Türkmen paýtagtynda nebitgaz ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň täze ugurlaryny bellän we geljek üçin bilelikdäki meýilnamalary utgaşdyrmaga ýardam eden IV halkara Gaz kongresi öz işini tamamlady. Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça we howandarlygynda geçirilen bu iri ýöriteleşdirilen maslahaty Türkmengaz döwlet konserni we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy gurady.
Dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan hökümet guramalarynyň, dünýäniň esasy nebitgaz kompaniýalarynyň 150-siniň, esasy habar beriş serişdeleriniň 500-siniň wekillerini ýygnan Türkmenistan möhüm halkara meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylýan ýerine öwrülendigini ýene-de bir ýola tassyklady, şonda gaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhüm taraplary, energiýa serişdelerini ibermegiň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalşdyrmaga, halkara hyzmatdaşlygyna we maýa goýumlara, milli hem-de sebitleýin gaz geçiriji düzümlerini ösdürmäge degişli meselelere garaldy.
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ajaýyp üstünliklerini, ortaça we uzakmöhletli ösüş mümkinçiliklerini hödürlän ýurdumyzyň nebitgaz edaralary hem öz kuwwatyny görkezdiler.
Nebitgaz ulgamynda uly iş tejribesi bolan dünýäniň iri kompaniýalarynyň kongrese giňden gatnaşmagy soňky ýyllarda ygtybarly işewür hyzmatdaşyň abraýyna mynasyp eýe bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge dünýäniň işewür toparlarynyň barha artýan gyzyklanmasyna şaýatlyk edýär.
Hususan-da, hökümet düzümleriniň, halkara guramalarynyň, ylmy toparlaryň, Chevron, Exxon-Mobil, BP, Shell, Hyundai Engineering, Pietro Fiorentini, Honeywell, Halliburton, CPECC kompaniýalarynyň, auditorçylyk edaralarynyň we beýlekileriň wekilleriniň öz çykyşlarynda belleýşi ýaly, Türkmenistanyň gaz pudagynyň depginli ösüşi we giň möçberli energetiki bazarlara goşulyşmagy halkara hyzmatdaşlygynyň geriminiň giňelmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Amatly maýa goýum ýagdaýy, salgyt salmagyň ýönekeýleşdirilen ulgamy, döwlet tarapyndan berilýän beýleki kepillendirmeler täze gaz ýataklaryny gurnamaga, işläp gelýän önümçilikleri döwrebaplaşdyrmaga we täze önümçilikleri döretmäge, täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga we gaz pudagy üçin hünärli işgärleri taýýarlamaga gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen özara peýdaly hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýan oňat ýagdaýlardyr.
Kongresiň işiniň ikinji güni önümçilikde maýa goýumlaryna we gaz serişdelerini işläp taýýarlamaga, çig maly agtarmagyň we çykarmagyň täze usullaryna, eksport we üstaşyr geçirmek mümkinçiliklerine, ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerini ösdürmäge, gazy we gazhimiýa önümlerini gaýtadan işlemäge, şeýle hem ekologiýa meselelerine bagyşlanan birnäçe mowzuklaýyn mejlislerden ybarat boldy.
Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda düýpli özgertmeleriň depginli amala aşyrylýandygy, türkmen energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak üçin kuwwatly önümçilik düzümleriniň döredilýändigi çykyşlarda bellenip geçildi.
BP halkara iňlis kompaniýasynyň 2012-nji ýylyň iýulynda Aşgabatda geçirilen tanyşdyryş çäresi Türkmenistanyň ýangyç-çig mal gorlary boýunça dünýäde baý energetiki döwleti hökmünde derejesini ýene-de bir gezek tassyklady.
Hazar deňziniň türkmen böleginiň, Amyderýanyň sag kenarynyň ýataklarynyň, ýurdumyzyň günorta-gündogar böleginiň, Merkezi Garagum toparynyň we beýlekileriň nebitiniň hem-de gazynyň hakykatda işlenip geçilmedik geljegi uly meýdançalary öz hyzmatdaşlarynyň öňünde kabul eden ähli borçnamalaryny ýerine ýetirmek babatda Türkmenistanyň ygtybarlydygynyň girewidir.
