Täjigistanyň futbol çempionatynyň wisa-çempiony “Hujand” topary utulan-çykdy tapgyrynda gyrgyzlaryň “Neftçisinden” üstün çykyp (3:0), AFK-nyň Kubogy-2020-niň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş etmäge mümiinçilik aldy.
Bu duşuşykda üç gezek tapawutlanan Dilşot Bozorow geçirilen oýnuň “Iň ökde oýunçysy” diýlip yglan edildi.
Şeýlelik-de, Täjigustanyň topary iki duşuşygyň netijesinde 3:1 hasabynda garşydaşyny ýeňlişe sezewar edip,bassyr ikinji ýyl abraýly ýaryşyň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş eder. Merkezi Aziýa zolagynyň “D” toparçasynda “Hujandyň” garşydaşlary paýtagtymyzyň “Altyn Asyr”, “Istiklol” (Täjigistan) hem-de “Dordoý” (Gyrgyz Respublikasy) toparlary bolar. Bu toparçadaky duşuşyklara 11-nji martda badalga berler.
AFK-nyň Kubogy – 2020
Merkezi zolak
Pleý-off. Jogap oýny
«Hujand» (Täjigistan) – «Neftçi» (Gyrgyz Respublikasy) – 3:0
Gollar: Dilşod Bozorow, 33 (1:0). Dilşod Bozorow, 107 (2:0). Dilşod Bozorow, 117 (3:0).
Duşuşygyň iň ökde oýunçysy: Dilşod Bozorow («Hujand»).
Duşuşygyň emini: Ahmed Faýsal Al-Ali (Iordaniýa).
26-njy fewral. Duşenbe. Merkezi stadion. 5200 tomaşaçy.
Birinji duşuşyk – 0:1.
Çeşme: http://tff.com.tm/