Katar Döwletiniň Emiriniň ýörite wekiliniň Geňeşçisi jenap Tareg Al Namehi iş sapary bilen türkmen paýtagtynda bolýar.
Şu gün myhman Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginde kabul edildi. Şol ýerde daşky gurşawy goramak babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we ösdürmäge degişli pikir alşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-katar gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçiligiň bardygyny belläp, bu ugurda tejribe alyşmak boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şeýle hem ekolog hünärmenleriň arasynda ýakyndan ylmy gatnaşyklara özara gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda bolan duşuşygyň barşynda jenap Tareg Al Namehi türkmen döwletini Aşgabadyň 2017-nji ýylda üsti ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça Aziýa oýunlarynyň geçirilýän ýeri diýlip seçilip alynmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Şol duşuşykda sport babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu gün Katar Döwletiniň Emiriniň wekili türkmen paýtagtynda gurulýan sport desgalaryna hem baryp gördi.
referans: www.turkmenistan.gov.tm