Türkmenistanyň gündogarynda Galkynyş gaz käniniň açylmagy ýurdumyzyň maýa goýum babatda özüne çekijidigini we eksport kuwwatyny has-da ýokarlandyrdy. Çig mal gorlary boýunça Beýik Britaniýanyň Gaffney, Cline & Associates konsalting kompaniýasy tarapyndan geçirilen, 26 trillion 200 milliard kub metr gaza barabar baha berilýän garaşsyz halkara auditiniň netijeleriniň görkezişi ýaly, bu özboluşly tebigy gaz käni dünýäde ikinji ýatak bolup durýar.
Bu ägirt uly gaz ýatagyny çalt abadanlaşdyrmak we ulanmaga bermek üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2009-njy ýylyň dekabrynda Türkmengaz döwlet konserni HHR-den, BAE-den we Koreýa Respublikasyndan bolan kompaniýalar bilen hyzmat ediş şertnamalaryna gol çekdi. Bu iri maýa goýum taslamasynyň çäklerinde ýakyn wagtlarda bu ýerde desgalaryň birinji nobatdakysy ulanyş guýylary we gaz çig malyny kükürtden arassalamak hem-de ýokary hilli harytlyk gazy öndürmek boýunça döwrebap zawodlar işe giriziler. Diňe Galkynyş gaz känini ulanmagyň birinji tapgyry netijesinde, bir ýylda 30 milliard kub metre çenli mawy ýangyç öndüriler.
Tutuşlygyna alnanda, Türkmenistanyň ýangyç serişdeleri türkmen we daşary ýurt hünärmenleriniň baha bermegine görä, 71,21 milliard tonna şertli ýangyja barabardyr. Häzirki wagtda Türkmenistanda gury ýerde hem, Hazar deňziniň türkmen böleginde hem geljegi uly nebitli we gazly gatlaklaryň ýüzlerçesi ýüze çykaryldy.
Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, ýangyç serişdeleriniň şular ýaly kuwwatly çig mal binýadynyň bolmagy Türkmenistana diňe bir olary çykarmagyň gazanylan derejesini saklamaga däl, eýsem, täze ýataklary özleşdirmek bilen ýer astyndan çykarylýan ýangyjy işjeň diwersifikasiýalaşdyrmaga hem mümkinçilik berýär.
Islendik döwletde bolşy ýaly, energetiki önümi öndürýän, öz ykdysady we energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga isleg bildirýän Türkmenistan öz milli bähbitlerini goramaga jogapkärli çemeleşýär. Döwlet strategiýasynyň aýdyň beýan edilen ýörelgeleri bolmak bilen, öz çig mal binýadyna we geljekde ony ulanmagyň mümkinçiliklerine anyk baha bermek bilen, Türkmenistan energiýa serişdeleriniň ugurlaryny üýtgetmegi däl-de, eýsem, täze bazarlara, dünýäniň dürli döwletlerine we sebitlerine çykmagyň hasabyna ony giňeltmegi hem-de onuň üstüni ýetirmegi seçip alýar. Demirgazyk ugurda Russiýa Federasiýasyna we gündogar ugurda Hytaýa Türkmenistandan bar bolan gaz ugurlaryndan, Eýrana turbageçirijileriň iki şahasyndan başga hem Günorta-Gündogar ugurda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan turbageçirijisiniň gurluşygy iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň tapgyryndadyr.
Günbatar Ýewropa ugrunda turbageçirijisiniň taslamasy halkara gaz kongresine gatnaşyjylaryň pikiri boýunça geljegi uly bolup durýar, onuň gurluşygynyň ara alyp maslahatlaşylmagy has işjeň ýagdaýa geçýär. Bu uly möçberli pikiriň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň täze möhüm we köp zady wada berýän ugruny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň başlanmagyna beslener. Günbatar ugurda gaz geçirijiniň gurulmagy atom elektrik stansiýalarynyň işiniň bes edilmegi bilen baglanyşykly energetika ulgamynda giň möçberli strategiki sazlaşygy üpjün etmäge mümkinçilik berer. Ýewropa ugrunda energiýa serişdeleriniň eksporty Türkmenistanyň halkara strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir we bu babatda Hazarüsti taslamasynyň ähmiýeti möhüm bolup durýar. Ýewropa hyzmatdaşlary bilen işjeň we oňyn ýagdaýda iş geçirilýär we ol dowam etdiriler.
