Ak şäherimiz Aşgabatda ýerleşýän Aşgabat Olimpiýa şäherjiginde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa Oýunlary geçirilende, Musa Çaryýew arman-ýadaman işlejek meýletinçileriň biri bolar.
Musa “Ilkinji ýyldyz” bolandygyna buýsanýar we ýurdumyzda geçiriljek bu sport çäresinde hiç hili doping düzgün bozulmalaryna ýol bermezligini isleýär.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Musa Çaryýew Aşgabat 2017-niň Oýunlarynda doping gözegçilerine ýardam berer.
Musa meýletinçilik tejribesinde iň uly taslama boljak bu Oýunlar barada şeýle diýýär:
“Men 2 ýyl mundan öň meýletinçileriň hataryna goşuldym. Aşgabat şäherinde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 34-nji mejlisiniň öňüsyrasynda uniwersitetimizde meýletinçiler kabul edilende sanawyna öz adymy ýazdyrdym. Bu çärede men aragatnaşyk ulgamynda işledim we öz işimden uly lezzet aldym. Şol sebäpden hem ömrümde boljak iň uly çärede – Aşgabat 2017-niň Oýunlarynda işlemäge taýýar” diýip, Musa mähirili ýylgyrdy.
Musa: “Aşgabat 2017-ä taýýarlyk görmek boýunça geçirilen birnäçe synag ýaryşlaryna gatnaşdym we bu tejribeden köp zatlary öwrendim” diýýär. Ol Aşgabat 2017-niň guramaçylygy bilen meşgullanýan halkara hünärmenleri bilen işleşen döwründe-de pursady elden bermän, mümkin boldugyça köp zat öwrenmäge çalyşdy.
“Meýletinçilik bilen meşgullanyp başlanymdan soň, adamlar bilen aragatnaşygy ýola goýmak ukybym has hem kämilleşdi. Dürli döwletlerden we welaýatlardan gelen adamlar bilen gepleşik guramakda özüme bolan ynamym hasam artdy we şahsyýet hökmünde kämilleşmegime ýardam berdi. Şeýle hem, men ýurdumyzyň dürli ýokary okuw jaýlaryndan gelen deň-duşlarym bilen dostlaşdym. Men özümiň meýletinçilik işimi Aşgabat 2017-niň Oýunlaryndan soň hem dowam etmek isleýärin” diýip, tehnologiýa bölüminiň meýletinçileriniň ýolbaşçysy hökmünde tejribesi bolan Musa belläp geçdi.
Musadan iki ýylyň dowamynda meýletinçilik tejribesi barada näme pikir edýändigi hakda soralanda, ol Aşgabat 2017-niň taýýarlyk çärelerine uly gyzyklanma bilen gatnaşýandygyny belläp geçdi.
“Geçen ýyl Baku şäherinde geçirilen “F1 Grand Pri Ýewropa” ýaryşyna meýletinçi hökmünde gatnaşdym. Ýaryşdan soň geçirilen konsertde, ispan aýdymçysy Enriki Iglesis bilen “selfi” surata düşmek üçin köp dyrjaşdym. Meýletinçiniň lybasynda maňa gözi ilen Enriki meni ýanyna çagyrdy we elimden telefonymy alyp, meniň bilen “selfi” surata düşdi. Meniň begenjimiň çägi ýokdy. Bu waka meniň näderejede bagty çüwendigimi görkezdi. Şeýlelikde, Aşgabat 2017-niň Oýunlarynda meýletinçi bolmak meniň üçin uly bagt” diýip, Musa sözüni tamamlady.
Çeşme: ashgabat2017.gov.tm