Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow germaniýaly belli professorlar, lukmançylyk ylymlarynyň doktorlary stomatolog Roland Frankenbergeri we implantologiýa ulgamy boýunça ýöriteleşen Gýunter Ýakob Domy kabul etdi.
Myhmanlar milli Liderimize, işiniň köpdügine garamazdan, ýüzbe-ýüz duşuşyga wagt tapandygy we mümkinçilik döredilendigi üçin hoşallyk bildirip, özüniň arassalygy, owadanlygy we kaşaň binagärligi bilen haýran galdyrýan paýtagtyň düýpli özgeren keşbi barada aýratyn nygtadylar.
Hormatly Prezidentimiz myhmanlar bilen mähirli görşüp, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine önjeýli goşant goşýan Germaniýanyň belli hünärmenleri bilen ýola goýlan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nemeň kärdeşleri bilen däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we çuňlaşdyrmaga Türkmenistanyň uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, «Saglyk» döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň lukmançylygyny ösdürmegiň geljekki meýilnamalary barada gysgaça gürrüň berdi. Häzirki zaman ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlary bilen enjamlaşdyrylan lukmançylyk edaralarynyň gurluşygy maksatnamanyň möhüm ugurlary bolup durýar, şeýle hem täze Stomatologiýa merkezi ilata hyzmatyň giň ugurlaryny hödürlär diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Türkmenistanda stomatologiýany hem-de iplantologiýany ösdürmek boýunça geňeşçiler bolan professorlar Roland Frankenberger we Gýunter Ýakob Dom ýurdumyzda şu ýyllaryň dowamynda oňyn tejribäniň toplanandygyny aýtdylar. Türkmenistan häzirki döwürde milli saglygy goraýyş ulgamyny üstünlikli ösdürmek babatda ägirt uly çäreleri durmuşa geçirmegi dowam edýär, munuň özi ýurtda iri ýöriteleşdirilen lukmançylyk merkezleriniň emele gelmegi, şeýle desgalaryň gurluşyklarynyň depginleri hem-de olaryň iň kämil enjamlar bilen üpjün edilmegi dünýäniň köp döwletleri, şol sanda Germaniýa üçin hem nusgalykdyr diýip bellediler. Türkmen hökümeti we hut ýurduň Prezidenti tarapyndan durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem bagtyýar adamlaryň şatlykly ýüzleri ilkinji nobatda adamlaryň bähbidine we abadançylygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň sosial ýörelgäni ugur edinýändiginiň alamatydyr diýip, myhmanlar aýtdylar.
Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyna köp wagtlap ýolbaşçylyk eden döwründe lukmançylygyň hem-de bu möhüm pudakda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň işjeň öňe gitmegine ägirt uly goşandyny belläp, myhmanlar Germaniýanyň implantologlar jemgyýetiniň hünär boýunça özleriniň kärdeşi bolup durýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy bu jemgyýetiň Hormatly agzalygyna saýlamak baradaky çözgüdi hakynda habar berdiler we dabaraly ýagdaýda döwlet Baştutanyna degişli Hormatly nyşany gowşurdylar.
Döwlet Baştutany bildirilen üns we ynam üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek, öwrenmek, iň esasy bolsa germaniýaly hünärmenleriň bütin dünýäde isleg bildirilýän tejribesini öwrenmek babatda hemmetaraplaýyn taýýardygyny mälim etdi.
Hoşlaşanlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we germaniýaly professorlar soňky ýyllarda ýola goýlan geljegi uly bolan gatnaşyklaryň üstünlikli ösdüriljekdigine we onuň çäklerinde milletiň saglygynyň hatyrasyna alnyp barylýan bilelikdäki derwaýys işiň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler. Şeýle işleriň rowaç almagy bolsa islendik döwletiň baýlygynyň we ösüşiniň esasy görkezijisi bolup durýar diýip, söhbetdeşler bellediler.
referans: www.turkmenistan.gov.tm