ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Ankara geldi. ABŞ-nyň täze Döwlet sekretary Kerri Ankaranyň Esenboga howa menzilinde Amerikanyň Ankaradaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly baş ilçisi Rikkiardone we Türkiýäniň Waşingtondaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly baş ilçisi Namyk Tan tarapyndan garşylandy. Kerri ilki Amerikan ilçihanasyna bardy.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Daşary işler ministri Ahmet Dawutogly bilen duşuşar we metbugata beýanat berer.
Jon Kerri agşamara Premýer ministr R. T. Erdogan we Prezident Abdulla Gül tarapyndan kabul ediler.
Kerriniň gün tertibinde Siriýa we Türkiýäniň terrorçylyga garşy göreşi ýaly meseleler esasy orun eýeleýär.
soňky habar