Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanan Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasynda biziň döwletimizi dünýäniň ykdysady ösüş we durmuş abadançylygy babatda ýokary görkezijilere eýe bolan ýurtlaryň hataryna çykarmak boýunça möhüm wezipeler goýulýar. Bu maksada ýetmek babatdaky ädimler milli saglygy goraýyş ulgamyny döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan ähli özgertmeleriniň öň hataryna çykarýar. Şunda saglygy goraýyş ýurdumyzyň baş baýlygy hasaplanylýan halkyň saglygyny goramagyň binýatlaýyn ulgamy hökmünde çykyş edýär.
Soňky ýyllarda bu ulgamda hil taýdan okgunly öňegidişlik gazanyldy: bejeriş-öňüni alyş, keseli anyklaýyş we ylmy-kliniki ugurly saglygy goraýyş edaralarynyň köptaraplaýyn we köp şahaly ulgamyny döretmek, lukmanlary taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek, innowasion işläp taýýarlamalary we ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen birlikde ýokary derejeli lukmançylyk kömeginiň giň elýeterliligi üpjün edildi, lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligi ýokarlandyryldy, olar ilatyň isleglerine we lukmançylyk ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryna laýyk getirilildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki zaman tehnologiýalarynyň yzygiderliligi täzelenmegini, täze ylmy açyşlary, bütin dünýäde keselleriň özboluşlylygynyň üýtgemegini nazara almak bilen, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatyny mundan beýläk-de gowulandyrmak diňe saglygy goraýşy innowasion taýdan ösdürmek şertlerinde, ýagny yzygiderli tejribä ornaşdyrylýan öňdebaryjy işläp taýýarlamalar we usullar esasynda mümkin bolýar.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň innowasion ugry barada gürrüň etmezden öň, innowasiýa düşünjesi barada gysgaça durup geçmek maksadalaýyk bolardy. Innowasiýa eýýäm ornaşdyrylan we anyk netijeleri berýän hyzmat ýa-da tehnologiýa bolsun, tapawudy ýok, täze ýa-da kämilleşdirilen önüm görnüşinde öz beýanyny tapan innowasion işiň ahyrky netijesi hökmünde kesgitlenilýär. Başgaça aýdylanda, innowasiýa täzeçillik önümleriň, tehnologiýalaryň, guramaçylyk usullarynyň täze görnüşlerini döretmek we ýaýratmak boýunça işiň özüni däl-de, eýsem anyk netijesini aňladýar.
Jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda innowasiýa nämäni aňladýar?
Munuň özi adamlaryň abadançylygyna hyzmat edýän, raýatlaryň ýokary bahasyna mynasyp bolan zatlardyr, ýagny ol ýa-da beýleki täzeçilligiň peýdaly täsiriniň koeffisientidir. Bu koeffisient lukmançylyk ylmynda we saglygy goraýyşda islendik taslamanyň üstünlikli bolmagynyň ýeke-täk ölçegidir.
Bu babatda lukmançylyk sanitariýa kömeginiň ilkinji ulgamynyň edaralaryny döwrebaplaşdyrmak uly ähmiýete eýedir, çünki hut ambulatoriýa gulluklarynyň şäher we oba gulluklarynyň derejesinde türkmen saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek okgunly we köp ugurly häsiýete eýe bolýar. Olaryň saglygy goraýşyň milli maksatnamasynyň guramaçylyk ýörelgelerini şöhlelendirýän işi ýurdumyzyň hünärmenleriniň ylmy barlaglarynyň derwaýys ugurlaryny hem-de täzeçillikleriň netijeliligini kesgitleýär.
