Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumynda geçirilen baýramçylyk dabarasyna gatnaşdy.
Şu günler ýurdumyz iň oňat atşynaslary hem-de seýisleri, arassa ganly ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek we türgenleşdirmek bilen meşgullanyp, milli gymmatlyk hökmünde nesilden-nesle geçirilip gelinýän, müňýyllyklaryň dowamynda mähir bilen garalan atlaryň nesillerini dowam etdirýän ähli adamlary hormatlaýar. Häzirki döwürde bu täsin däpler ösüşiň täze tapgyryna çykýar, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. Türkmen atşynaslygynyň halkara pudaklaýyn senagata ýakynlaşmagy bolsa ýokary bahaly baş sanynyň nesil binýadynyň diňe bir giňelmegine däl, eýsem, Türkmenistanyň dünýä atçylygynda öňdäki orunlarda ykrar edilmeginde ähmiýetli ädim bolup hyzmat edýär.
Şunda döwlet Baştutanymyz ylmy-barlag hem-de seçgiçilik işleriniň
alnyp barylmagyny, bu işlerde iň oňat dünýä tejribesiniň we täze tehnologiýalaryň özleşdirilmegini, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň hünärmenleriniň tagallalarynyň birleşdirilmegini we, elbetde, sporta degişli taraplary milli atşynaslyk mekdebini mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlary hökmünde kesgitledi. Bularyň ählisi ahalteke bedewleriniň täze nesliniň olaryň şöhratyny hem-de türkmen halkynyň buýsanjyny artdyrmaga gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulagy Ahalteke atçylyk toplumyna gelýär. Bu ýere ýygnananlarTürkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri döwlet Baştutanymyzy uly şatlyk, joşgunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.
Iň oňat halk döredijilik toparlarynyň we meşhur aýdymçylaryň gatnaşmagynda görkezilen aýdym-sazly horeografiýa çykyşy wakanyň dabarasyny has-da artdyrdy. Türkmen halkynyň öz bedewlerine çäksiz söýgüsini, buýsanjyny beýan edýän aýdym we joşgunly tans ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz artistleriň ajaýyp çykyşyna minnetdarlyk bildirip, toplumyň baýramçylyk görnüşde bezelen çäklerine geçýär. Bu ýerde uly türkmen toýy tutulyp, aýdym-sazlar ýaňlanýar.
Döwlet Baştutanymyz özi üçin bellenilen ýörite ýere geçdi. Bu ýerde ýurdumyzdaky resmi taýdan bellenen diplomatik wekilhanalarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, ýaşlar, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de at çapyşyklarynyň köpsanly janköýerleri ýygnanypdyr. Dabara gatnaşyjylaryň arasynda Aşgabatda baýramçylygyň öň ýanynda guralan iri halkara forumlaryna Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň V mejlisine, sergi-ýarmarkasyna hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylar bar.
Alypbaryjy dabaranyň başlanýandygyny yglan edýär. Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine köptaraply işi, dünýäde ahalteke bedewleriniň şöhratyny has-da ýaýmak boýunça alyp barýan işleri üçin ähli türkmen halkynyň adyndan milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirilýär. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli gutlag sözleri, ýurdumyzy ösdürmek ugrunda täze üstünlikler baradaky arzuwlar ýaňlanýar.
Türkmenistanyň Prezidentini atçylyk pudagyny ösdürmek baradaky aladasyna çäksiz hoşallyk bildirmegiň nyşany hökmünde ahalteke bedewlerini sowgat almak üçin syn ediş meýdançasyna geçmäge çagyrýarlar.
Meýdançada döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň bäş welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri garşylaýarlar. Gezekli-gezegine bedewleri çykarýarlar, ýaşuly, ýetginjek oglan hem-de Türkmenistanyň welaýatlarynyň her biriniň ýolbaşçysy milli Liderimizi mübärekläp, bedewiň pasportuny gowşurýarlar. Milli Liderimize harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň adyndan hem ahalteke bedewi sowgat berilýär.
Soňra bu ýerde ahalteke bedewleriniň arasyndaky halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döredilip, türkmen halkynyň atçylyk däplerini ösdürmegi höweslendirmäge, ahalteke tohumyndan bolan atlaryň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmaga gönükdirilen bu bäsleşik, oňa gatnaşanlaryň we hünärmenleriň ýeke-täk pikirine görä, ähli babatda nusgalyk bedewleri ösdürip ýetişdirmegiň usulyny kämilleşdirmäge aýratyn itergi berýär.
