandyrypdyrlar.
Gadymy grek we rim taryhçylary Orta Aziýanyň beýik derýasyny Oks ýa-da Oksus diýip atlandyrypdyrlar, şeýdip, derýanyň gadymy atlarynyň biri bolan Oguz sözüni ýoýupdyrlar. Amyderýa häzirki adyna orta asyrlarda eýe bolup, onuň esasyny Amul şäheriniň ady (häzir Türkmenabat) hem-de “derýa” sözi düzýär.
140 ýyl mundan ozal (1887-nji ýyl) häzirki Türkmenabat şäheriniň golaýynda 4 aýyň içinde uzynlygy 2 kilometrden gowrak bolan agaç köprini gurupdyrlar. Şondan 15 ýyl geçenden soň bolsa, şol agaç köprüniň ýerinde özboluşly demir ýol köprüsini gurupdyrlar, ol adamlara 100 ýyldan gowrak hyzmat etdi.
Döwlet Baştutanymyz taryhy maglumatlary getirip, garaşsyzlyk döwründe bu beýik derýanyň üstünden geçýän ýeke-täk köpriniň üstüniň ýene-de 3 sany döwrebap köprüler bilen ýetirilendigini, olaryň dostlukly goňşy özbek halky bilen özara gatnaşyklary has-da ýakynlaşdyrandygyny belledi.
Bu inženerçilik-tehniki desga biziň häzirki isleglerimizi doly kanagatlandyrýar, emma halkara logistik merkezi hökmünde Türkmenistany ösdürmegiň uzakmöhletleýin maksatnamany nazara alanyňda, köp şahaly döwletara ulag ýollaryny döretmek wezipelerini öňe sürýär. Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleriniň öňde boljak açylyşy bolsa ýurdumyzyň çäginden geçirilýän ýükleriň we ýolagçylaryň ep-esli artmagy üçin şert döreder.
Ulag ulgamynda bu we beýleki taslamalar durnukly ösüş boýunça ählumumy gun tertibine doly degişlidir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.
Şeýle hem söhbetdeşligiň barşynda Lebap welaýatynda belli tebigy we taryhy ýadygärlikler, hususan-da, Garlyk toplumynyň ýerleşýän Köýtendag etraby barada hem agzaldy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň saýlawyň öňüsyrasyndaky maksatnamasynda gözel ýerlerde, şol sanda Amyderýanyň kenarynda türkmen hem-de daşary ýurtly syýahatçylar üçin dynç alyş merkezlerini döretmek hem bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Lebapda sebitiň ýaşaýjylarynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjek pudak hökmünde syýahatçylygy ösdürmegiň ýollaryna öz garaýyşlaryny duşuşyga gatnaşyjylara beýan etdi.
Ekologiýa syýahaty dünýä jahankeşdeliginde iň bir derwaýs ugurlaryň biridir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy hem-de dynç alşyň we syýahatyň bu görnüşi ençeme nukdaýnazar boýunça, ýagny jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini we işjeň dynç alşy ýola goýmakda, tebigy we goraghana zolaklaryny goramakda peýdalydyr diýip belledi. Bu ykdysady nukdaýnazardan hem bähbitlidir. Çünki işler dogry ýola goýlanda munuň özi içerki we daşarky maýa goýumlaryny çekmäge mümkinçilik berer.
Dogrudan-da, Lebap welaýaty Köýtendagyň dinazawrlaryň aýak yzlary saklanyp galan ajaýyp belent tekizligi, seýrek duş gelýän jülgeleri we gowaklary bilen dünýäde meşhurdyr. Tebigat bu täsinlikleri müňlerçe we millionlarça ýyllaryň dowamynda döretdi. Owadan stalaktitler we stalagmitler, ýerasty derýalar we köller–bular haýran galdyryjy ajaýyp dünýädir.
Garlyk gowaklarynyň ýerleşen Köýtendagyň dag gerişleri hem UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň ýadygärlikleri derejesine mynasyp tebigy biologiki gözellik hökmünde gymmatlydyr. Şeýle hem bu tebigy gymmatlyklaryň hataryna gadymy döwürden bäri belli bolan Haşymoýuk gowagyny hem goşmak bolar. Taryhçylaryň köpüsi dünýä taryhynda beýik ýeňijileriň biri bolan Temirleňiň aramgähini bezemek üçin mermer oniksi hut şu gowakdan alypdyrlar diýip çaklaýarlar. Gowak gorag astyna alyndy hem-de UNESKO-nyň täsin tebigy geologiýa desgalarynyň sanawyna girizildi.