Aşgabat şäherinde golaýda açylan 10-njy Saglyk öýi keselleri bejeriş-öňüni alyş ulgamynyň edaralaryny täze derejä çykarmagyň aýdyň mysaly bolup hyzmat edýär. Bu saglyk öýüniň ýarym ýyldan gowrak wagt mundan ozal açylmagy iş ýüzündäki saglygy goraýşy ilata lukmançylyk kömegini bermegiň ýokary ülňüleriniň derejesine çykarmakda täze möhüm ädim boldy. Keselleri anyklamagyň we bejermegiň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň raýatlarynyň ýaşaýan ýerlerine ýakynlaşdyrylmagy we şunuň esasynda toplumlaýyn maglumatlar ulgamynyň döredilmegi häzirki wagtda Türkmenistanda saglagy goraýşyň esasy ugurlarynyň biridir.
Paýtagtymyzyň 10 ýyl Abadançylyk köçesiniň ugrundaky 10-njy Saglyk öýi golaýdaky iri ýaşaýyş jaý toplumynyň Aşgabadyň günorta böleginiň çalt depginler bilen ösýän täze ýaşaýyş toplumynyň biriniň 60 müňden gowrak ýaşaýjysyna hyzmat edýär. Ýeri gelende aýtsak, bu saglagy goraýyş edarasy şol ýerdäki ähli amatlyklary bolan 18 sany ýaşaýyş jaý bilen bilelikde ulanmaga berildi. Şol gün bu has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynda bagtly maşgalalaryň 1700-den gowragy jaý toýuny tutdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen ýatdan çykmajak ajaýyp dabara döwletimiziň amala aşyrýan syýasatynda durmuş meseleleriniň ileri tutulýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Milli Liderimiziň desgalaryň açylyşyna gatnaşmagy bolsa Türkmenistanyň Baştutanynyň raýatlarymyzyň abadan we döredijilikli durmuşy üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilen örän ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
Bu Saglyk öýüniň gurluşygynyň taslamasyna ABŞ-nyň 16 million 500 müň dollary möçberindäki serişde goýberildi. Onuň bahasy ýokary tehnologiýaly lukmançylyk merkeziniň gurluşygynyň bahasy bilen deňdir. Häzirki wagtda bu goýberilen serişdeler oňyn netijesini hem berýär. Ilkinji nobatda, onuň bähbitliligi, adamlaryň saglygy goraýyş edaralaryna, döwlet lukmançylyk edaralarynyň işine ynam bilen garamagy, raýatlarymyzyň şol edaralarda ýeterlik derejede we häzirki zaman ülňülerine laýyklykda hünärmenleriň ýokary derejeli kömegini alyp biljekdigine bolan ynamy bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda köp sanly döwürleýin neşirleriň, telewideniýäniň we internetiň işi netijesinde her bir adam üçin lukmançylyk bilimlerine giň ýol açyldy. Şol bilimleri ulanmagy başarýan hünärmenlere ýüzlenýän näsaglaryň her biri eýýäm belli bir derejede maglumatlar babatda tejribelidir, şol sanda keselleri bejermegiň dünýäde bar bolan öňdebaryjy tehnologiýalary we usullary barada habarlydyr. Milli saglygy goraýyş ulgamy türkmen jemgyýetinde hem barha ösýän ýokary hilli, tehnologiki lukmançylyk hyzmatlaryna mynasyp jogap berýär, köp halatlarda bolsa şol isleglerden öňe geçýär.
Şu babatda 10-njy Saglyk öýüne gelýän raýatlara ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda iň täze keseli anyklaýyş enjamlarynyň hyzmatyndan peýdalanmak mümkinçiligi döredi. Mysal üçin, ultrasesli süňk densitometrini alyp göreliň. Kliniki-keseli anyklaýyş bölüminde onuň kämilleşdirilen nusgasy goýlupdyr. Ol süňk dokumasynyň dykyzlygyny örän howpsuz, çalt we anyk barlamaga we irki döwürde onuň patologik gyşarmalaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.
