9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Kompozitor Aşyr Kulyýewiň Doglan Gününiň 100 Ýyllygyna

Milli kompozitorçylyk mekdebiniň düýbüni tutanlaryň biri Aşyr Kulyýew aýatda diri gezip ýörenliginde 21-nji dekabrda 100 ýaşyny toýlardy. SSSR-iň halk artisti, Türkmenistanyň halk artisri, sungatda at gazanan işgäri, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, milli konserwatoriýanyň professory Aşyr Kulyýew 1918-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Köşi obasynda (indi ol Aşgabadyň ýaşaýyş jaý toplumyna öwrüldi) doguldy. Başlangyç bilimi Ilbaýew adyndaky internatda aldy. 1933-nji ýylda Aşyr çeperçilik tehnikumynyň sazçylyk bölümine okuwa girýär, bu ýerde fortepiano we dutar çalmagy öwrenýär. Ol Türkmenistan SSR-niň halk artisti Pürli Saryýewden, halk bagşysy Mylly Täçmyradowdan we TSSR-iň at gazanan mugallymy Mariýa Nikolaýewna Geraskinadan sapak alypdy, olar Aşyry dünýä saz medeniýetiniň älemine atarypdylar we geljekki kompozitoryň kärine ussat hökmünde kemala gelmegine güýçli täsir edipdiler. Aşyr Kulyýew okuwy bilen bir hatarda S. Tumanýanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmen halk saz gurallary orkestrinde hem işläp başlapdy.

1935-nji ýylda A. Kulyýew rus kompozitory R. M. Glier bilen tanşyp, oňa “Aýdym” we “Gündogar tansy” atly ilkinji eserlerini görkezýär. Hut Glieriň maslahaty bilen Aşyr P. I. Çaýkowskiý adyndaky Moskwa konserwatoriýasyna okuwa girýär we bu ýerde türkmen bölüminde W. Muhadow, M. Kulyýewa, H. Allanurow bilen bilelikde mugallymlar G.I. Litinskiden we B.S. Şehterden sapak alýar.

1939-njy ýylda A. Kulyýew türkmen saz medeniýetiniň taryhynda ilkinji simfoniki eser –“Dabaraly uwertýura” döredýär. 1944-1949-njy ýyllarda ol Moskwa konserwatoriýasynda kompozisiýa ugry boýunça Ýu. A. Şaporinden sapak alýar. Okan ýyllary A. Kulyýew A.S. Puşkiniň, B. Kerbabaýewiň, G. Burunowyň goşgularyna aýdymlardyr romanslaryň ençemesini ýazýar. Uly göwrümli eserleriniň arasynda “Kirişli gurallar dörtlügi”, “Fortepiano üçin çagalar sýuitasy”, “Skripka we fortepiano üçin poema”, “Orkestr bilen gyjak üçin konsert” we beýleki işlerini görkezmek bolar.

Beýik watançylyk urşy ýyllary A. Kulyýew Aşgabadyň döwlet sazçylyk uçilişşesinde taglymat derslerinden sapak berdi we P. Saryýewiň, T. Suhangulyýewiň, M. Täçmyradowyň we beýlekileriň döredijiligini öwrendi. Şol döwürde A. Kulyýew B. Şehter bilen bilelikde “Ýusup-Ahmet”, we Ýu. Meýtus bilen bilelikde türkmen esgerleriniň gahrymançylygyna bagyşlanan “Abadan” operalaryny döretdi. Bu eserlerde halk sazlarynyň özboluşly mukamlary sazlaşykly ulanyldy.

“Gumdan tapylan ýürek” baletine sazy (1975 ý.) kompozitoryň döredijiliginde gahrymançylyk-watanperwelik temasynyň şowly dowamy boldy. Dürli ýyllarda döreden “Salam”, “Gurban Durdy”, “Garagum derýasy” kantatalary, “ Gülle, Eziz Türkmenistan”, “Güneşli diýar”, sýuitalary, “Magtymguly” simfoniki poemasy ony tanymallyga ýetirdi.

1967-nji ýylda ol Türkmenistan SSR Kompozitorlar birleşiginiň prawleniýesiniň başlyklygyna, 1968-nji ýylda SSSR Kompozitorlar birleşiginiň prawleniýesiniň sekretarlygyna saýlanyldy. A. Kulyýew ençeme ýyllap Aşgabadyň D. Öwezow adyndaky sazçylyk uçilişşesinde we Türkmen milli konserwatoriýasynda mugallymçylyk etdi. Onuň okuwçylarynyň arasynda A. Agajykow, Ç. Nurymow, N. Halmämmedow, D. Nuryýew, R. Rejebow we başga-da birnäçe tanymal kompozitorlar bar.

Aşyr Kulyýew 20-den gowrak aýdym-saz okuw gollanmalaryny düzdi we redaktory boldy. Ol türkmen dilinde milli sazlaryň materialy esasynda solfejio boýunça kitabyň (1959 ý.) we “Saz taglymatynyň”, “Garmoniýa” kitabynyň we “Türkmen dilinde saz adalgalarynyň sözlüginiň” awtorydyr.

Milli professional mekdebiň kemala gelmegine we ösmegine ägirt uly goşant goşan ajaýyp kompozitor, halk sazlaryny wagyz ediji we halypa mugallym 2000-nji ýylyň awgust aýynda dünýeden gaýtdy.

Degişli makalalar

Çeperçilik Sungaty Muzeýinde Gurnalan Sergi Milli Nakgaşlyk Mekdebiniň Dürli Wekilleriniň Işleri Bilen Tanyşdyrýar

31-nji Ýanwarda Döwlet Eýeçiligindäki Desgalary Hususylaşdyrmak Boýunça Satuw Geçiriler

S.Seýdi Adyndaky Mugallymçylyk Institutynda Meýletinçiler Merkezi Işläp Başlady

syrach