Ýurdumyzyň iň beýik dag nokady Köýtendagda ýerleşýär. Bu Aýrybaba depesidir (3137,7 metr). Şeýle hem Türkmenistanyň iň çuň köli Ketdeköl (59 metr) hem bu ýerde ýerleşýär. Ýurdumyzyň çäklerindäki iň gadymy agaç Hojagarawul jülgesinde ösýär. Bu gadymy tut agajynyň ýaşy 1000 ýyla barabardyr. Köýten şäherçesinde 800 ýyl ýaşan ägirt uly çynar agajy bar.
Lebabyň keramatly ýerlerine, meselem, bejeriji häsiýetlere eýe bolan iki sany kükürtwodorod gözbaşlary bolan “Gaýnarbaba” çeşmesine zyýaratçylaryň yzy üzülmeýär. Ekologiýa syýahatçylygyna höwesjeňlerde Repetek biosfera goraghanasy hem uly gyzyklanma döreder. Bu goraghananyň işgärleri Garagumuň haýwanat we ösümlik dünýäsini aýawly goraýarlar hem öwrenýärler.
Bu Türkmenistanyň gündogar welaýatynyň gözellikleriniň diňe bir bölegi. Bu sebit syýahatçylygy, hususan-da, ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmek üçin örän uly mümkinçilikli ýerdir. Ýöne içerki we daşarky syýahatçylary netijeli höweslendirmek üçin bize ähli amatlyklary bolan döwrebap dynç alyş merkezleriniň giden ulgamyny gurmagy göz öňünde tutmak gerek diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Ekologiýa barada gürrüň “Altyn asyr” Türkmen köli hakyndaky söhbetdeşlikde hem dowam etdi. Onuň birinji nobatdakysynyň işe girizilmegi eýýäm şor suw akabalarynyň golaýyndaky ençeme meýdany özgertdi. Akabalarda eýýämden balyklar peýda boldy. Mundan birnäçe ýyl ozal olaryň 7-8 görnüşi hasaba alnypdy. Häzirki wagtda bolsa, ekologlar olaryň 36 görnüşiniň bardygyny hasaba aldylar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy hem-de ol oba hojalyk meýdanlaryny giňeltmek hem-de topragy gurplandyrmagyň netijeli ugry hökmünde galofit ösümlikçiligini ösdürmegiň möhümdigini hem ýatlap geçdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sowallara jogap berip, Lebapda gazylyp alynýan peýdaly serişdeleriň känlerini işlemegiň mümkinçiliklerini hem-de olaryň ýurdumyzy senagatlaşdyrmakdaky, ýerli çig malyň esasynda taýýar önümiň önümçiligini ýokarlandyrmakdaky ähmiýetini beýan etdi.
Lebap hem ýurdumyzyň beýleki welaýatlary ýaly ýerasty baýlyklaryň– uglewodorod we mineral serişdeleriň, gymmat bahaly metallaryň, gymmat bahaly daşlaryň we beýlekileriň mekanydyr. Döwlet Baştutanymyz Garlygyň ýakyn wagtlarda bu ýerde açylan kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryş toplumy netijesinde dünýä meşhur boljakdygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gatlaklaryny özleşdirmek hem-de olary düýpli gaýtadan işlemek boýunça senagat toplumlaryny gurmak syýasatyny mundan beýläk hem dowam etjekdigini belledi hem-de bularyň hemmesiniň döwletimiziň gaznasyna girýän altyn walýuta serişdelerini artdyrjakdygyny aýtdy. Şunuň bilen birlikde, bu serişdeleriň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygara laýyklykda, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdiriljekdigi nygtaldy.
Duşuşyga gatnaşyjylaryň aglabasyny sebitiň durmuş düzüminiň, hususan-da, täze özleşdirilýän ýerlerdäki ösüşi gyzyklandyrdy. Döwlet Baştutanymyz saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasynda “Altyn asyr” Türkmen kölüne barýan şorsuw akabalarynyň ugrunda ilatly ýerleri döretmek barada hem agzalýandygyny belläp, täze şäherçeleriň gurluşygynda hökmany suratda durmuş desgalarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, saglygy goraýyş edaralarynyň we beýlekileriň göz öňünde tutuljakdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz medeni-aň bilim edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň has hem wajypdygyny belledi. Çünki olar milli mirasy aýawly saklamagyň merkezi ruhy ojagy bolup durýar.
