Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz düýn Kompýuterlerdäki “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.
“Makul Sözlük” Applikasiýasy
Jemi 15.000-den gowrak Iňlis dilindäki, 20 müňden gowrak Türkmen dilindäki sözleri özünde jemleýän, Türkmen we Iňlis dilinde “gepleýän” Makul Sözlük Applikasiýasyny Siz özüňiziň mobil telefonyňyza ýükläp almak bilen “Makul Sözlügiň” ähli mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilersiňiz! Bellemeli zat, Siz gözleýän sözüňizi diňe “ýazmaça gözleg” etmän, eýsem “sesli gözleg” hem edip bilersiňiz!
Applikasiýany indirmek üçin “Google Plaý” dükanyndan “makulsözlük” ýazyp gözleg edip bilersiňiz. Siz isleseňiz şu ýere basyp hem applikasiýany mugt ýükläp alyp bilersiňiz!
Offline Sözlük: Makul Sözlük
“Makul Sözlük” applikasiýasynyň ýene bir aýratynlygy bolsa, offline, ýagny, bir gezek telefonyňyza indirip alanyňyzda offline ulanyp bilmek mümkinçiligidir. Siz gözleýän sözleriňizi internete bagly bolmasaňyz hem “Makul Sözlük” applikasiýasyndan tapyp bilersiňiz. Bu bolsa, ýurdumyzyň we dünýäniň haýsy künjeginde bolsaňyz hem “Makul Sözlükden” peýdalanyp biljekdigiňizi görkezýär.
Okap bilersiňiz Önümçiliginiň 20 göterimini Hindistanda amala aşyrar
“Her gün 5 söz” mobil telefonyňyza gelsin!
Siz söz baýlygyňyzy ösdürmek isleýän bolsaňyz, onda “Makul Sözlük” applikasiýasyny Siziň iň ýakyn ýardamjyňyz bolar! “Makul Sözlük” her gün 5 sözi Iňlis we Türkmen dillerinde Siziň mobil telefonyňyza bildiriş hökmünde iberer. Siz her gün 5 söz ýat tutan ýagdaýyňyzda diňe 1 ýylyň dowamynda 1800-den gowrak iňlis dilindäki sözi ýat tutarsyňyz.
Çagalar üçin sözlük….täze goşundylara garaşyň!
“Makul Sözlük” taslamasyny durmuşa geçirýän toparymyz, häzirki wagtda sözlügiň ulanyş çygryny giňeltmek maksady bilen durmuşda iň köp ulanylýan sözlerden ybarat suratly sözlük-çagalar üçin “Makul Sözlük” goşundyny hem taýýarlaýandygyny Size ýetirýäris. Öz içine oýunlary, kiçiräk synaglary, iňlis we türkmen dil baýlygyňyzy ösdürjek krosswordlary, durmuşyň dürli ugurlarynda iň köp ulanylýan sözlemleri, suratly terjimeleri we ýene-de birnäçe aýratynlyklary özünde jemleýän täze taslamamyzy iň ýakyn wagtda durmuşa geçireris we Siziň hyzmatyňyza hödürläris.
Hormatly “Makul Sözlük” ulanyjylary!
Siz şu ýere basyp, “Makul Sözlük” applikasiýasyny indirip almagyňyzy, ulanyp görmegiňizi, halan ýagdaýyňyzda bolsa “Plaý Marketde” sözlügimize baha bermegiňizi we öz teswirleriňizi ýazmagyňyzy haýyş edýäris. Şeýle hem, Siz şu habary we “Makul Sözlük” baradaky linkleri paýlaşmak bilen köp sanly dostlaryňyzyň hem “Makul Sözlük” aýratynlyklaryndan peýdalanmaklaryna goşant goşup bilersiňiz. “Makul Sözlük” Applikasiýasy mugt bolup, ol intellektual telekeçilik perspektiwasyndan durmuşa geçirilen taslamadyr.
Çeşme: Atavatan Türkmenistan