Özüniň saglygyny barlatmaga gelen adama bu enjama dabanyny görkezmek we özüniň doglan ýylyny aýdaýmak galýar. Maşyn daban süňküni surata düşürýär we barlaglaryň netijesini görkezýär. Şol netijeler komýuter monitorynyň ekranyna çykarylýar we çap edilýär. Süňk dokumasynyň ýagdaýynyň görkezijileriniň şekili çylşyrymly düşündirişi talap etmeýär. Çünki, belli bir ýaş topary üçin diagrammalar görnüşinde ortaça görkeziji bilen deňeşdirilip berilýär. Barlaglar bary-ýogy bir minuta golaý dowam edýär.
Germaniýada öndürilen rentgen-enjamy hem öz häsiýetleri boýunça örän täsin enjamlaryň hataryna girýär. Ol tutuş agyz boşlugyny surata düşürmäge mümkinçilik berýär. Bu kompýuter tomografy dental rentgenologiýasynda täzelik boldy we gürrüňsiz, lukmançylyk ylmynyň we tehnikasynyň iň ähmiýetli gazananlarynyň biri bolup durýar. Örän gysga wagtyň içinde lukman bu enjamyň kömegi bilen anyk maglumatlary alýar. Şol maglumatlar bilen plýonkada, kagyzda, monitorda işläp bolýar. Şunda ähli maglumatlar we suratlar elektron binýatda saklanýar, oňa islendik wagt ýüzlenip bolýar. Şu ýerde ýene-de bir möhüm zat barada durup geçmelidiris: şeýle enjamyň rentgen şöhlesiniň näsaga edýän täsiriniň ýygylygy adaty enjamlary ulanmak arkaly plastinkalarda suratlar alnandakydan onlarça esse pesdir(!), şekiliň hili bolsa birnäçe esse ýokarydyr. Monitoryň ekranynda suraty ulaldyp we şekiliň 3D rekonstruksiýasyny geçirip bolýandygy lukman üçin örän amatlydyr. Munuň özi keseli anyklamak, bejermek, protezirlemek üçin örän uly mümkinçilikleri açýar.
Şeýle täzelikler bir ýa iki däldir, ýöne esasy zat diňe olar bilen baglanyşykly däldir. Enjamlaryň özi köp çäreleri ýeňilleşdirýär, barlaglary aňsatlaşdyrýar we bejeriş-keseli anklaýyş bölüminiň geçirijilik ukybyny ep-esli artdyrýar. Bu saglyk öýi bir çalşykda näsaglaryň müňüsini kabul etmäge niýetlenendir. Bu ýerde işleriň doly güýjünde ýola goýulmagy adamlaryň uzyn nobata durmagynyň öňüni alýar. Bu ýerde berk tertip-düzgün höküm sürýär. Lukmanlar bu ýere gelýänlere mylakatly hem-de uly üns bilen çemeleşýärler. Munuň özi adamlarda ynam döredýär. Olar özleriniň saglygy barada ýakyndan alada edilýändigine göz ýetirýärler.
10-njy Saglyk öýüniň işiniň esasyny maşgala lukmançylyk ýörelgesi düzýär. Bu ýörelge milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda saglygy goraýyş ulgamyny özgertmegiň geçen ýyllarynda Türkmenistanyň ilkinji saglygy goraýşynyň tejribesinde özüni üstünlikli ödedi. Üç sany maşgala bölümden başga-da, Saglyk öýüniň düzümine hirurgiýa, zenanlar konsultasiýasy, stomatologiýa, keseli anyklaýyş, fizioterapiýa, bejeriş bedenterbiýesi, dikeldiş-bejeriş bölümleri, şeýle hem barlaghanalar we Tiz kömek bölümi girýär.
Saglyk öýüniň işgärleriniň üçden bir bölegi, ýagny işgärleriň 300-den gowragy lukmanlardyr. Maşgala lukmanlaryndan başga-da, göz keselleri lukmany, otolaringolog, newropatolog, hirurg, endokrinolog, onkolog, kardiolog, urolog, trawmatolog-ortoped, ginekolog we beýleki lukmanlar bar. Başgaça aýdylanda, her bir ýüz tutup gelýän adam üçin lukmançylygyň ähli ugurlary boýunça hyzmat edilýär.