Bu obalardaky täze kärhanalar ilaty iş orunlary bilen üpjün eder. Şonuň üçin-de adamlar bu ýerlere höwes bilen göçüp gelerler.
Şunda döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş, bilim, ekologiýa ýa-da şäher gurluşygy ulgamynyň haýsynda bolanda hem ähli giň göwrümli meseleleri çözmäge ylmy esasda çemeleşmelidigine ünsi çekdi. Muňa “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny özgertmäge çemeleşmeler mysal getirildi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz özüne dürli ugurlar boýunça sowallar beren ýaş işçi hünärmenleriň gyzyklanmalarynyň örän giňdiginiň diýseň begendirendigini aýtdy. Bu olaryň kämilleşendiginden we jemgyýetimiziň ösüşiniň ýokary derejedediginden habar berýär. Elbetde, söhbetdeşlik gyzykly, çyn mazmunly hem-de peýdaly boldy.
Söhbetdeşlik wagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözüniň joşgunly elçarpyşmalar bilen birnäçe gezek arasynyň bölünendigini belläp geçmek gerek. Duşuşyga gatnaşyjylar şeýle etmek bilen, özleriniň döwlet Baştutanymyzyň pikirlerini we garaýyşlaryny gyzgyn goldaýandyklaryny äşgär etdiler. Haçanda ol öz jogaplarynyň birinde Magtymgulynyň goşgusyndan setirleri getirende, ony hemmeler bilelikde alyp göterdi. “Jeýhun bilen Bahry Hazar arasy…”
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti duşuşyga gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady hem-de Türkmenabadyň çäginde gurluşygy dowam edýän desgalaryň ýagdaýy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz
gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basan Türkmenabat-Farap awtomobil we demir ýol köprüleriniň bina ediliş aýratynlyklary bilen tanyşdy.
Demir ýol köprüsiniň uzynlygy 1750 metre, awtomobil köprüsi bolsa 1600 metre deň bolup, onuň gatnaw ýolunyň ini 21,5 metre barabardyr.
Köprüleriň ganatlarynyň beýikligi olaryň aşagyndan derýa gämileriniň bökdençsiz geçip bilmegine mümkinçilik berer.
Hereket howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, ortadaky bölüji zolakdan başga-da, awtomobil köprüsiniň iki ujunda köprüden düşýän ýa-da gapdaldaky awtomobil ýollaryndan oňa münýän awtoulaglaryň hereketini päsgelçiliksiz üýtgetmegi üçin ýol aýrytlary göz öňünde tutuldy. Köprüniň gurluşygynda ulanylýan döwrebap gurluşlar häzirki döwürde iň täze gurluşlardyr. Şunda amala aşyrylýan tehniki çözgütlerde ýurdumyzyň çägindäki howa we geologiki şertler göz öňünde tutulýar.
Amyderýanyň iki kenaryny birleşdirýän döwrebap ulag geçelgeleriniň inženerçilik-tehniki we ulanyş görkezijileri babatda köpri gurluşygy halkara kadalaryna laýyk gelýär. Gurluşyk işlerinde seýsmiki taýdan ygtybarly we beýleki tehniki görkezijilere doly laýyk gelýän berk gurluşlar ulanylýar.
Şeýlelik bilen, Jeýhunyň üstünden geçýän bu täze ulag geçelgesi Ýewropany we Aziýany baglanyşdyrýan ulag- aragatnaşyklarynyň halkara ulgamynyň “altyn halkasyna” öwrülmegine gönükdirilendir. Gadymy wagtlarda şu ýerlerden Beýik Ýüpek ýolunyň kerwen ugurlarynyň geçendigi özboluşly mana eýedir. Şol ýol Gündogaryň we Günbataryň halklarynyň medeni we söwda hyzmatdaşlygynyň ýoly bolup hyzmat etdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu ýol ählumumy ösüşiň bähbidine gaýtadan dikeldilýär.
Mundan başga-da, gurulýan täze köpriler Amyderýanyň sag kenarynyň baý mineral çig mal serişdelerini tiz özleşdirmek boýunça maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde bahasyna ýetip bolmajak hyzmaty ýerine ýetirer. Bu kenarda iri senagat toplumlarynyň gurluşygy alnyp barylýar, uglewodorod serişdeleriniň alnyşy üstünlikli ösdürilýär, şeýle hem munuň özi iki kenaryň ilaty üçin hem ulag gatnawy üçin ajaýyp şertleri döreder. (25.06.2015. f : 175-10 )
Soňra döwlet Baştutanymyzyň dikuçary Türkmenabadyň täze howa menziliniň gurulýan ýerine tarap ugur aldy. Demir ýol menzilleriniň gurulmagy bilen bu ýerde ulag halkasy dörediler. Ol bu iri welaýatyň ilatyna edilýän hyzmaty ep-esli gowulandyrmaga mümkinçilik berer.