Gündogar ugurda hem, Günbatar ugurda hem gazyň uly möçberleriniň öz wagtynda akdyrylmagyny üpjün etmek, ýurdumyzyň gaz-ulag ugurlarynyň halkalaýyn ulgamyny döretmek üçin uzynlygy 800 kilometre golaý bolan Gündogar-Günbatar gaz geçirijisi gurulýar. Onuň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň gündogar böleginde ýerleşen iri gaz ýataklaryny Hazar sebiti bilen birleşdirmäge mümkinçilik berer.
Türkmen döwletiniň Baştutany tebigy gazy eksport etmegiň meselesiniň üstünde durup geçmek bilen, energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmegiň meseleleriniň hiç bir babatda dünýäde tötänleýin ýüze çykýan syýasy, ykdysady we beýleki meselelere bagly bolmaly däldigine ünsi çekýär. Hyzmatdaşlygyň halkara ulgamyny döretmek Türkmenistanyň ileri tutýan maksady bolup durýar, bu barada düýn özara bähbitleri nazara alýan we ykdysady taýdan maksadalaýyklyga hem-de sagdyn bäsdeşlige esaslanan kongresiň ýörite mejlisinde jikme-jik söhbet edildi.
Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Türkmenistan turbageçirijiler boýunça we daşamagyň beýleki ulgamlaryny peýdalanmak bilen, energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna ygtybarly ibermegi üpjün etmegiň ýollaryny kesgitlemekde giň halkara hyzmatdaşlygy ugrunda çykyş edýär. Bu şertlerde önüm öndüriji ýurtlaryň, üstaşyr geçiriji ýurtlaryň we sarp ediji ýurtlaryň ykdysady ösüşi kadalaşdyrmagy üpjün etmäge, şol sanda energiýa serişdelerini daşamak üçin zerur bolan düzümleri döretmek babatda ukyply ylalaşylan hereketleri zerurdyr. Munuň özi bäş sany esasy ýagdaýyň hukuk binýadynyň, serişdeler binýadynyň, ekologiýa taýdan howpsuzlygyň, ykdysady taýdan esaslandyrylan nyrhlaryň bolmagy we ibermek hem-de daşamak üçin uzakmöhletli şertnamalaryň bolmagynyň esasynda amala aşyrylyp bilner.
Türkmenistan täze gaz geçiriji ulgamlaryny we gazy ýerastynda saklamagyň ulgamlaryny döretmäge aýratyn ähmiýet berýär hem-de tebigy gazy daşamagyň bilelikdäki taslamalaryna garamagy dowam etdirer. Täze gaz geçiriji ulgamlarynyň gurulmagy tebigy gazy öndürilýän çeşmelerinden sarp edilýän nokatlaryna çenli ýeterlik mukdarda howpsuz ibermekde ýardam eder.
Ýangyç–energetika toplumynyň işiniň daşky gurşawa täsirine degişli meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, kongrese gatnaşyjylar Türkmenistanyň döwlet ekologiýa syýasatynyň ekologiýa bähbitleriniň ileri tutulýan ugurlaryny üpjün etmäge, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak meselelerini nazar almak arkaly, hojalyk işini ösdürmäge gönükdirilendigini nygtadylar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän uly möçberli ykdysady taslamalaryň her birinde tebigaty goramak bilen baglanyşykly bolan we täze önümçilikleriň ekologiýa taýdan howpsuzlygyna aýratyn üns berilýär. Şu maksat bilen milli ekologiýa syýasaty we döwlet ekologiýa maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirilýär, kanunçylyk namalarynyň netijeli ulgamy işlenip taýýarlanyldy we ulanylýar. Türkmenistanyň tebigaty goraýyş kanunçylygynyň berjaý edilişine yzygiderli döwlet gözegçiliginiň amala aşyrylmagy daşky gurşawy goramagyň, şol sanda Türkmenistanyň gaz pudagynda hem goramagyň esasy bolup durýar.