Häzirki zaman lukmançylyk enjamlarynyň giň mümkinçilikleri ýokarda sanalyp geçen hünärmenleriň ygtyýaryndadyr. Şol enjamlary ýöriteleşdirilen lukmançylyk mekrezlerinde ulanylýan enjamlar bilen deňeşdirmek bolar.
Mysal üçin, göz keselleri lukmanynyň Bon german kompaniýasynyň keselleri anyklaýyş enjamlary oftalmoskop, wiziometr, biomikroskop we beýlekiler bilen üpjün edildi. Munuň özi çylşyrymly optiki ulgamlary hem-de örän takyk sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly näsagyň görüşini häsiýetlendirýän degişli görkezijileri örän takyk almaga mümkinçilik berýär. Göz keselleri lukmanynyň ygtyýarynda gözüň içiniň basyşyny barlaýan örän ähmiýetli tonometr enjamy hem bardyr. Basyşy barlamak awtomatik ýagdaýda, iň täze elektronikanyň gözegçiliginde amala aşyrylýar. Munuň özi bu enjamy lukman üçin örän amatly we näsag üçin ýokary derejede howpsuz we oňaýly edýär. Bu enjam bary-ýogy birnäçe sekundyň dowamynda geçirilýän barlaglaryň netijeleriniň takyklygyny birnäçe esse ýokarlandyrýar.
Çagalaryň we uly ýaşdaky adamlaryň has köp barýan otolaringologyň otagynda hem otopront we timpanometr ýaly nemes enjamlary ornaşdyryldy. Öňdebaryjy lukmançylyk tehnikasy özüni bejerdýän adamlary kabul etmegiň, olary gözden geçirmegiň we diagnozy goýmagyň wagtyny gysgaltmaga, şahsy maglumatlar esasynda bejermegiň has netijeli usullaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Soňky ýyllarda biziň ýurdumyzda hirurgiýa usulyny ulanmazdan, keselleri bejermegiň täze usullaryny işjeň ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Göz keselleri lukmanlarynyň mekdeplerde, çagalar baglarynda köpçülikleýin öňüni alyş çärelerini geçirmek boýunça toplumlaýyn maksatnamalara gatnaşmagy hem uly ähmiýete eýedir. Hünärmenleriň belleýşi ýaly, öňden meýilleşdirilen keselleriň öňüni alyş işleriniň oňat guralmagy, bu çärelere ilatyň giňden çekilmegi dümew keselleriniň ýylsaýyn azalmagyny şertlendirýär.
Fizioterapiýa otagynyň enjamlar toplumy hem üns berilmäge mynasypdyr. Ol gelýän näsaglaryň sany we görülýän bejeriş çäreleri babatda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Bu otag elektro, ýylylyk we yşyk terapiýasy usullaryny (darsonwalizasiýa, Bernaryň toklary, amplipuls, induktotermiýa, elektroforez, UWÇ, kwars we ş.m.) ulanmak üçin iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi. 10-njy Saglyk öýünde keselleri bejermegiň şu usullarynyň üsti daýanç-hereket we nerw ulgamlarynyň kesellerini bejermek üçin maslahat berilýän suw we palçyk arkaly bejeriş usullary bilen ýetirildi. Sagaldyş-dikeldiş çärelerini amala aşyrmak üçin refleksoterapiýa, ozokeritiň, parafiniň kömegi bilen bejermek we beýleki usullar giňden ulanylýar. Bejeriş bedenterbiýe otagy zerur bolan sport abzallary bilen üpjün edilen uly bolmadyk sport zalyndan ybaratdyr. Şol abzallardan diňe bir näsag adamlar däl, eýsem, sagdyn raýatlar hem peýdalanyp bilerler.