Howa menzil toplumy özüne sagatda 500 ýolagça hyzmat etmäge ukyply ýolagçy we beýleki degişli terminallary, uzynlygy 3800 metre barabar bolan, “Boing-777-200LR” kysymly uçary kabul etmek üçin ýörite serişdeler bilen üpjün edilen täze emeli uçuş-gonuş zolaklaryny, howa hereketini dolandyryş minaralaryny, badalga beriji dispetçerçilik nokatlaryny özünde birleşdirýär. Bu ýerde IKAO-nyň ikinji derejesi boýunça gonuş ulgamlary ornaşdyrylar, döwrebap aerodrom tehnikasy satyn alnar, öwrüm ýodajyklary, howa gämileriniň duralgalary, perron we beýleki onlarça desga, şol sanda myhmanhana, lukmançylyk merkezi, söwda dükanlary gurlar.
Türkmenabadyň howa menzilleriniň aerodrom düzüminiň kämilleşdirilmegi olaryň tehniki mümkinçiliklerini ep-esli ýokarlandyrmaga hem-de ýokary halkara ülňüleriniň talaplaryna laýyk getirmäge ýardam berer.
Ýerli howa gatnawlarynyň ösdürilmegi howa ulagynyň maddy-tehniki binýadyny ösdürmek baradaky umumy strategiýa bilen utgaşykly amala aşyrylar. 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde täze Halkara howa menziliniň açylmagy bu ugurda wajyp waka boldy. Bu howa menzili Türkmenistanyň esasy “howa derwezesine”, yklymlaýyn we yklymara howa ýollarynda iri üstaşyr merkeze öwrülmelidir. (19.12.2013. F 349-3)
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçardan Türkmenabatda abadançylyk we şäheri bagy-bossanlyga öwürmek işleriniň ýagdaýlary bilen tanyşdy. Onuň ýaşaýyş jaýlaryny we gurluşyk meýdançalaryny synlady.
Olaryň biri hem ýurdumyzyň Sanagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bölüminiň binalar toplumy, ýagny “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň şahamçasy, 500 orunlyk dabaralar zaly, şeýle hem uly işewürlik we söwda-dynç alyş merkezidir. Ony Baş bina hojalyk jemgyýeti gurýar. Onuň ulanylmaga berilmegi bolsa 2017-nji ýylyň ýazynda göz öňünde tutulýar. Häzirki döwürde işewürler we Söwda dynç alyş merkeziniň gurluşygy tamamlanyp, ol ýerde bezeg işleri alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti ýolugruna etrabyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler bilen, oba hojalyk ekin meýdanlarynda suw sowujy akabalaryň ýagdaýy, möwsümleýin agrotehniki işleriniň gidişi bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň obasenagat toplumynda häzirki wagtda alnyp barylýan özgertmeler ýurdumyzyň ykdysadyýetini pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Oba hojalygyny ösdürmek boýunça ýerlerde göz öňünde tutulýan meýilnamalaryň mundan beýläk hem öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi milli senagat toplumynyň esasy hökmünde möhüm ähmiýete eýedir.
Lebap welaýatynda oba hojalyk önümçiliginiň görkezijileriniň artmagy bilen bir hatarda gaýtadan işlemegi, logistikany, düzümleri ösdürmek boýunça täze giň göwrümli taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurtda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň amatly şertlerinde oba hojalygyny özgertmek amala aşyrylýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi hem-de welaýatda kaliý dökünlerini öndürmek boýunça gurulýan kärhananyň ähmiýetini nygtady.
Ýurdumyzyň himiýa senagaty üçin täze önümçilik kuwwaty bu gün Köýtendag etrabynyň Garlyk şäherçesinde dag – magdan pudagynyň binýady tutulýar.
Kaliý duzlarynyň Garlyk känlerini işläp taýýarlamak we zawodyň çäklerinde kaliý duzuny çykarmak we baýlaşdyrmak boýunça desganyň gurulmagy Türkmenistanyň senagat taýdan ösüşiniň täze döwri bolup durýar.
