Owganystanyň paýtagty Kabul şäherinde howpszulyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-owgan toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Toparyň işine gatnaşmak üçin owgan paýtagtyna Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet geldi.
Mejlisiň gün tertibine Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirjisiniň we Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň gatnaşmagynda beýleki infrastrukturalaýyn taslamalarynyň (elektrik geçirijileriniň torlarynyň we demir ýollarynyň gurluşygy) gurluşygynyň howpsuzlygyny üpjün etmegiň, şeýle hem howpsuzlygy, bilelikdäki serhedi we Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň serhedine ýakyn etraplary goramagy we durnuklylygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleri goşuldy.
Mundan başga-da iş saparynyň dowmaynda Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýolbaşçysy A.Abdulla, Daşary işler ministri S.Rabbani, Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary A.H.Atmar, Maliýe ministri we Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-owgan hökümetara toparynyň başlygy E.Hakimi bilen duşuşyklary geçirdi.
Bu duşuşyklarda energetika, ulag ugurlarynda ikitaraplaýyn özaragatnaşyklarynyň, şeýle hem söwda-ykdysady we ynsanperwer hymzatdaşlygynyň meselelerine seredildi.