Saglyk öýüniň maslahat beriş-keseli anyklaýyş bölümini dünýä derejesindäki iň häzirki zaman lukmançylyk gullugynyň aýdyň nusgasy diýip atlandyrmak bolar. Ýokarda agzalyp geçilen ultrasesli süňk densitomertrinden başga-da, ol kompýuter reowazografy, elektroensefalograf, rentgen enjamy, flýuorograf, spirograf, elektrokardiograf, içki organlaryň UZI enjamy we ehokardiograf, fibrogastroduodenoskop, rektokolonoskop we beýleki iň täze enjamlar bilen üpjün edildi.
Bu ýerde näsaglar bary-ýogy bir günüň dowamynda zerur bolan barlaglardan geçip bilerler we degişli maslahatlary alyp bilerler. Soňra bolsa olar şol lukmançylyk edarasynyň çäklerinde häzirki zaman derejesinde bejergi alarlar.
Hawa, häzirki wagtda Aşgabatda hyzmatlaryň köp görnüşlerini hödürleýän lukmançylyk mekrezleri az däldir. Näsaglar köp halatlarda keselleri anyklamakdan başlap, doly bejerişe çenli ýokary derejeli lukmançylyk kömegini özleriniň ýaşaýan ýerleri boýunça almak isleýärler. Munuň özi olara wagtlaryny tygşytlamaga hem-de özlerini amatly duýmaga mümkinçilik berýär. Maşgala lukmanynyň gözegçilik etmegi we maslahatlary esasynda alnyp barylýan bejeriş çäreleri bolsa terapewtiki bejerişleriň dürli görnüşlerini almak mümkinçiligini göz öňünde tutýar. Mundan başga-da, maşgala lukmanlarynyň wezipeleriniň hataryna öňünialyş çärelerini guramak, şol sanda dogry iýmitlenmegi, sagdyn durmuş ýörelgesine, sport bilen meşgullanmagy wagyz etmek boýunça çäreleri guramak, zyýanly endikleriň saglyga ýetirýän ýaramaz täsiri barada ilata gürrüň bermek wezipeleri girýär.
10-njy Saglyk öýüniň maşgala lukmanlary bölümleri we lukmanlaryň iş ýerleri umumy lukmançylyk tejribesinde ulanylýan häzirki zaman enjamlary, lukmançylyk baradaky kitaplar we gollanmalar hem-de Internet ulgamy bilen üpjün edildi. Maşgala lukmany näsagyň arzyny diňländen soň, anamnez bilen ýakyndan tanyşýar. Ol dünýäniň iň gowy hassahanalarynda ulanylýan enjamlaryň kömegi bilen näsagyň ýagdaýyny barlap biler. Ýerinde içki synalaryň ultrases barlaglaryny geçirmäge mümkinçilik berýän täsin ykjam enjam näsaglaryň öýüne barýan maşgala lukmanynyň ygtyýaryndadyr.
Özüne berkidilen çäkde alyp barýan işi bilen baglylykda her bir maşgalanyň genofondyna belet bolan hut maşgala lukmany näsaga birnäçe maslahatlary berer hem-de barlaglary hödürlär. Şol barlaglary hut şu ýerde, Saglyk öýüniň ýewropa enjamlary bilen üpjün edilen barlaghanalarynda geçirip bolar. Barlaghana toplumy birnäçe bölümden ybaratdyr. Olaryň hatarynda umumy kliniki barlaglar, biohimiýa, sitologiýa bölümleri, şeýle hem inçe keseli bejermek üçin Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan maslahat berlen DOTS strategiýasynyň ýöriteleşdirilen merkezi bar.
Saglygy babatda ýüz tutan adam örän gysga wagtyň içinde giňişleýin laboratoriýa barlaglaryndan, kompýuter arkaly ýöriteleşdirilen keseli anyklaýyş çäresinden geçip biler. Ýurdumyzyň saglygy goraýşyna işjeň ornaşdyrylýan maglumatlar ulgamynyň kömegi bilen näsag barada alnan ähli maglumatlar onuň elektron lukmançylyk kartasynda saklanylýar.
