Şu gün halkara guramalary bilen hukuk ulgamynda däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmegiň çäklerinde paýtagtymyzda BMG-niň adam hukuklaryny goramaga degişli Konwensiýalaryny tassyklan agza döwletleriň esasy borçnamalaryna garamaga bagyşlanan iki günlük seminar işe başlady.
Foruma Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara iş toparynyň agzalary gatnaşýarlar. Seminar Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty tarapyndan Ýewropa Bileleşigi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Adam hukuklary boýunça Ýokary komissaryň Müdirligi bilen bilelikde «Adam hukuklaryny goldamak we goramak boýunça Türkmenistanyň milli potensialyny berkitmek» taslamasynyň çäklerinde geçirildi.
Forumyň barşynda oňa gatnaşyjylaryň öňünde halkara bilermeni—Bristol uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň ýanyndaky Adam hukuklary boýunça merkeziň wekili, ylymlaryň doktory hanym Elina Steinerte çykyş etdi.
Bellenilişi ýaly, Esasy kanuna—Konstitusiýa laýyklykda Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr. Halkara hukugynyň umumy kadalarynyň ileri tutulmagyny ykrar etmek bilen türkmen döwleti degişli resminamalary ýerine ýetirmek boýunça öz üstüne alan borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerýär. Şunuň bilen baglylykda milli bilermenler foruma gatnaşyjylary Türkmenistanda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan hukuk reformalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde şu ugurda amala aşyrylýan çäreler bilen tanyşdyrdylar.
Ertir seminar paýtagtymyzdaky «Grand Türkmen» myhmanhanasynda öz işini dowam etdirer.
referans: www.turkmenistan.gov.tm