Garlyk şäherçesi 2011-nji ýylda kaliý dökünlerini öndürmek boýunça Merkezi Aziýada iň iri toplumyň hem-de onuň ýanynda ýerleşýän sement zawodynyň işgärleri üçin ýörite guruldy. Häzir bu ýer çirksiz tebigatyň we bary-ýogy mundan birnäçe ýyl ozal ägirt uly dag etek tekizlikde emele gelen senagat görnüşleriniň haýran galaýmaly sazlaşygy bilen örän uly täsir galdyrýar. Şeýle hem bu boş meýdanda özgertmeleriň giň gerimli hem-de batly depginler bilen durmuşa geçirilýän özgertmeler we täzeden gurulýan, suwarylýan hem-de bagy-bossanlyga öwrülýän ýerler haýran galdyrýar. Ähli häzirki zaman aragatnaşyk ýollary, şol sanda demir ýoly hem bu ýere çekilip getirildi.
2009-njy ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň gatnaşmagynda täze kärhananyň binýady tutuldy. Bu kärhanany şu ýylyň 31-nji martynda işe girizmek göz öňünde tutulýar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň buýurmasy boýunça “Belgorhimprom” açyk paýdarlar jemgyýeti tarapyndan türkmen gurluşykçylary bilen bilelikde gurulýan toplum ýylda 1 million 400 muň tonna dökün öndürmäge niýetlenendir.
Şertnamanyň umumy bahasy ABŞ-nyň 1 milliard 126 million dollaryna barabardyr. Taslamanyň 20 göterimi “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň öz serişdeleriniň hasabyna we 80 göterimi Türkmenistanyň içerki banklarynyň karz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär. Getirilmeli enjamlaryň bahasy ABŞ-nyň 379 million dollaryna barabardyr. Toplumyň açylmagy bilen 1 müň 700-den gowrak iş orunlary dörediler.
Himiýa senagatynyň geljekki ägirt uly bu desgasy üçin 262,5 gektar meýdan bölünip berildi. Topluma 100-den gowrak desgalar we binalar: baş peseldiji beket, 2 sany şahta toplumy, magdan ammary hem-de taýýar önümler ammary, magdan goýaldyjy we baýlaşdyryjy önümçilik toplumlary, Reagentler we Suw taýýarlaýyş bölümleri, Önüm ýükleýji önümhana, duz ýygnaýjy, şlamýygnaýjy, ýangyna garşy we dag halas ediş bölümi girýär.
Toplumyň gurluşygyna başlanan wagtyndan bäri geçen döwürde bu kärhanada işlemek üçin hünärmenler taýýarlanyldy. Olaryň arasynda 226 adam Belarus döwlet tehnologiýa uniwersiteti we Belarus milli tehniki uniwersiteti ýaly ýokary okuw mekdeplerinde ýörite hünärleri aldylar, şeýle hem Soligorskiniň dag-himiýa döwlet kollejinde okadylar. Häzirki wagtda Belarusda ýene-de Garlykda işlemeli talyplaryň 110-sy okaýar.
Mundan başga-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Magdanly şäherindäki 18-nji dag-himiýa mekdebinde okaýan 110 sany talyp hem-de dag-inženerler topary APJ “Belaruskaliý” kärhanasyna önümçilik iş tejribesini geçmäge ugradyldy.
Gurluşykda baş potratçy “Belgorhimprom” APJ-nyň hem-de Belarus Respublikasynyň beýleki kärhanalarynyň hünärmenleri we gurluşykçylary we potratçynyň kömekçisi hökmünde işleýän dürli guramalardan we kärhanalardan bolan ildeşlerimiz, jemi 3 müň adam, şol sanda 2 müňe golaý türkmenistanly zähmet çekýär.
Önümçiligiň esasy bölümleriniň biri şahta bölümidir. Bu ýerde iki şahta ýerleşýär. Olaryň birinjisi alnan magdany ýokary çykarmaga hem-de magdan känine arassa howanyň barmagyny üpjün etmäge, ikinjisi bolsa adamlary we ýükleri göterip düşürmäge niýetlenendir.
Şahtanyň içki diametri 6,5 metre barabar bolup, olaryň birinjisiniň çuňlygy 364 metr, ikinjisiniňki bolsa 302 metr. Ýeriň aşagynda olar biri-biri bilen magdan känini howpsuz işletmegiň esasy şertini üpjün edýän sboýka arkaly birigýär. Käniň howa çalşyş ulgamy ýapyk bolup, iki sany ýeriň ýüzüne aýry-aýpry çykalgalar, esasy we ätiýaçlyk çykalgalary bilen üpjün edilendir.
