Tomus paslynyň birinji aýy Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda iýun aýynda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni, Dokma senagaty işgärleriniň güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni hem-de Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli döredijilik we beýleki çärelere beslener.
Halkara çäreleriniň çäklerinde Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygynyň hormatyna konsertler, ABŞ-nyň sirk sungatynyň artistleriniň çykyşlary hem-de beýleki çäreler guralar.
Iýunuň birinji ongünlüginde “Talyp joşguny-2017” döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçiriler. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 100 günüň galmagy mynasybetli Mary şäherinde dabaraly atly ýörişe gatnaşyjylar bilen duşuşyk hem-de “Aziada dünýä metbugatynda” ady bilen halkara sport media-forumyny geçirmäge taýýarlyk görülýär.
Iýun aýynda Aşgabatda “Türkmen dokmasy-2017”, “Beýik Ýüpek ýoly—dostlugyň-doganlygyň ýoly” atly halkara sergileri, “Söwda we hyzmatlar-2017” sergi-ýarmarkasy geçiriler.
Asylly däbe görä, ýurdumyzyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli guralýan Medeniýet hepdeligi iýun aýynyň möhüm wakasydyr. Onuň maksatnamasyna döredijilik çäreleriniň tutuş toplumy giriziler.