Häzirki wagtda 10-njy Saglyk öýünde elektron lukmançylyk kartalaryna geçmek işi tamamlaýjy tapgyra gadam basýar, oňa ýüz tutýanlaryň köpüsi eýýäm ellerine şahsy kody bolan fleş-göterijileri aldylar. Adamlary kabul edýän hünärmenleriň ählisiniň iş orunlary ýörite hasaplaýyş enjamlary goralan deňeşdiriş maglumatlary saklanylýan bitewi maglumatlar ulgamynyň elýeterli bolmagyny üpjün edýän kartrider bilen üpjün edildi. Şol maglumatlar näsagyň lukmançylyk edarasyna gelen mahaly gözden geçirilýär.
Aşgabatdaky Saglyk öýi Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň maşgala lukmançylygy kafedrasy üçin binýat bolup hyzmat edýär we geljekde hünärli maşgala lukmanlaryny taýýarlamak, kämilleşdirmek işine, şeýle hem ylmy işleri geçirmäge ýardam eder.
10-njy Saglyk öýünde özüniň operasion otaglarynyň hem bardygyny bellemelidiris. Şol ýerde örän kadaly şertlerde degişli enjamlary ulanmak arkaly çylşyrymly bolmadyk hirurgiýa operasiýalaryny geçirmek bolýar. Şol enjamlar uly hirurgiýada ulanylýan enjamlardan kän tapawutlanmaýar.
Saglyk öýüniň düzümine şeýle hem näsaglara öýünde ýa-da ýolda gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek üçin tiz kömek bölümi bar. Mersedes Bens kysymly ulaglar elektrokardiograf, defibrillýator Ambu paketi, otoskop, oftalmoskop, glýukometr, şeýle hem zerur bolan derman serişdeleri bilen üpjün edildi.
Bu ýerde şeýle hem gündizki stasionarlar göz öňünde tutulandyr, näsaglar şol ýerde lukmanyň gözegçiliginde bolýarlar we degişli bejeriş çärelerini alýarlar. Şeýle stasionarlar, hususan-da, göwreli aýallar hem-de içki synalary keselli näsaglar üçin niýetlenendir.
Saglyk öýüniň edýän hyzmatlarynyň görnüşleriniň üstüni ýetirýän ýörite nokatlaryň hatarynda oral regidratasiýa otagy bar. Şol ýerde ýörite ergileri kadalaşdyrylan usulda kabul etmegi arkaly ötüşdirilmedik aşgazan içege kesellerini bejermek ýola goýuldy. Şeýle hem bu ýerde antenantal bejeriş, Sagdyn maşgala otaglary we beýlekiler bar. Bu lukmançylyk edarasynda uly we kiçi mejlisler zallary, kitaphana, naharhana, dermanhana hem hereket edýär.
Saglyk öýünde fito-baryň guralandygy bellärliklidir. Şol ýerde saglygyny barlatmaga gelýänlere türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanýan melhemlik içgiler hödürlenýär, şeýle hem degişli peýdaly maglumatlar berilýär. Bu nokady döretmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly düýpli ylmy işi aýratyn ähmiýete eýe boldy. Milli Liderimiziň bu ylmy işi fitoterapiýanyň täsin ensiklopediýasy we türkmen lukmanlarynyň ýankitaby bolup hyzmat edýär.
Ýurdumyzyň esasy lukmançylyk edaralary bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk etmek we maglumatlary alyşmak hem Saglyk öýüniň edýän hyzmatlarynyň ýokary hilli bolmagynyň kepili bolup durýar. Saglyk öýüniň konsepsiýasyna laýyklykda, onuň wezipeleri diňe bir bejeriş, keselleriň öňüni alyş we sagaldyş çärelerinden däl, eýsem okuw we ylmy-barlag çärelerinden hem ybaratdyr.