Dökün öndürmek üçin iň ýokary kuwwatlylyga çykmak hem-de ýylda 7 million tonna magdany almak we gaýtadan işlemek göz öňünde tutulýar. Magdanlar 200-den 100 müň metr aralyga çenli çuňlukda ýerleşýär. Häzirki wagtda 295 metr çuňlykda 4-nji kaliý gatlagynda KRP-3 geçiriji kombaýnlary magdanyň deslapky işlenişini alyp barýarlar. Olar dag jynslaryny goparmagy, ony ol ýerde kombaýnlaryň yzynda gurnalan ulag serişdelerine ýüelemegi we düşürmegi amala aşyrýarlar.
Soňra alnan magdan özi hereket edýän wagonetkalaryň komegi bilen konweýere getirilýär hem-de birinji şahtadaky ýük bunkerine, 30 tonnalyk göterijä düşýär. Ýeriň ýokarsynda olar owradyjy bölüme, ol ýerden bolsa ammara ugradylýar.
Käniň ýerasty meýdançasynda ýangyn howpsuzlygy gullugy, lukmançylyk nokady we ammarlar ýerleşýär.
Magdan şahtadan we owradyjydan çykyp, döwek döwüji bölüme barýar. Ol ýerde ol üwelip, külke görnüşine getirilýär hem-de baýlaşdyryjy bölüme ugradylýar. Bu ýerde kaliý duzlary natriý hloridinden we beýleki goşundylardan flotasion maşynlaryň kömegi bilen arassalanýar. Soňra bolsa arassa kaliý hloridi ugradylýar hem-de kristal görnüşine getirilýär. Işleriň hemmesi halkara ölçeglerine laýyklykda awtomatik gözegçilik we dolandyryş astynda geçýär.
Ägirt uly täze desganyň infrastruktura meýdançalaryna getirilen ähli tehnologiýa enjamlary Germaniýanyň, Russiýanyň, Belarusyň we beýleki döwletlerden bolan dünýä belli öndürijileriň iň täze önümleri bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň hut özüniň tabşyrmagynda türkmen ýaşlarynyň uly topary Garlyk toplumyny hünärmenler bilen üpjün etmek maksady bilen, Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine ugradyldy. Bilim alan hünärmenleriň aglabasy ýyllyk iş tejribesini APJ “Belaruskaliý” kärhanalarynda geçdiler hem-de ol ýerde şahta işlerinde işlediler.
Belarusly mugallymlar Magdanly şäheriniň ýöriteleşdirilen dag-magdan mekdebinde işlemek üçin hem çagyryldy. Häzir bu ýerde hünär okuwynyň başlangyç bölegini geçen talyplar hem APJ “Belaruskaliý” kärhanalaryna iş tejribesini geçmek üçin ugradyldy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň ýokary we ýoriteleşdirilen orta mekdeplerinde hem dag-magdan toplumy üçin hünärmenleri taýýarlamaga başlanyldy.
Türkmenistanyň halk hojalygy toplumynyň ýurduň ägirt uly çig mal serişdelerini özleşdirmäge we işläp taýýarlamaga gönükdirilmegi özgertmeleriň Prezident strategiýasynyň maksatnamalaýyn wezipeleriniň biri bolup durýar. Geljekki ägirt uly senagat kärhanasy diňe bir Lebap welaýatynyň mundan beýläk hem durmuş-ykdysady ösüşine uly ähmiýetli bolmak bilen çäklenmän, tutuş ýurdumyzyň, şeýle hem ençeme döwletleriň ösüşi üçin hem uly ähmiýete eýedir.
Döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňde goýlan derwaýys meseleleriň üstünlikli çözülmegi sebitiň ägirt uly çig mal serişdelerini netijeli özleşdirmäge mümkinçilik berer, şonuň bilen bir wagtda hem täze iş orunlarynyň döremegine, ýokary hilli kaliý mineral dökünleriniň özümizde öndürilmegini ýola goýmaga ýardam eder. Bu bolsa Türkmenistanyň oba hojalygynyň “bol hasyl üçin ýokumly önümlere” bolan islegini doly kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ony dünýä bazaryna hem çykarmaga mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny tamamlap, şu gün Aşgabada gaýdyp geldi.