13.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

Jemgyýeti Has-da Demokratiýalaşdyrmagyň Ýoly Bilen

Ertir – ýekşenbe güni, 16-njy awgustda Türkmenistanyň ähli saýlaw uçastoklarynda saýlawlar geçiriler. Onuň barşynda Geňeş agzalary hem-de Aşgabat şäheriniň 7-nji “Güneş” we 8-nji “Dostluk” saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň deputatlary saýlanylar. Ýurdumyzyň durmuşyndaky bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka halk häkimiýetliliginiň gadymdan gözbaş alýan däpleriniň dabaralanmagynyň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüler. Şol däpler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe häzirki türkmen jemgyýetiniň demokratik sütünleriniň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli geçirýän giň gerimli özgertmeleriniň esasyny düzýär. 

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda TDH-a habar berişleri ýaly, saýlawlara taýýarlyk görülýän döwürde uly işler geçirilip, olara ähli derejelerdäki döwlet edaralarynyň, şeýle hem syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşikleriniň wekilleri çekildi. Saýlawlara taýýarlyk görmek işleri ýurdumyzda hereket edýän saýlaw kanunçylygyna hem-de halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda amala aşyryldy. 

Ýurdumyzyň saýlaw uçastoklary irden sagat 7-de türkmenistanlylar üçin öz gapylaryny açar. Olar öz konstitusion hukugyndan peýdalanyp, raýatlyk borjuny ýerine ýetirerler hem-de agşam sagat 19-a çenli mynasyp Geňeş agzalaryna we käbir okruglar boýunça Mejlisiň deputatlaryna öz seslerini bererler. Ähli saýlaw uçastoklary ses bermek üçin niýetlenen we aňyrsy görünýän, şol sanda göçme gutular, saýlaw býulletenleri hem-de zerur maglumatlardan ybarat bolan we usuly edebiýat bilen üpjün edildi. Ses bermek üçin, binalarda ýörite enjamlaşdyrylan kabinalar bar. Her bir saýlaw uçastogy ygtybarly aragatnaşyk we ulag serişdeleri bilen üpjün edildi. 

Uçastok saýlaw toparlary öz borçlarynyň ýerine ýetirilmegine diýseň jogapkärli çemeleşýärler, bularyň düzümine zähmet toparlarynyň, syýasy partiýalary we jemgyýetçilik guramalarynyň abraýly wekilleri goşuldy. Ýerlerde işjeňleriň tagallasy bilen, ilatyň arasynda giňişleýin düşündiriş işleri geçirildi, munuň özi saýlawçylaryň işjeňliginiň has-da artmagyny şertlendirdi. Galyberse-de, saýlawlaryň geçiriljek gününde haýsydyr bir sebäbe görä ýaşaýan ýerinde bolup bilmejek adamlara möhletinden öň ses bermäge mümkinçilik döredildi. Olaryň dolduran saýlaw býulletenleri sesleriň sanalyp ugraljak pursadyna çenli möhürlenen ýörite gutularda saklanar. 

Saýlaw kodeksine laýyklykda, şu gün saýlawlaryň öň ýanyndaky çäräniň möhüm tapgyry—wagyz etmek tapgyry tamamlandy. Saýlawçylaryň Geňeş agzalygyna hem-de milli parlamentiň deputatlygyna dalaşgärler bilen meýilleşdirilen ähli duşuşyklary bellenilen tertibe laýyklykda geçirildi. Şunda ähli dalaşgärlere saýlawlaryň öňüsyrasynda wagyz etmek üçin deň şertleriň we mümkinçilikleriň döredilendigini bellemek gerek.

Degişli makalalar

Ýurdumyzyň Baş Arçasy Dürli Öwüşginli Yşyklara Beslendi

Hormatly Prezidentimiz Watandaşlarymyzy Halkara Bitaraplyk Güni Bilen Gutlady

Hakyky milli äheňde ýaňlanan saz.

syrach