Geçirilen saýlama tapgyrlarynyň barşynda bäsleşigiň jemleýji tapgyryna deňsiz-taýsyz beden gurluşy, ajaýyp başarjaňlygy ýaly iň oňat häsiýetleri özünde jemleýän atlaryň onusy çykaryldy. Şol alamatlary boýunça bu atlar abraýly eminler topary tarapyndan ýeňiş gazanmaga hem-de ýylyň iň owadan bedewi diýen ada eýe bolmaga has mynasyplar diýlip ykrar edildi.
Gözden geçiriş meýdançasyna gözbaşy abraýly atlaryň neslinden bolup, ahalteke bedewleriniň iň oňat nesil ugruny esaslandyran naýbaşy, biri-birinden owadan-nurana şöhratly tohum atlar çykarylýar.
Alypbaryjy bedewleriň her biriniň ady hem-de olaryň gelip çykyşy bilen gysgaça tanyşdyrýar. Olar mele reňkli Bitaraplyk, dor reňkli Akbilek, Beýikdag, Gadam, Karar, Ýigit, gara dor reňkli Jahyl we Gürgen, mele reňkli Galkasen, gara reňkli Aşgabat bedewleridir.
Özüniň bütin durky bilen tebigy gözelliginde tomaşaçylaryň öňünden arassa ganly bedewler geçýär. Olar haýran galýan tomaşaçylaryň we emin agzalarynyň öňünden geçmezden öňürti birnäçe tapgyrlaryň netijesinde saýlanyp alyndy. Eminler bedewleriň beden gurluşyna, çarpaýa galşyna, tohum häsiýetlerine hem-de atlaryň başarnygyna baha berip, iň gowudan gowusyny saýlamalydy.
Biziň bedewlerimiziň reňkiniň ýüpek öwüşginli häsiýeti, olaryň görkana we nepis keşbi, guşlaryň uçuşy kimin ýeňil, okgunly çapyşy, şeýle hem egsilmez güýç-kuwwaty öz işinde uly sepgitlere ýeten ussatlaryň, yhlasly seýisleriň, zähmetsöýer atşynaslaryň yhlasly zähmetiniň netijesi bolup durýar.
Wagt ahalteke atlarynyň şöhratynyň hiç haçan öçmejekdigini tassyklady. Olaryň şöhraty döwürleriň içinden geçip, diňe ýeke gezek görenleriň hem ählisiniň ýüreklerini maýyl edip, barha belende galar.
Bedewler tomaşaçylaryň öňünden ilki bezelmedik görnüşinde, soňra bolsa iň oňat zergärleriň taýýarlan milli at şaý-sepleri bilen ajaýyp görnüşde bezelip geçdiler. Olaryň gözden geçirilişiniň ýany bilen alyp baryjy gözellik bäsleşigine gatnaşýan atlar baradaky maglumaty aýdyp, bedewler bilen baglanyşykly milli däpler, olaryň üýtgeşik häsiýetleri barada gürrüň berdi. Şeýle hem ahalteke bedewlerine bagyşlanan şahyrana setirler belent ýaňlandy.
Düzümine türkmen eminlerinden başga-da, daşary ýurt bilermenleri giren abraýly emin agzalary maslahatlaşanlaryndan soň çözgüt çykardylar. Ony ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň, şeýle hem sungat ussatlarynyň arasyndaky döredijilik bäsleşiginiň eminler toparynyň başlygy KaterinaIrena Ýakob Şraýner yglan etdi.
Şeýlelikde, ajaýyp Bitaraplyk bedewi ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. 2012-nji ýylda doglan bedew
türkmen atçylygynyň taryhynda uly yz galdyran meşhur Gelşikliniň neberesindendir. Şowhunly el çarpyşmalar astynda täsin bedewiň eýesi Begmyrat Hojalyýewe Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyny we göçme Kubogy gowşurdylar.
Soňra ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edilýär. Çeper beýan etmek arkaly ahalteke bedewlerini giňden wagyz etmäge gönükdirilen bu döredijilik bäsleşigine tanymal we ýaş suratkeşler, heýkeltaraşlar, halyçylar, zergärler, fotosuratçylar, neşirýat işgärleri, dizaýnerler we teleoperatorlar gatnaşdylar.