Nebitgaz ýataklaryny işläp taýýarlaýan we abadanlaşdyrýan döwlet we daşary ýurt kompaniýalarynyň taslama düzüş işleriniň başlanýan pursadyndan başlap, Türkmenistanda nebitgaz ýataklary işläp taýýarlanylýan mahaly daşky gurşawy goramak boýunça çäreleriň öz meýilnamalary (şol sanda galyndylary gaýtadan ulanmagyň meýilnamasy we daşky gurşawyň ýagdaýyna gözegçilik etmegiň meýilnamasy) bilen bilelikde meýilleşdirilýän işleriň daşky gurşawa täsirine baha bermek boýunça taslamalar taýýarlanylýar we ekologiýa seljermesiniň garamagyna berilýär.
Daşky gurşawa zyýanly täsiri azaltmak maksady bilen meýilnamalaşdyrylýan guýular burawlanan mahaly ýataklardan tebigy gazyň belli bir mukdaryny çykarmak üçin olaryň umumy sanyny kemelder ýaly (ýagny, guýularyň arasyndaky belli bir aralygy nazara almak bilen), guýularyň gurnamalaryny kadaly ýagdaýa getirmek işi geçirilýär. Şeýle hem guýularyň ýerleşýän ýerleri seçilip alnan mahaly daşky gurşawy goramagyň şertleri, mysal üçin, guýularyň duýgur ösümlik we haýwanat dünýäsiniň wekillerinden, arheologiki ýadygärliklerden daşda ýerleşmegi nazara alynýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň durnukly ösüş boýunça RIO+20 maslahatynda çykyş etmek bilen ýangyç çig malyny iri öndüriji we eksport ediji ýurdumyza düşýän jogapkärçilige ýokary derejede düşünýäris. Şonuň üçin hem biziň üçin ekologiýa howpsuzlygy meselesi möhüm bolup durýar diýip nygtady, şol maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň täze oňyn başlangyçlarynyň birnäçesi aýdyldy.
Tutuşlygyna alnanda, gaz pudagynda daşky gurşawy goramak boýunça çäreleri ýerine ýetirmegiň, şeýle hem hemişelik tebigaty goramak gözegçiligi geçirilýän şertlerde tebigy gaz çykarylýan, gaýtadan işlenýän we daşalýan mahaly döwrebap enjamlary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmagyň toplanan köpýyllyk tejribesi halkara ekologiýa ülňülerini nazara almak bilen tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmagy we Türkmenistanyň gaz pudagynyň ekologiýa taýdan howpsuz işlemegini üpjün edýän esas bolup durýar.
Tehnikanyň ösüşi, täze tehnologiýalaryň peýda bolmagy, halk hojalygynyň täze önümlere bolan islegleriniň artmagy, ýangyç serişdelerini ibermegiň diwersifikasiýa edilmeginiň zerurlygy gazy çykarmagyň we gaýtadan işlemegiň ulgamlarynyň ekologiýa taýdan howpsuzlygyna barha artýan talaplar, mälim bolşy ýaly, diňe bir ýangyç bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halk hojalygynyň hakykatda ähli pudaklary tarapyndan talap edilýän möhüm organiki birleşmeleri öndürmek üçin gymmatly serişde bolup durýan uglewodorod gazyny rejeli peýdalanmak meselesini çözmäge täzeçe, toplumlaýyn çemeleşmegi talap edýär.
Mysal üçin, kongresiň mejlisleriniň biri gazy we gazhimiýa önümlerini gaýtadan işlemäge bagyşlandy. Şunuň bilen baglylykda, geljekde Türkmenistanyň diňe bir tebigy we suwuklandyrylan gazy däl-de, eýsem, gymmatly polimer serişdelerini–polietileni, polipropileni, polifinil–hloridi we beýleki ýokary geçginli gazhimiýa önümlerini öndürmek maksady bilen mawy ýangyjyň düzümleri bolup durýan metanyň we etanyň himiki taýdan düýpli gaýtadan işlenen önümlerini eksport etmegi hem göz öňünde tutýandygy bellenip geçildi.
