2017-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda Hytaý ABŞ-dan 1,97 mln tonna golaý nebit import etdi. Bu görkeziji tutuş 2016-njy ýylda ABŞ-dan HHR-e iberilen nebitiň möçberinden 4 esse köpdür.
Bilermenleriň pikirine görä, amerikan nebitiniň Hytaýa importynyň birdenkä ýokarlanmagyna garamazdan, onuň möçberi heniz onçakly köp däl, hem-de ol nebitiň hytaý importynyň strukturasyny üýtgedip, HHR-iň ABŞ-nyň «gara altynyna» baglylygyny emele getirip bilmez, diýip «Sinhua» ýazýar.
Öň ABŞ-ny Hytaýa nebit eksport edýän döwletleriň arasynda göz öňüne getirmek kyndy. Şonuň üçin hem ABŞ-dan HHR-e iberilýän nebitiň özi uly öňegidişlikdir. Bu ýagdaý ABŞ-nyň energetika syýasatynyň özgerdilmegi bilen ýakyndan baglanyşyklydyr.
2015-nji ýylyň dekabrynda ABŞ-nyň Kongresi nebitiň eksportyna bolan 40 ýyllyk gadagan etmäni ýatyrdy. Donald Trampyň ýolbaşçylyga gelmegi bilen ABŞ däp bolan nebitgaz pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek başlangyçlary goldaýar.
2017-nji ýylyň aprelinde D.Tramp ABŞ-nyň Atlantika, Ýuwaş we Demirgazyk Buzlyk ummanlaryndaky kontinental şelflerinde nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrýan karara gol çekdi. Şu ýylyň 1-nji iýunynda ol ABŞ-nyň Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyndan çykýandygyny yglan etdi. Bu, bilermenleriň pikirine görä, ABŞ-nyň ýurduň nebitgaz pudagyny ösdürmäge bolan ymtylyşyny görkezýär.
Ortagündogar nebiti bilen deňeşdireniňde amerikan nebitiniň baha artykmaçlyklary bar. Häzirki wagtda ABŞ nebiti dünýä boýunça eksport edijileriň arasynda mynasyp orny eýeleýär.
ABŞ-nyň energetika maglumatlary müdirliginiň maglumatlaryna görä, günde 2017-nji ýylda birnäçe oňaýly şertlere laýyklykda, ABŞ-nyň nebit eskporty 2015-nji ýylyň dekabrynda günde 392 müň barrel bolanlygyndan, günde 1 million barrele deň boldy. Ösüş depgini 155 göterim.
Hytaýyň halkara gatnaşyklary uniwersitetiniň jemgyýetçilik administrasiasy fakultetiniň dosenti Çu Iniň bellemegine görä, nebiti import ediji döwletden onuň eskport edijisine öwrülen ABŞ dünýäniň nebit bazarynyň köp bölegini eýelemäge umyt edýärler. Energiýa serişdelerini esasy sarp ediji hökmünde Hytaý ABŞ üçin ägirt uly energetika bazary bolup durýar. Şundan ugur alsaň, Hytaý tarapyndan amerikan nebit importynyň artdyrylmagy kanunalaýyklykdyr.
HHR-iň Baş gümrük müdirliginiň berýän soňky maglumatlaryna görä, 2017-nji ýylyň birinji ýarymynda Hytaýa nebit importynyň möçberi 212 mln tonna barabar boldy.
Amerikan nebitiniň Hytaýa importynyň artmagy ortagündogar nebitiň bazar boýunça paýynyň çäklendirilmegine getirýär. Statistiki maglumatlara görä, 2017-nji ýylyň maýynda Saud Arabystanynyň we Orta Gündogaryň Hytaýyň nebit importynyň jemi möçberindäki paýy degişlilikde 11,9 we 41,6 göterime deň boldy. Geçen ýylyň maýynda bolsa bu görkeziji 12,7 we 46,7 göterime deň bolupdy.
Bilermenleriň pikirine görä, amerikan nebitiniň bahalary degişlilikde aşakdadyr. Hut şonuň üçin hem ABŞ-dan Hytaýa nebitiň importynyň artmagy ykdysady bähbitden amatlydyr. Şonuň bilen birlikde, amerikan nebitiniň iberilmegi Hytaýa energiýa serişdeleriniň barýan ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de HHR-iň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge oňaýly täsir eder.
Energiýa serişdelerini eksport ediji bolmak bilen birlikde Hytaý ýurtdaky nebitgaz serişdeleriniň gözlegini we özleşdirilişini hemişe artdyryp durýar. Nebiti çykarmak boýunça tehnologiýany kämilleşdirmegiň çäklerinde ýokary netijeler gazanyldy. Bu zatlaryň ählisi nebitiň çykarylyşynyň kadalaşmagyna we ösmegine ýardam edýär hem-de ýurduň energiýa geçirijileri bilen durnukly üpjün edilmegi üçin «içerki kepillik» berer.
Mundan başga-da, ýaşyl ösüşe mümkin bolan bäş ösüş ugrunyň biri hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurtda energiýanyň ekologiýa taýdan arassa çeşmeleriniň, şol sanda Gün we ýel energiýalarynyň ulanylyşyny artdyrmak hem-de kem-kemden milli ykdysadyýetiň nebite we beýleki gazylyp alynýan baýlyklara bolan zerurlygyny azaltmak meýilleşdirilýär.