Şu gün Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde täze we döwrebap halkara howa menzili ulanmaga berildi. Kerki şäheriniň halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz hem gatnaşdy.
“orient.tm” internet neşiriniň habaryna görä, milli Liderimiz açylyş dabarasynyň çäklerinde howa menzili bilen tanyşdy, onuň ýolagçy terminaly, CIP zalyna we beýleki bölümlerine baryp gördi.
Howa menzili sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek mümkinçiligine eýedir we birbada 2 sany uly uçary hem-de 4 sany dikuçary kabul edip bilýär. Howa menziliniň halkara derejesine eýe bolmagy onuň demirgazyk böleginde Özbegistanyň, günorta böleginde Owganystanyň ýerleşmegi bilen baglanyşyklydyr.
Howa menzili “Türkmenhowaýollary” agentliginiň buýurmagy boýunça “Gündogdy” hususy kärhanasy tarapyndan guruldy.
- Ýolagçy terminaly 3 gatdan ybarat bolup, umumy meýdany 2,2 müň inedördül metre barabardyr. Dispetçer diňiniň beýikligi 31,7 metrdir.
- Ýolagçylar terminalynda garbanyşhana, «Tiz kömek» gullugy, kassalar, ýolagçylary bellige alyş nokatlary, ýük bölümi, gazet-žurnal we sowgatlyk önümler satylýan dükanlar göz öňüne tutulypdyr.
- Uçuş zalynda ýolagçylaryň ygtyýarynda naharhana, eneler we çagalar üçin otag we namaz otagy bar. Şeýle hem, delegasiýa we ýolagçylar üçin CIP hyzmat meýdany bar. Fiziki taýdan kemçilikleri bolan adamlar üçin amatly bosagasyz geçelgeler göz öňünde tutulypdyr.
- Terminalynda ýörite wideogözegçilik ulgamy oturdylyp, onda ähli bölümleriň işi, ýolagçylara hyzmat edilişi we beýlekiler gözegçilikde saklanar.
- Howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň uzynlygy 2700 metre, ini 45 metre deňdir. Ol signal, radiotehnika we nawigasiýa ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.
- Howa menziliniň meýdany 42,3 müň inedördül metre deňdir. Onuň düzüminde halaş ediş we ýangyn howpsuzlyk gullugy, ýörite ulaglar üçin garaž, birnäçe transformator podstansiýalary we beýleki kömekçi desgalary bar.
- Kerki şäherindäki täze halkara howa menzili ýurdumyzyň gündogar sebitiniň howa ýükleriniň we ýolagçy gatnawynyň has-da güýçlenmegine itergi berer diýlip garaşylýar.
Çeşme: Atavatan Türkmenistan