2016-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Kanadanyň Türkmenistandaky (ýaşaýan ýeri Ankara şäheri) täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kristofer Jon Kuter bilen duşuşyk geçirildi.
Ilçi Türkmenistanyň Prezidentine we ähli türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygy bilen özüniň mähirli gutlaglaryny ýetirmegi haýyş etdi.
Ilçi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşuranyndan soň geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Kanadanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüş mümkinçiliklerini we ýagdaýlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň ilkinjileriniň hatarynda bileleikäki syýasy-diplomatik ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek bellenildi. Taraplar halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde gatnaşyklary ösdürmek meselelerine gyzyklanma bildirdiler. Halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşyp, taraplar halkara we sebitara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ygrarlydygyny bildirdiler we howpsuzlyk meselelerinde özara hereketleri ösdürmeklige ünsi çekdiler.
Şeýle hem duşuşygyň çaklerinde taraplar söwda-ykdysady ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri hakynda maslahatlaşdylar. Aýratyn-da sport ulgamynda hyzmatdaşlygyň örän berk boljaklygy barada bellenilip geçildi. Ilçi türkmen-kanada dostlukly gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp, iki ýurduň arasynda gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň hemmesi boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny hygtady.
soňky habar