9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Kaka etrabynyň Serdar Pagta Egirýän Fabriginiň Täze Bölümi Ýylda 1300 Tonna Towlanan Ýüplük Öndürer

Kaka etrabynyň Serdar Pagta Egirýän Fabriginiň Täze Bölümi Ýylda 1300 Tonna Towlanan Ýüplük Öndürer

Täze önümçilik Şweýsariýanyň «SSM» we Germaniýanyň «Saurer» kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli enjamlary bilen üpjün edilendir. Bu ýerde öndürilýän towlanan ýüplükler pudagyň kärhanalaryna döwrebap jorap we ösgün sütükli harytlary, şeýle hem erkek adamlaryň köýneklerini tikmek üçin ýokary hilli mata öndürmäge mümkinçilik berýär.

Ýaponiýanyň we Ýewropa ýurtlarynyň ýokary öndürijilikli enjamlary oturdylyp geçirilen toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak işleri daşary ýurtlardan getirilýän matalaryň ornuny tutjak arassa pagtadan we ýüpekden ýokary hilli matalary öndürmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenbaşy adyndaky Dokma toplumynyň boýag we tikinçilik önümçiliklerinde döwrebaplaşdyrmagyň barşynda Awstiýanyň «Zimmer», Gollandiýanyň «Stork», Ýaponiýanyň «Brother», «Yamato» kompaniýalarynyň enjamlary oturdyldy. 12 gül salýan silindrik enjam we nusga surat salýan lazer enjamy islegli güli matalaryň öndürilişini artdyrmaga mümkinçilik berdi. Kärhananyň tikinçilik bölümi ýarym fabrikatlary awtomatlaşdyrylan usulda ugratmak üçin asma ulgam we tikin maşynlarynyň hem-de enjamlarynyň 26-sy bilen üpjün edilip, olar el zähmetini ýeňilleşdirip, önümleriň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçiik berýär.

Daşary ýurtlara ugradylýan harytlaryň möçberini artdyrmak maksatnamasynyň çäklerinde Aşgabadyň dokma toplumynda pudagyň egirme we dokma önümçilikleriniň galyndylaryny gaýtadan işlemek boýunça bölüm işe girizildi. Bu ýerde Türkiýäniň «Balkan» kompaniýasynyň ýokary öndürijilikli enjamy oturdylyp, onda 5000 tonna çenli dokma galyndylary gaýtadan işleniler. Täzeden işlenilen süýümiň birinji tapgyry eýýäm daşary ýurtlara ugradyldy.

Geçen ýylyň başynda Aşgabadyň Modalar öýünde Ýaponiýanyň «ShimaSeiki» kompaniýasynyň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen trikotaž bölümi işe girizildi. Örme awtomatlarynyň birnäçesi islegli zenan jemperleriniň 23 müňüsini öndürmäge mümkinçilik berdi. Şeýle hem bu ýerde trikotaž önümleriniň täze görnüşleri-switerler, mekdep okuwçylary üçin ýeňsizler we zenan žaketleri öndürilýär.

Aşgabadyň nah-mata kombinatynda daşary ýurtlaryň önümlerinden pes oturmaýan jorap önümçiligi ýola goýuldy. Bu ýerde Italiýanyň «Lonati» kompaniýasynyň enjamy bilen üpjün edilen täze önümçilik işe girizildi. Onda ilat arasynda islegli ýylda 2,5 million jübüt erkek adamlaryň, zenan we çagalar joraplary çykarylar.

Pudakda amala aşyrlýan tehniki döwrebaplaşdyryş işleri çalt depginlerde Türkmenistany çig mal ugradyjy ýurtdan taýýar önümleri iberýän döwlete öwürmek baradaky wezipäni çözmäge ýardam eder. Mysal üçin, Türkmenbaşy adyndaky jinsi toplumynda Germaniýanyň «Monforts», «VavTechnology» we «Sanfor» kompaniýalarynyň innowasion enjamlarynyň oturdylmagy dünýä bazarlarynda islegli laýkraly we poliesterli jinsi matalarynyň çykarylyşyny, önümleriň görnüşini we möçberini artdyrmaga mümkinçilik döretdi.

Pudagyň ähli ugurlarynyň-pagta egriji, dokma, tikinçilik-trikotaž, ýüpekçilik ugurlarynyň sazlaşykly ösdürilmeginde daşary ýurtlardan getirilýän önümleri özümizde öndürmek üçin täze önümçilikleri döretmek ýa-da ozal bar bolanlarynyň ugruny üýtgetmek möhüm pursat boldy. Meselem, Ruhabadyň panbarhat öndürýän önümçiliginiň işe girizilmegi bilen türkmen zenanlarynyň halaýan matasynyň dürli görnüşleri öndürilýär.

Ruhabadyň dokma toplumynda-da daşary ýurtlardan getirilýän önümleri ýurdumyzda öndürmek üçin uly işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda kärhanada harby gullukçylar we hukuk goraýjy edaralryň işgärleri üçin eşik tikmäge niýetlenen laýkraly gabardin we kanwas matalaryny, şeýle hem pagtadyr poliesterli garyşyk ýüplükli sport eşikleri üçin mata önümçiligi ýola goýuldy. Ruhabadyň kärhanasynda çykarylýan ştapeliň-de hyrydary ýetik.

Türkenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky dokma toplumynda hem ýokary hilli trikotaž önümleri: köýnekçeler, sport eşikleri we çagalar üçin harytlar öndürilýär.

Tejeniň pagta egriji fabriginde-de senagat kärhanalaryny bölelkleýin döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde tilsimat özgertmeleri amala aşyryldy. Önümiň hilini gowulandyrmak üçin bu ýerde Şweýsariýanyň «Rieter» kompaniýasynyň daraýjy, lentalaýyn, egirme we beýleki kömekçi enjamlary oturdyldy. Şunuň netijesinde kärhanada her aýda ýokary hilli OpenEnd ýüplüginiň 350 tonasy çykarylar. Türkmengalanyň we Sakarçägäniň pagta egriji fabriklerinde hem tehnologik döwrebaplaşdyrmak işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar, şonuň netijesinde öndürilýän önümiň möçberi artar we hili ýokarlanar. Baýramalynyň dokma kombinatynda-da uly işler geçiriler. Bu ýerde şu ýylyň birinji ýarymynda çykarylýan önümleriň möçberini we görnüşini artdyrmak maksady bilen Germaniýanyň «KarlMaýer», Italiýanyň «Itema», Fransiýanyň «Staubli» ýaly belli firmalarynyň matalaryň düşegini dokaýan, olaryň berkligini üpjün edýän ýelimli gatlary öndürýän, žakkard, dokma we beýleki ýörüteleşdirilen enjamlary oturdylar.

Pudagyň kärhanalarynyň täzeden enjamlaşdyrylmagy Türkmenistanda öndürilýän harytlaryň möçberiniň, gönüşleriniň artmagyna we hiliniň ýokarlanmagyna, olaryň daşary bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyna gönükdirilendir. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýurdumyzda çykarylmagyna we halk hojayk toplumynyň kärhanalarynyň önümleriniň daşary ýutlara iberilişini artdyrmaga gönükdirilen ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentine Gynanç Bildirdi

Agyr Atletikaçynyň Altyn Medaly we Kikboksingçileriň Uly Üstünligi

Türkmenistanyň we Russiýanyň At Gazanan Tälimçisi Ýuriý Ambarsumow „Aşgabat 2017“ Oýunlarynyň Myhmany