Harkara türkmen-türk uniwersitetiniň futbolçylarynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogynyň iki gezek eýesi paýtagtyň Altyn asyr toparyny 2:1 hasabynda ýeňmegi bilen ýokary liganyň toparlarynyň arasyndaky çempionatyň sekizinji tapgyrynyň oýunlary tamamlandy.
Duşuşyk Köpetdag stadionynda geçirildi. Oýnuň hasabyny 9-njy minutda HTTU-nyň hüjümçisi Arslanmyrat Amanow açdy. 17-nji minutda Guwanç Abylow jogap pökgini geçirip, hasaby deňledi. Duşugyň 27-nji minudynda bolsa amatly tilsimler netijesinde A.Amanow ikinji pökgini geçirdi2:1. Duşuşygyň ikinji ýarymynda hasap üýtgemedi.
Şu ýeňşinden soň, HTTU 15 utuk toplady (şunça utuk Aşgabat we Mary toparlarynda-da bar) we sanawyň başyny çekip gelýän 16 utukly Ahala has ýakynlaşdy.
Tora pökgi geçirmek boýunça öňdeligi Mämmedaly Garadanow (Balkan) alyp barýar. Onuň hasabynda 7 pökgi bar. Ondan iki pökgi az geçiren Didar Hajyýew (Ahal) ikinji orunda barýar.
Milli futbol ýaryşynyň sekizinji tapgyry Balkan–Aşgabat toparlarynyň 23-nji iýuna geçirilen oýny bilen tamamlanar.