Köpçülikleýin keseliň öňüni alyş we wagyz ediş işlerini alyp barmak hem bu edaranyň möhüm wezipeleriniň biridir. Munuň özi, ilkinji nobatda, ösüp gelýän nesilleriň arasynda saglyk hakyndaky bilimleri wagyz etmekden, mowzuklaýyn sapaklary, çykyşlary we täsirli duşuşyklary geçirmekden ybaratdyr. Şol çäreleriň köpüsi ýöriteleşdirilen lukmanlar toparlary tarapyndan okuw jaýlarynda amala aşyrylýar. Ýeri gelende aýtsak, bu Saglyk öýi otra bilim berýän mekdepleriň 20-sine we çagalar baglarynyň 22-sine howandarlyk edýär.
Hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hili we her bir adam üçin ýokary amatlyklaryň döredilmegi 10-njy Saglyk öýüniň işgärleriniň esasy maksatlarynyň biridir. Olaryň işi esasy üç sany ýörelgä ýokary hünärli saglygy goraýyş işgärleri, häzirki zaman lukmançylyk tehnologiýalary we giň elýeterlilik ýörelgelerine esaslanýar. Ýeri gelende aýtsak, bu ýere paýtagtymyzyň beýleki etraplarynyň ýaşaýjylary hem ýüz tutup bilerler we tölegli esasda hyzmatlary alarlar.
Saglyk öýüniň ýokary tehnologiýaly enjamlaryna, häzirki zaman bilimlerini ele alan lukmanlaryň iş başarjaňlygyna we hünär ussatlygyna, hyzmatlaryň ýokary derejesine bu ýerde daşary ýurt wekiliýetleriniň düzüminde tanyşlyk gezelenjinde bolan biziň ýurdumyzyň myhmanlary hem mynasyp baha berdiler. Olaryň biragyzdan bellemegine görä, şeýle lukmançylyk edarasy daşary ýurtlaryň iň gowy köpugurly hassahanalaryndan birjik-de pes durmaýar.
Bu ýerde binanyň içki bezegi hem saglygyny bejertmäge gelýänlerde ýakymly duýgulary oýarýar. Binanyň bezeginde ulanylan ýagty reňkler, amatly häzirki zaman mebelleri, geçelgelerde goýlan telewizorlar, ussatlyk bilen döredilen suratlar we ajaýyp surat peýzažlary, maglumatlar pannolary we plakatlar aýratyn sazlaşyk döredýär.
10-njy Saglyk öýi Saglyk döwlet maksatnamasynyň çäklerinde öz öňünde durýan wezipeleri çözmek bilen, edilýän lukmançylyk kömeginiň möçberini yzygiderli artdyrýar. Her aýda bu ýere gelýänleriň, lukmançylyk hünärleriniň sany artýar, keseli anyklamagyň we bejermegiň häzirki zaman usullary ulanylýar. Ýokary hünärli hünärmenleriň we özüniň barlaghana keseli anyklaýyş binýadynyň bolmagy bu edarany dürli lukmançylyk hünärleriniň sazlaşykly hyzmatdaşlygynyň nusgasyna, täze görnüşli saglygy bejeriş edarasyna öwürdi.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde innowasion lukmançylyk tehnologiýalary esasynda saglygy bejeriş-keseli anyklaýyş tejribesiniň yzygiderli kompýuterleşdirilmegi örän uly ähmiýete eýe boldy. Lukmançylykda ýokary tehnologiýalaryň ulanylmagynyň köp halatlarda beýleki pudaklardaky şeýle çärelerden öňe geçýändigini bellemelidiris. Şeýlelikde, saglygy goraýyş edaralary ýurdumyzyň innowasion ulgamynyň binýatlaýyn böleklerine öwrülýär. Saglygy goraýşyň innowasion ösüşi bolsa Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň saglygyny gowulandyrmagyň we ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmagyň esasy ugry bolup durýar.