5.9 C
Aşkabat
03.12.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Kakajan Aşyrowyň “Döwlet Guşy” Oýnunyň Tomaşaçysy Hemişe Ýetik

Baş drama teatrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adybir eseri boýunça “Döwlet guşy” oýny görkezildi. “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýyl bu sahna oýny has şanlydyr, çünki güzaply uruş ýyllary ildeşlerimiziň sarsmaz ruhy barada gürrüň berýän eseriň her sahnasy Watana söýgä ýugrulandyr.

Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşyrowyň goýan “Döwlet guşy” oýny indi teatrda birnäçe ýyl bäri görkezilse-de, her gezekki oýunda zal tomaşaçylardan doly bolýar. Oýna tomaşa edýänleriň tolgunmadan ýaňa gözleri ýaşa dolsa-da, her gezek bu oýun görkezilende taryhymyzyň kynçylykly we gahrymançylykly sahypalaryna ýene bir gezek tomaşa etmek isleýärler. 

… Perde göterilenden türkmen obasynyň parahat durmuşy görkezilýär. Çagalar oýnaşyp ýörler. Janköýerleri ýetik iki kişi küşt oýnaýar. Beýlekiler halk aýdymlaryny “aýdýan” jadyly patefona geň galyp garap durlar. Ony mugallym obadaşlaryny tehnika täzelikleri bilen tanyşdyrmak üçin getiripdir. Ine, bu günem ol şäherden täze mekdep esbaplaryny alyp gelipdir, çagalaram mugallymyň getiren Puşkiniň, Lermontowyň, Şekspiriň… suratlaryny mekdebe daşaýarlar. Olardan has geňi globusdy. Oba adamlary Ýer togalagynyň ençeme esse kiçeldilen şekilini ilkinji gezek görýärler. 

Ine-de, reproduktordan “Galkyn, ägirt ýurt!” diýen howsalaly aýdym ýaňlanýar. Obanyň üstüne garaňkylyk inýär, diňe üstüne elhenç howp abanan Ýer şaryny aňladýan globus ýagtylykda galýar. 

Ilkinji çagyryşda mugallym urşa gidýär, tomaşaçylar onda, elbetde, Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýewi tanaýarlar. Maşgalada ulynyň ornuna ogly Mälikguly galýar. Okuwçylardyr zenanlar “Ähli zat – front üçin” diýen şygar astynda gowy hasyl almak niýeti bilen ertirden agşama çenli janaýamazakly zähmet çekdiler. Adamlar poçtalýonyň gelerine hem begençli hem aladaly garaşýardylar: çünki ol söweş meýdanyndan diňe bir uzak garaşdyran hat däl, eýsem ajy habar hem getirýärdi. Birek-birege ýardamdyr goldaw şol kynçylyklara döz gelmäge gurbat berýärdi. Emma kyn ýagdaý raýondan iberilen pariýa emeldary wezipeparaz Han Geldiýewiçiň hereketleri bilen hasam agyrlaşýardy. Gynansagam, şeýle adamlaram bolupdy. 

“Döwlet guşy” oýnunda halkyň şol agyr dört ýylyň azabyna döz gelşi, Ýeňşe ýetişi we uruşda aman galan obadaşlarynyň gaýdyp gelişi barada gürrüň berilýär. 

Kakajan Aşyrowyň sahnany ikä: fronta we tyla bölmegi şowly režissýorlyk tilsimidir, şeýle hem göwrümli sahna bezegi we yşyk-ses tilsimleri tomaşaçylara has güýçli täsir edýär. Sahnada demir ýol sostawy bolmasa-da, onuň zogunyň sesi, tigirleriniň takyrdysy we tüsse, hamala, olar görünýän ýaly duýgy döredýär. 

Artistler hem ýerlikli saýlanylypdyr. Berdimuhamet Annaýew bilen Mälikguly Berdimuhamedowyň keşplerini degişlilikde Batyr Çaryýew we Aman Ataýew ýerine ýetirýärler. Han Geldiýewiçiň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Orazgeldi Durdyýew, parasatly kolhoz başlygynyň keşbini Türkmenistanyň halk artisti Muhammet Bekiýew ýerine ýetirýärler. Sahna bezeginiň awtory Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Maksat Amangylyjow.

“Döwlet guşy” oýny çuňňur watanperwer edebi esasy we sahnada şowly janlandyrylandygy üçin ençeme ýyllap tomaşaçylary haýran eder.

turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Watanymyzyň Mukaddes Tugunyň Şanyna Dabaralar

syrach

Туркменистан ведет подготовку к проведению Первого Каспийского экономического форума

turkmenhabargullugy

Türkmenistan BMG-niň Birnäçe Halkara Resminamalaryna Goşulmagyň Ýolunda