Ýurduň orta bilim berýän mekdeplerinde gutardyş synaglary tamamlandy. Şu günler düýnki 10-njy synp mekdep okuwçylary özbaşdak durmuşa ýollanma berýän orta bilimi baradaky şahadatnamany almak bilen, mekdep bilen hoşlaşýarlar.
Olary taýýarlamagyň derejesiniň ýokarlanmagy ýurduň hemme ýerinde okatmagyň usullarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, mekdepleriň öňdebaryjy – okatmagyň interaktiw, multimediýa tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi bilen şertlendirilendir. Her ýylda ýurtda – şäherlerde we obalarda ýokary hilli bilim almak üçin ähli şertler döredilen täze mekdebe çenli edaralarynyň we mekdep binalarynyň onlarçasy işe girizilýär.
Mekdepleri tamamlan ýaşlara hünär saýlap almakda ýurduň ýokary okuw mekdepleri uly goldaw berýärler. Bu ýerde her okuw ýyly tamamlanyp barýarka „açyk gapylar“ günleri geçirilýär. Onuň çäklerinde geljekki birinji ýyl talyplar köp ugurly talyp durmuşy bilen tanyşýarlar. Geljekki talyplar üçin okuw otaglaryna, ylmy, döredijilik we bedenterbiýe merkezlerine, ýokary okuw mekdebiniň barlaganalaryna, hat-da geljekki hünärmenleriň oňaýly şertlerde ýaşamaklary üçin zerur bolan şertler döredilen umumy ýaşaýyş jaýlaryna hem „syýahatçylyk“ guralýar.
Adatda bolşy ýaly, mekdepleri tamamlaýan ýaşlar üçin ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň orta we ýokary professional okuw mekdepleriniň birnäçesiniň gapylary açykdyr. Döwletara ylalaşyklary esasynda türkmen ýaşlaryna hünärleriň onlarça ugurlary boýunça daşaty ýurtlarda öz bilimlerini dowam etdirmeklerine mümkinçilikler bar. Özi hem türkmen ýaşlaryny okuwa alýan ýurtlaryň, şeýle hem degişlilikde olar üçin bölünip berilýän orunlaryň sany hem ýyl-ýyldan köpelýär.
Türkmen ýaşlarynyň müňlerçesi täze okuw ýylynda biziň ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň orta we ýokary professional okuw mekdepleriniň talyplarynyň hatarynyň üstüni ýetirerler. Olar ýurduň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşjak hünärmenler bolup ýetişerler.
referans: www.turkmenistan.gov.tm