7-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen düýn agşam ilkinji resmi sapar bilen Aşgabada gelen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Taniniň arasynda gepleşikler geçiriler. Bu ajaýyp waka mynasybetli Türkmenistanyň we Kataryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany resmi adamlar garşyladylar.
Myhmansöýerligiň iň oňat däplerinde uçaryň ýanynda milli lybasly oglan we gyz dostlukly döwletiň Baştutanyna duz-çörek hödür edip, gül desselerini gowşurdylar.
Howa menzilinden belent mertebeli myhman sapar wagtynda özi üçin berlen kabulhanasy ýerleşen paýtagtymyzyň ajaýyp “Oguzkent” myhmanhanasyna tarap ugraýar.
Ýokary derejede geçiriljek türkmen-katar duşuşygy özara gyzyklanmanyň hem-de iki ýurduň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlyga uzakmöhletleýin, strategik häsiýet bermäge taýýardygynyň subutnamasydyr.
Milli Liderimiz 4-nji martda bolan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Aşgabatda geçiriljek ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň ähmiýetini nygtap, türkmen-katar gatnaşyklarynyň yzygiderli dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen aýtdy hem-de söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bolşy ýaly, esasynda iki ýurduň halklarynyň taryhy-medeni we ruhy umumylygy ýatan ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin hem mümkinçiligiň bardygyny belledi.
Köpýyllyk hyzmatdaşlygyň tejribesi däp bolan döwletara gatnaşyklaryny iki döwletiň bähbitlerine hem-de mümkinçiligine laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmaga iki tarapyň hem hoşniýetli erkiniň görkezijisi bolup hyzmat edýär. Türkmenistan hem-de Katar Döwleti diplomatik gatnaşyklaryny 1996-njy ýylda ýola goýdular.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2010-njy ýylyň oktýabrynda Katar Döwletine bolan ilkinji resmi sapary türkmen-katar gatnaşyklaryny ösüşiň täze basgançagyna çykarmaga hyzmat etdi. Şol saparyň çäklerinde Doha şäherinde dürli ugurlarda, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Baştutanynyň teklibi bilen döredilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-katar toparyna uly ähmiýet berilýär. Onuň ilkinji mejlisi 2013-nji ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda geçirildi.
Özara hereket etmegiň ileri tutulýan hem-de geljegi has uly ugurlaryň hatarynda söwda, ulag we aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar, maliýe ulgamy we maýa goýum, bilim, syýahatçylyk, sport pudaklary, şeýle hem Kataryň ýeterlik tejribesi bolan iri sport ähmiýetli desgalary gurmakda ugurlar kesgitlenildi.
Ykrar edilen energetika döwletleri hem-de tebigy gazy eksport etmekde öňdebaryjylaryň biri bolan, ýurtlarymyz bu ugurda hem hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gyzyklanma bildirýär.
Kataryň Hökümeti türkmen Lideri tarapyndan başy başlanan ulag aragatnaşyklarynyň ýaýbaňlandyrylan düzümini kemala getirmäge gönükdirilen halkara ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga hem aýratyn gyzyklanma bildirýär. Gürrüň, hususan-da, Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda özboluşly köpri bolmagyna hem-de Ýakyn Gündogar ýurtlary , şol sanda Katar bilen özara gatnaşyk etmek üçin täze mümkinçilikleri açmaga gönükdirilen “Demirgazyk-Günorta” transkontinental demir ýol magistralynyň gurluşygy barada barýar.
Halkara we sebit meselelerine garaýyşlaryň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi, häzirki zaman dünýäsiniň möhüm meseleleriniň çözülmegine umumy netijeli çemeleşmeler syýasatda ýurtlarymyzyň mundan beýläk-de üstünlikli özara gatnaşyk etmegi üçin uly binýat bolup hyzmat edýär. Iki döwletiň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler syýasy gatnaşyklaryň öňe ilerlemegine gönüden-göni täsir edýär.
Taraplar iki halkyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna ýardam edýän däp bolan medeni-ynsanperwer aragatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berýärler.
Ýurtlarymyzyň milli bähbitleriniň ýakynlaşmagyna hem-de ähli esasy ugurlarda örän ýygjam hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bolan umumy meýilleri köp babatda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejedäki gepleşikleriň üstünliklere beslenjekdigini öňünden kesgitleýär. Şol gepleşikler, gürrüňsiz suratda, häzirki zaman döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda aýratyn täze tapgyr üçin badalga nokady bolup hyzmat eder.