Olaryň her biri döredijilik işinde gözelligiň we sazlaşygyň nusgasy hasaplaýan atyň keşbine bolan garaýşyny ussatlarça şekillendirmäge çalşypdyr.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan baş baýraklar gowşurylýar. Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýewiň «Ezeli kämillik» diýen işi iň gowy haly eseri diýlip ykrar edildi. «Zergärçilik eseri» diýen bölümde Aşgabat şäheriniň 90-njy orta mekdebiniň matematika mugallymy Çarymyrat Sähedow «At şaý-sep toplumy» diýen işi bilen bedewleriň bezeg şaý-sepleri üçin ýeňiş gazandy. Iň gowy surat eseri boýunça «Jygalybegiň patasy» diýen işi üçin Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň kafedra müdiri Berdimyrat Toýçyýew baýraga mynasyp boldy. Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýew «Jelaleddin Meňburun» diýen heýkeli üçin üstünlik gazandy. Iň gowy neşir önümi «Pyýada» diýen işi üçin Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Enwer Abalakow sylaga eýe boldy, iň gowy wideo şekili üçin «Türkmen owazy» teleýaýlymynyň teleoperatory Gurbanberdi Gurtgeldiýew baýraklara mynasyp boldy.
Soňra dabarany alypbaryjy halypa çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda baýramçylyk at çapyşygynyň başlanandygyny yglan edýär. Soňra mähelle at çapyşygyna gatnaşjak bedewleriň 7-si, şeýle hem olaryň çapyksuwarlary bilen tanyşdyrylýar.
Saz çalynýar we ýelden ýüwrük bedewler bat alyp öňe okdurylýar. Ussat çapyksuwarlaryň çapyp barýan atlarynyň arasynda çekeleşikli bäsleşik ýaýbaňlanýar.
Türkmenistanda sportuň täze görnüşleriniň ösmegi bilen bir hatarda, onuň gadymdan gelýän milli görnüşleri hem meşhurlygyny saklaýar. Şunda ýazky we güýzki at çapyşyklaryna, milli baýramlara gabatlanýan at çapyşyklaryna aýratyn orun degişli bolup, olar ýurdumyzyň atçylyk sport toplumlarynda janköýerleriň köpsanlysyny jemleýär. Atçylyk sporty jemgyýetimiziň durmuşynda aýratyn orun eýeläp, milletiň mirasy bolup durýar we täze ýeňişleri bolan okgunly hereketi beýan edýän taryhy döwri alamatlandyrýar.
Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary diýen hormatly ada eýe bolan
döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke bedewleriniň hakyky muşdagy, janköýeri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, şahsy göreldesi we goldawy bilen milli atçylyk sportyny ösdürmäge, onuň halkara abraýyny artdyrmaga ägirt uly goşant goşdy.
… Pellehana birinji bolup Ahalteke atçylyk toplumynyň baş seýsi, çapyksuwar Kakamyrat Agamyradowyň çapan Perzent (Pereňiň ugry) diýen bedewi, ikinji bolup, şol toplumdan çapyksuwar Orazmyrat Annalyýewiň çapan Ýellidag (Fakirpälwanyň ugry) we üçünji bolup, hususy atşynas, çapyksuwar Ilmyrat Agamyradowyň çapan Tebip (Meleguşuň ugry) atly bedewi geldiler. Halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen ýaryşyň ýeňijilerine baýraklarawtoulaglaryň açarlary gowşurylýar.
Türkmenler asyrlarboýy gaýduwsyz serkerdeleri we ussat çapyksuwarlary bilen tanalypdyr. Bu gün bolsa halkymyz täze taryhy döredip, asuda ene topragynda täze bagtly durmuşyny gurýar. Ahalteke bedewleri bolsa hemişekisi ýaly milletiň durmuşynda uly orun eýeleýärýöne olaryň wezipesi indi gözelligi, täsin sazlaşygy bilen eziz Watanymyza bolan buýsanç duýgusyna we belent maksatlara sagdynlygy, ruhubelentligi, kämillige ymtylmagy utgaşdyrmak bolup durýar.
Türkmenistanda at çapyşyklarynyň we aýlawlardaky türgenleşikleriň, ussat çapyksuwarlaryň sirk sahnasyndaky çykyşlarynyň näderejede meşhurlyga eýe bolup durýandygy barada aýdylanda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen konkuryň (atlaryň päsgelçiliklerden geçmegi) 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşulandygyny bellemek gerek, munuň özi häzirki döwürde türkmen halkynyň gadymdan gelýän däpleriniň üstünlikli dowam etmeginiň we artmagynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Baýramçylyk çäresiniň ahyrynda dünýäde iň kämil atlar baradaky şöhratyň belent owazy hökmünde jemleýji aýdym ýaňlandy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.