16.9 C
Aşkabat
24.11.2024
DURMUŞ

Kerim Gurbannepesowyň ömri

Kerim Gurbannepesow Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Kerim Gurbannepesow 1929-njy ýylda Gökdepe etrabynyň Ýylgynly obasynda eneden dogulýar. Obadaky ýedi ýyllyk mekdebi gutarýar. Uruş döwrüniň agyr kynçylyklary sebäpli olaryň maşgalasy Tejene göçmeli bolýarlar. Şahyr 1945-1946-njy ýyllarda Tejen derýasynyň boýunda gurulýan suw howdanynyň gurluşygynda işlän döwründe ýörite gurluşykçylar üçin çykarylýan gazetde jogapkär sekretar bolup işleýär. 1949-1951-nji ýyllarda goşun gullugynda bolup dolanyp geleninden soň ýene-de žurnalistlik kärinde işe başlaýar.

Kerim Gurbannepesow Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlaýar. Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginde, “Tokmak”, “Sowet edebiýaty” žurnallarynda jogapkär wezipelerde işledi. Ol Ýazyjylar soýuzynyň başlygynyň orunbasary, Prawleniýe agzasy, Türkmenistanyň Ýokary sowetiniň deputaty bolup, il-ýurduna jany-teni bilen hyzmat etdi.

Kerim Gurbannepesow 1 sentýabr 1988-de aradan çykdy.

Degişli makalalar

BİLDİRİŞ

turkmenhabargullugy

8-nji Mart Aýal-Gyzlar Güni

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Öý Hojalyk Harytlarynyň Halkara Sergisine Gatnaşyjylara Gutlag Hatyny Iberdi

turkmenhabargullugy