9.9 C
Aşkabat
23.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

ITB Berlin-2015 Sergisi

Türkmenistanyň wekiliýeti 4-8-nji mart aralygynda “ITB Berlin-2015” halkara syýahatçylyk sergisiniň işine gatnaşdy. Germaniýanyň paýtagtynda geçirilen, dünýäde iri pudaklaýyn waka hasaplanlýan bu forum her ýyl syýahatçylyk ulgamynyň iň täze ugurlaryny we mümkinçiliklerini görkezýär. Biziň ýurdumyz hem soňky ýyllarda oňa yzygiderli gatnaşýar. Sergä gatnaşýanlaryň sany bolsa ýylsaýyn artýar.

Şu ýyl “ITB” sergisinde, “Messe Berlin” sergiler şäherjiginiň çäginde dünýäniň 188 ýurdundan hünärmenleriň on müňden gowragy işledi. Serginiň birinji gününde Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň (UNWTO) Baş sekretary Taleb Rifai “ITB Berlin” sergisiniň guramaçylyk komitetiniň wekilleri bilen birlikde ýaýbaňlandyrylan pawilýonlaryň ençemesini gözden geçirdi. Olaryň hataryna türkmen pawilýony hem girdi. Pawilýonyň myhmanlary ýurdumyzyň gadymy taryhy ýadygärliklerine, milli däp-dessurlaryna, şypahana merkezlerine we ajaýyp tebigy ýerlerine aýratyn gyzyklanma bildirip, hut şu syýahatçylyk serişdeleriniň sazlaşmagynyň ýurdumyzy diňe bir dünýäniň ähli künjeklerinden bolan syýahatçylyr üçin däl, eýsem, maýadarlar üçin hem özüne çekiji edýändigini nygtadylar.

UNWTO-nyň baştutany ýurdumyzyň syýahatçylyk kuwwaty bilen eýýäm 2013-nji we 2014-nji ýyllarda Türkmenistana bolan iş saparlarynyň barşynda içgin tanyşmaga mümkinçilik alypdy. Aşagbatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygyň barşynda Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň Baş sekretarynyň belleýşi ýaly, UNWTO syýahatçylyk ulgamynda işjeň döwlet syýasytyny we türkmen Lideriniň ýurdumyzda taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikleri goramak, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek baradaky başlangyçlaryny goldaýar. Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagyny ösdürmegiň häzirki zaman milli nusgasy dünýäniň beýleki ýurtlary üçin hem görelde bolup biler we halkara ykrarnamasyna mynasypdyr diýip, jenap Rifai aýtdy. Ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamy häzirki wagtda medeniýetleriň we halklaryň ýakynlaşmagynyň netijeli guraly hökmünde çykyş edýär.

Ýurdumyza bolan iş saparynyň çäklerinde UNWTO-nyň Baş sekretary Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetinde hem duşuşyk geçirdi. Ýakyn ýyllar üçin bilelikdäki işiň maksatnamasyny taýýarlamak bu duşuşygyň esasy meseleleriniň biri boldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pudagyň öňünde goýan wezipeleri babatda UNWTO-nyň Türkmenistanyň syýahatçylyk taslamalaryny bilermenler derejesinde goldamagy, marketing barlaglary we syýahatçylyk hyzmatlarynyň täze tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, pudagyň mahabat-maglumat we işgärler bilen üpjünçiligi hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. 

Türkmen tarapy Bütindünýä syýahatçylyk guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ýollaryny kesgitläp, netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin anyk teklipleri taýýarlady. Bu babatda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Bu taslamany halkara derejesinde maglumat taýdan goldamak, ony daşary ýurtlaryň syýahatçylyk önümleriniň bazarlarynda ilerletmek, myhmanhana hojalygyny, işjeň dynç alyşyň düzümini guramak ulgamynda tejribe alyşmak, ýaş şypahana zolagyny ösdürmäge daşary ýurt maýalaryny çekmek we beýleki meseleler uly ähmiýete eýe bolýar. 

