Türkmenistanda nobatdaky özboluşly inżenerçilik desgasynyň—Amyderýanyň üstünden Atamyrat-Kerkiçi awtomobil köprüsiniň gurluşygy ýaýbaňlandy. Ýakynda «Altkom ýol gurluşygy» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiň (Ukraina) hünärmenleri işleriň esasy we örän jogapkärli bölegini—derýada beýikligi 48 metr bolan ilkinji sütüniň durjak ýerini burawlamaga girişdi. Örän takyklygy we tehnologiki ölçegleri sazlaşykly ýerine ýetirmegi talap edýän iş Germaniýadan gelip gowşan 120 tonnalyk häzirki zaman «Bauer BS» buraw maşyny peýdalanmak bilen amala aşyrylýar. Köpri gurujylaryň buýurmasy boýunça häzirki wagtda nemes maşyn gurluşykçylary şonuň ýaly ikinji maşyny gurnamagy tamamlap barýarlar we ol basym Atamyrat şäherine gelip gowşar.
Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda ýol-gurluşyk pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek, şeýle hem Türkmenistanyň awtomobil ýollarynyň düzümini mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň sentýabrynda bu köprini gurmak hakyndaky Karara gol çekdi we täze ulag-kommunikasion desgasynyň düýbüni tutmagyň dabarasyna gatnaşdy.
Köpriniň gurluşygynyň baş inżeneri A.Neştonyň gürrüň berşi ýaly, şol şanly wakadan soň geçen döwürde kenary berkidiji desgalary gurmak, köpriniň gurluşygynyň barşynda bökdençlikler bolmaz ýaly gurluşygyň önümçilik—tehniki, maddy we durmuş binýadyny döretmek boýunça işleriň uly toplumy geçirildi. Desgada häzirki zaman tehnikasynyň we mehanizmleriň kuwwatly toplumy, şol sanda 120 tonna çenli ýük göterijiligi bolan kranlar jemlenildi.
Geljekki Atamyrat-Kerkiçi awtomobil köprüsini nähili göz öňüne getirmek bolar?
Munuň özi Amyderýanyň iki kenaryny birleşdirjek häzirki zaman, kuwwatly ulag geçelgesidir. Köpriniň taslamasy «Soýuzulagtaslama» we Kiýew şäheriniň «Ukrgiprobudmost» ylmy-barlag taslama institutlarynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanyldy. Onuň uzynlygy 1 415 metre, ini bolsa ýanýodalary bilen 11,5 metre barabardyr. Ýokary kysymly betonlar we kuwwatly armaturadan tehnologiýalar boýunça beýikligi 40-48 metr bolan kuwwatly sütünleriň 14-si gurlar. Sütünleriň hatardan çykmagynyň öňüni almak üçin olara aýnapoliefir turbalary geýdiriler. Sütünlerde köp tonnalyk polat gurnamalar we köpri gurluşygynyň beýleki parçalary üçin kuwwatly esaslar goýlar. Köprä çenli yşyklandyrmagyň degişli ulgamy bilen üpjün edilen sowma we çykylýan ulag ýollary çekiler.
Täze häzirki zaman ulag geçelgesi özüniň inżener-tehniki we ulanyş ölçegleri boýunça köpri gurluşygynyň halkara kadalaryna doly laýyk geler. Köpriniň taslamasynda onuň agramy, ýük göterijiligi, hereketiň tizligi nazara alyndy. Ýokarlandyrylan mäkämligi, ýokary derejedäki seýsmiki taýdan durnuklylygy we beýleki tehniki häsetnamalary bolan ähli gurnamalary peýdalanmak göz öňünde tutuldy. Köpri Rihteriň şkalasy boýunça 9 bala barabar ýer titremesine çydamly bolar. Atamyrat-Kerkiçi awtomobil köprisini 2012-nji ýylyň oktýabrynda işe girizmek meýilleşdirildi.
Häzirki zaman awtomobil köprüsiniň Türkmenistanyň günorta-gündogar bölegini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek üçin ägirt uly ähmiýeti bolar we biziň ýurdumyzda okgunly kemala gelýän transmilli ulag geçelgesiniň möhüm düzüm böleginiň birine öwrüler. Jeýhunyň üstünden gurulýan bu köpri iki kenaryň ilatyna ulag gatnawy üçin oňat şertleri döreder. Amyderýanyň sag kenaryndaky baý mineral-çig mal serişdelerini çalt özleşdirmek boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmekde möhüm orny eýelär. Şol ýerde kaliý dökünlerini we sementi öndürmek boýunça iri senagat toplumlarynyň gurluşygy badalga aldy, uglewodorod serişdelerini çykarmak üstünlikli ösdürilýär.
Täze Galkynyş eýýamynda halkara ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman ulag-kommunikasion düzümiň döredilmegi şol sanda Amyderýanyň üstünden kuwwatly köprüleriň gurulmagyny göz öňünde tutýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipesi boldy.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň sentýabrynda milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Amyderýanyň üstünden özboluşly inżenerçilik desgasy—Atamyrat-Kerkiçi demirýol köprüsi dabaraly ýagdaýda açyldy. Häzirki wagtda Seýdi şäheriniň golaýynda derýanyň üstünden geçjek awtomobil köprüsiniň gurluşygy alnyp barylýar. Geljekde bolsa Amyderýanyň üstünden Türkmenabat-Farap häzirki zaman köprüsini gurmak göz öňünde tutulýar.
Häzirki wagtda Türkiýeden, Eýrandan, Russiýadan, Özbegistandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan köp tonnalyk maşynlaryň ägirt uly akymy çylşyrymly ýüzýän ponton köprüleriň üstünden geçýär. Amyderýanyň üstünden halkara ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman awtomobil köprülerini gurmak üstaşyr hereketiň möçberini düýpli artdyrmaga mümkinçilik berer. Häzirki zaman derýa köpri-ulanyş düzümi Türkmenistanyň çäklerinden geçýän üstaşyr ugruň täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda sebitiň we dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara peýdaly söwda-ykdysady aragatnaşyklary işjeňleşdirýän möhüm halkasy bolar.
referans: www.turkmenistan.gov.tm