2016-njy ýylyň 2-nji fewralynda Owganystanyň Hyrat şäherinde bu ýurduň Serhet we kowumlaryň işleri boýunça ministrliginiň guramagynda Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisi boýunça maslahat geçirildi.
Çärä Owganystanyň Serhet we kowumlaryň işleri boýunça ministri, Hyrat welaýatynyň häkimi, welaýatda akkreditirlenen daşary ýurt konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de bu welaýatynda ýaşaýan dürli milletleriň abraýly wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň esasy maksady durmuş-ykdysasy bähbidini ýerli halkyň dykgatyna ýetirmek hem-de ony giňden wagz etmek bolup durýar. TOPH gaz geçirijisiniň Owganystanyň durmuş-ykdysady ýagdaýyna oňyn täsir etjekdigini, bu taslamasynyň ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň, syýasy-ykdysady hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine ýardam berjekdigini maslahata gatnaşanlar öz çykyşlarynda belläp geçdiler.
Maslahatyň soňunda gatnaşyjylar tarapyndan TOPH taslamasyny goldamak barada çözgüt kabul edildi.