Çykyş edenleriň nygtap geçişi ýaly, metana öwrülmegiň nazary mümkinçilikleriniň köpdürlüdigine garamazdan, soňky wagtlarda sintez-gazy almak has gyzyklanma döredýär, ol islendik ýangyjy almak üçin göwnejaý çig mal binýady hasaplanýar, şonuň üçin hem sintez-gazyň üsti bilen metany himiki taýdan konwersiýa etmek tebigy gazy monetizlemegiň has giňden ýaýran usuly bolup durýar. Häzirki tapgyrda Türkmenistanda gazy karbamide konwersiýa etmegiň tehnologiýasy üstünlikli ösdürilýär, gazy metanola, olefine, benzine we dizel ýangyjyna konwersiýa etmegiň innowasion tehnologiýalaryna gyzyklanma artýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda mineral dökünleriň öndürilişini artdyrmaga aýratyn üns berilýär, şolary öndürmekde tebigy gaz ulanylýar. Munuň özi diňe bir kuwwatly çig mal binýadynyň bolmagy bilen däl, eýsem, içerki bazaryň önümiň bu görnüşine ýokary isleg bildirmegi, şeýle hem oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurlygy bilen şertlenendir. Şunda azot dökünlerini, hususan-da, karbamidi öndürmek boýunça täze kuwwatlyklaryň gurulmagynyň örän uly geljegi bardyr.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça Türkmenhimiýa döwlet konserni tarapyndan 2010-njy ýylyň ýanwarynda Mary şäherinde ammiagy we karbamidi öndürmek boýunça zawodlar toplumy üçin taslama düzmek, enjamlary ibermek hem-de tehniki taýdan maslahat bermek boýunça hyzmatlary etmek üçin Ýaponiýanyň Kawasaki Plant Sustems Ltd we Sojits kompaniýalar konsorsiumy bilen şertnama gol çekildi, şol zawodlar toplumynyň gurluşygy doly güýjünde alnyp barylýar.
Türkmenistan bilen energetika ulgamynda işewür hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşmak dünýä energetika bazarynda öz orunlaryny okgunly depginler bilen berkidýän Ýewropa ýurtlaryndan, ABŞ-dan, Aziýa sebitinden, GDA-dan bolan köp kompaniýalaryň wekilleriniň çykyşlarynyň esasy şygary bolup ýaňlandy.
Daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň gaz pudagyny çalt ösdürmek üçin iň täze tehnologiýalary, ylmy işläp taýýarlamalary we nebitgaz senagatynyň dürli pudaklarynda öňdebaryjy tejribäni peýdalanmagy göz öňünde tutýan köp sanly maýa goýum tekliplerini aýtdylar. Şeýle hem daşary ýurtly wekilleriň çykyşlarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň münberinden beýan eden, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ygtybarly ibermegi, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegi maksat edinýän möhüm başlangyçlary hemmetaraplaýyn goldanyldy. Bu başlangyçlar öz nobatynda üstünlikli işewürlik hyzmatdaşlyk we Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna maýa goýumlaryny goýmak üçin berk kepillendirme hem bolar. IV halkara Gaz kongresiniň çäklerinde daşary ýurt işewürleriniň we Türkmenistanyň nebitgaz edaralarynyň hem-de konsernleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda köpsanly işewür duşuşyklar boldy. Gepleşikleriň barşynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň bellenilen täze mümkinçilikleri türkmen döwletiniň hem, tutuş halkara bileleşiginiň hem bähbitleri üçin ýurdumyzyň gaz senagatynyň kuwwatly mümkinçiliklerini depginli durmuşa geçirmäge ýardam eder.
Şu gün IV halkara Gaz kongresine bagyşlanan pudaklaýyn sergi öz işini dowam etdirdi. Işewür duşuşyklary geçirmek we baý ýangyç serişdelerini netijeli özleşdirmäge hem-de Türkmenistanyň ýangyç–energetika toplumyny depginli ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça täze mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança öwrülen sergi öz işini 23-nji maýda tamamlar.
Maslahatyň ahyrynda IV halkara Gaz kongresine we oňa bagyşlanylan pudaklaýyn sergä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler, şonda olar giň möçberli energetiki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça netijeli gepleşikleri geçirmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, onuň bu ulgamda bar bolan işewür gatnaşyklary giňeltmäge we täze gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam etjekdigini nygtadylar.