UNWTO-nyň wekilleriniň gatnaşmagynda her ýyl “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Syýahatçylyk we gezelençler” atly halkara sergisi geçirilýär. Onuň çäklerinde ählumumy syýahatçylyk bazarynyň ugurlary bilen baglylykda Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamynyň ösüşiniň geljegine we maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanan maslahat guralýar. 

UNWTO-nyň çaklaýşy ýaly, ýakyn onýyllyklarda syýahatçylyk akymynyň ösüşi hut Aziýa sebitinde ýokary bolar. Bu sebit “ITB Berlin-2015” sergisinde hem giňden we köpöwüşginli wekilçilik etdi. 

Türkmen pawilýony barada aýdylanda bolsa, onda ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň esasy hususy kärhanalary özleriniň diwarlyklaryny görkezdiler. Olaryň hatarynda “Nurana aý”, “Owadan syýahat”, “Durdynyýaz”, “Aýan” kärhanalary we beýleikler bar. Bu kärhanalaryň ýolbaşçylary daşary ýurtly işewürler, iri syýahatçylyk kompaniýalyrynyň we halkara agentlikleriniň wekilleri bilen özara bähbitli işjeň gatnaşyklary ýola goýmak babatda netijeli gepleşikleri geçirdiler. 

Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň wekiliniň syýahatçylyk ulgamynyň ussatlary hem-de dünýäniň köp ýurtlaryndan, şol sanda Awstriýadan, Fransiýadan, Litwadan, Latwiýadan, Braziliýadan, Argentinadan, Wenesueladan, Perudan gelen kärdeşleri bilen geçiren duşuşyklarynda milli syýahatçylyk düzümleriniň derejesinde özara gatnaşyklar barada gürrüň edildi. Daşary ýurtly hünärmenler syýahatçylyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we giňeltmek, oňa barha täze desgalary we çäkleri çekmek boýunça alnyp barlyýan giňmöçberli işler bilen tanyşdyryldy. Munuň özi biziň myhmanlarymyzyň türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary we ruhy gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşmagyna mümkinçilik berdi. Şeýle hem geljekde degişli ylalaşyklary baglaşmagyň mümkinçilkleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen sergisi diňe bir köpsanly syýahatçylyk guramalarynyň däl, eýsem, syýahatçylyk pudagy bilen garyşyk pudaklarda ýöriteleşdirilen kompaniýalaryň hem ünsüni çekdi. Umuman, serginiň guramaçylyk komitetiniň statistiki gullugynyň maglumatlaryna görä, “ITB Berlin-2015” sergisiniň işleýän bäş gününiň dowamynda oňa 170 müňe golaý adam gelip gördi. Olaryň aglabasy dünýäniň işewür toparlarynyň wekilleridir. Bu giň möçberli çärede dünýäniň 90 ýurdundan žurnalistleriň 7 müňüsi işledi.

“ITB” sergisiniň çäklerinde dünýädäki iň uly syýahatçylyk kongresi geçirildi. Ol 2004-nji ýyldan bäri her ýyl çagyrylan bazar bilermenleriniň, syýasatçylaryň, ykdysadyýetçileriň, ekologlaryň gatnaşmagynda geçirilýär. 2015-nji ýylyň kongresiniň esasy meseleleri ykjam marketing, kino syýahatçylygy, pudagyň geljekki kuwwaty we onuň hyzmatlar tehnologiýalarynyň ugurlary bilen baglanyşykly boldy. 

Berlinde geçirilen şu halkara forumynyň giň gerimli sergi meýdançasynda Türkmenistana özüniň tekliplerini hödürlemäge we özara peýdaly tanyşlygy, täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik döredi. Şol gatnaşyklar bolsa milli syýahatçylyk ulgamynyň dünýäniň syýahatçylyk düzümine goşulyşmagyna kuwwatly itergi bermäge ukyplydyr.

Degişli makalalar

Ýörelgeler Dowamy: Ýaşajyk Nakgaşlar Ahal-Teke Bedewlerine Bagşlanan Işlerini Görkezdiler

Astanada Ylmy-Amaly Maslahat Geçirildi

syrach

Türkmenistanda Geçirilen ÝHHG-niň Seminary

syrach