7.9 C
Aşkabat
24.11.2024
DURMUŞ

Könürgençde täze çagalar bagynyň açylyşy.

Könürgenç etrabynda täze çagalar bagynyň açylyş dabarasy boldy. Körpe nesilleriň sazlaşykly ösüşi baradaky alada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugry gönükdirilen syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Iki gatly täze çagalar bagy dürli şarlar, baýdajyklar we milli nyşanlar bilen baýramçylyk äheňinde bezelipdir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk baýramçylygymyzyň öňüsyrasynda Akgala geňeşliginde bina edilen täze desgany 13-nji gurluşyk gurnama müdirligini gurluşykçylary gurdular. Ol “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” çäklerinde bina edildi.

Bu ýere ýygnanan körpeler ýaly olaryň ene-atalarynyň we terbiýeçeleriniň hem şatlyklarynyň çägi bolmady. Çagalar bagynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna Daşoguz welaýatynyň we Könürgenç etrabynyň häkimlikleriniň, zähmetkeş toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar we köp sanly myhmanlar gatnaşdylar.

Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda ýurduň beýik gazananlaryna tüýs ýürekden guwanýan we ony aýdyň wasp edýän aýdym-sazlary ýerine ýetiren sungat ussatlarynyň durmuşyň ähli pudaklarynda ägirt uly özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçilmegi ugrunda tagallasyny gaýgyrmaýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyklarynyň çägi bolmady. Dabaranyň dowamynda has tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Oba ýerinde bina edilen täze çagalar bagy 160 orunlyk bolup, ol mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň täze nusgasyndaky binadyr. Bu ýerde çagalaryň wagtlaryny hoş geçirmekleri we sazlaşyklary ösmekleri üçin ähli zerur şertler döredilipdir.Şeýle hem çagalar bagynda terbiýeçiler üçin hem göwnejaý şertler döredilipdir. Ol ýerde körpelere bilim we fiziki taýdan göwnejaý terbiýe bermek üçin ähli mümkinçilikler bar.

Taslamaçylaryň we gurluşykçylaryň tagallasy bilen döredilen oňaýly şertler körpelere gutlag häzirki zaman tilsimatlaryň üsti bilen kompýuter boýunça bilim almaga, daşary ýurt dillerini öwrenmäge, döredejilik ukyplaryny ösdürmäge giň mümkinçilik berýär. Bu ýerde körpeler ýaş aýratynlyklaryna görä ýöriteleşdirilen otaglarda terbiýelenýär.

Olaryň saglygyna gözegçilik etmek üçin ýörite enjamlaşdyrylan lukmançylyk otagy hereket edýär. Çagalar bagynyň ýanaşyk ýeri göwnejaý abadanlaşdyrylypdyrwe ol ýerde sport we oýun meýdançalary bar. Şeýle hem bu ýerde ýüzüş howuzlary hem-de arassa howada dynç almak üçin ýörite guralan telär bar.

Täze çagalar bagy ähli ölçegler boýunça mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralaryndan edilýän talaplara doly gelýär. Täze Galkynyş eýýamynyň özgertmeler syýasatynyň ýokary depginlerde durmuşa geçirmegi netijesinde welaýatyň çäklerinde şunuň ýaly desgalaryň tutuş toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. Munuň özi döwletimiziň ýurduň ähli künjekleriniň ilatynyň durmuş derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmak hakynda edýän aladasynyň aýdyň subutnamasydyr.

Bu ýerde şanly wakanyň hormatyna, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakasy berildi. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanda Merdana Watan Goragçylary Sarpalanylýar

turkmenhabargullugy

Daşoguzda Toplumlaýyn Gurluşyk Maksatnamasy Üstünlikli Durmuşa Geçirilýär

turkmenhabargullugy

Dostlugyň, Wepalylygyň Hem-de Ruhubelentligiň Tumary