“Hyundai Engineering” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hemaýatkäri hökmünde çykyş eder. Bu barada şu gün Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komitet yglan etdi.
Hyundai Engineering”, esasy koreý kompaniýalarynyň biri bolan “Hyundai Motor Group” kompaniýasynyň agzasy bolup durýar, ol öz işini dünýä derejesinde alyp barýar. 2009-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň çägindäki inženerçilik taslamalaryna gatnaşmakdan başga-da, kompaniýa köp ýyllar bäri türkmen sportuny ösdürmäge çekilip, ýerli “Çandybil” futbol toparynyň resmi taýdan hemaýatkäri bolup durýar.
“Hyundai Motor Group” eýýäm onlarça ýyl bäri dürli sport guramalaryny işjeň goldap, tutuş dünýäde sportuň ösmegine uly üns berýär.
“Hyundai Engineering” kompaniýasyndan başga-da, “Mastercard”, “Dragon Oil, CNPC we “Türkmenhowaýollary” “Aşgabat 2017” oýunlarynyň hemaýatkärleri hökmünde çykyş ederler.
“Türkmenhowaýollary” gullugy Türkmenistanda ilkinji ýerli hemaýatkär bolup durýar, ol “Aşgabat 2017” oýunlaryna resmi taýdan hyzmatdaş hökmünde goşuldy. “Türkmenhowaýollary” gullugy Oýunlaryň diňe hemaýatkäri hökmünde çykyş etmek bilen çäklenmän, eýsem, şu ýylyň sentýabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça oýunlaryň geçirilýän döwründe Aşgabat şäheriniň halkara howa menzilinden uçarlaryň gelmegini we gitmegini guraýar. Aşgabatda geçiriljek oýunlara gelýän türgenleriň we myhmanlaryň 8 müňden gowragyny kabul etmek boýunça bilelikdäki meýilleşdirme işleri ýylyň dowamynda alnyp baryldy. Şundan ugur almak bilen türkmen howa ýolagçy gatnadyjylar öz uçuşlarynyň ugurlaryny artdyrmak boýunça çäreleri kabul etdiler.
Dünýä belli “Mastercard” kompaniýasy dürli iri çäreleriň, şol sanda abraýly sport ýaryşlarynyň onlarçasynyň hemaýatkäri hökmünde çykyş etdi.
“Mastercard” kompaniýasynyň sebitdäki menejeri Igor Stepanowyň gürrüň bermegine görä, kompaniýa şeýle ajaýyp sport wakasyna goldaw bermäge şatdyr. “Biz Türkmenistanyň bazarynyň diňe nagt däl tölegler babatda däl-de, eýsem syýahatçylyk zolagy hökmünde mümkinçilikleriniň örän uludygyna ynanýarys. Aşgabatda geçiriljek Oýunlaryň örän gyzykly boljakdygyna hem-de tutuş dünýäde millionlarça adamlaryň kalbynda öçmejek yz galdyrjakdygyna ynamymyz uly”.
“Dragon Oil kompaniýasy Türkmenistanda 17 ýyl bäri işläp, şu döwrüň içinde ýurduň çäginde nebitiň çykarylyşyny artdyrmaga uly möçberde serişdeleri goýýar. Şeýle hem kompaniýa dürli durmuş taslamalarynyň, sport çäreleriniň we toparlarynyň, şol sanda paraolimpiýaçylaryň hemaýatkäri hökmünde çykyş edýär. “Dragon Oil kompaniýasynyň baş direktory Ali Al Jarwanyň belleýşi ýaly, “Biz “Aşgabat 2017” oýunlarynyň halkara giňişliginde ýurduň abraýyny artdyrjakdygyna ynanýarys hem-de Oýunlaryň geçirilmegini goldaýandygymyza buýsanýarys”.
CNPC kompaniýasy — Hytaýyň nebitgaz senagatynyň esasy önüm öndürijisi we iberijisi bolup durýar, 10 ýyl bäri Türkmenistanda üstünlikli işläp gelýär hem-de sport klublaryna, toparlaryna we çärelerine hemaýatkär bolmaga uly üns berýär.