Türkmen wekiliýeti 11-14-nji maýda Minsk şäherinde geçirilen “Geljegiň bähbidine hyzmatdaşlyk” atly XI Belarus halkara media forumyna gatnaşdy. Ýewraziýa giňişliginde goşulyşmak işinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň eýeleýän orny hem-de täze wehimlere we howplara garşy netijeli durmak, halkara howpsuzlygyny hem-de adalatly dünýä tertibini üpjün etmek, halklaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen bir bitewi habar beriş meýdanyny döretmek duşuşygyň esasy meselesi boldy. Bu maslahata dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan žurnalistleriň we bilermenleriň 300-e golaýy gatnaşdy.
Ýurdumyzyň wekilleriniň esasy wezipesi bu ulgamda dünýä tejribesini öwrenmek, halkara habar beriş syýasatynyň esasy ugurlary, täze media tehnologiýalary bilen tanyşmak boldy, çünki milli habar beriş serişdeleriniň döwür bilen deň derejede gadam basmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döwlet gurluşynyň we durmuş ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.
Biziň ýurdumyzyň yzygiderli ýokarlanýan daşary syýasy işjeňligi, dünýäniň ähli ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi žurnalistika ulgamynda hem öz beýanyny tapýar. Milli Liderimiz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine täzeçe çemeleşmegiň zerurdygyny, döredijilik gözleginiň we özboluşly çözgütleriň möhümdigini, Türkmenistanda alnyp barylýan içeri we daşary syýasat, ýurduň gazanan üstünlikleri hakynda habarlary daşary ýurtly okyjylara ýetirmekde, şol sanda internet arkaly ýetirmekde döwrebap tehnologiýalary giňden peýdalanmagyň zerurdygyny aýratyn belleýär.
Belarus halkara media forumy her ýyl geçirilip, GDA gatnaşýan döwletleriň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň halkara gaznasynyň we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň goldamagynda guralýar. Dünýä garaýyşlaryň, ruhy däpleriň we gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanan bitewi habar beriş we ynsanperwer giňişligi döretmekde özygtyýarly döwletleriň gatnaşyklary onuň möhüm ugurlarynyň biridir.
Dünýäniň dürli ýurtlaryndan maslahata baran wekiller häzirki döwrüň globallaşmak şertlerinde biz milli barabarlygymyzy we medeni-taryhy özboluşlygymyzy saklamaga borçludyrys diýen pikiri biragyzdan goldadylar. Her bir ýurduň bähbidine habar beriş serişdeleriniň ilerletmäge ýardam edýän integratiw gurallarynyň peýdalanylmagyna aýratyn üns berildi.
Media bileleşigiň strategik wezipeleriniň biriniň häzir ýakynlaşmagyň we özara düşünişmegiň bähbidine medeni we ruhy gatnaşyklar bolup durýandygy barada gürrüň edildi. Täze tehnologiýalar bolsa internedi onuň ähli multimedia abzallaryny peýdalanmak bilen däbe öwrülen gymmatlyklarymyzy olaryň köp dürlüliginde giňden görkezmäge mümkinçilik berýär.
Görnükli syýasatşynaslaryň we tanymal žurnalistleriň belleýşi ýaly, möhüm jogapkärçiligi bolmadyk söz azatlygy žurnalistika bolan ynamyň pese gaçmagyna getirýär. Hünär işiniň ahlak, etiki ugry maslahatyň barşynda aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Esasy zatlara – adam durmuşyna, adalatly dünýä gurluşyna hem-de ýurtlaryň we halklaryň hoşniýetli goňşuçylygyna aýawly garamagyň möhümdigi barada aýdyldy. Žurnalistika böwetleri döretmeli däldir, eýsem, ýakynlaşmak üçin köprüleri we ýollary gurmalydyr diýlip, žurnalistlere esasy çagyryş bilen ýüzlenildi.
Habar adamlara oňyn täsir etmelidir diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň sekretary Sergeý Lebedew “Geljegiň bähbidine hyzmatdaşlyk” atly XI Belarus halkara media forumynyň umumy mejlisiniň açylyş dabarasynda belledi. Ol ýiti meseleleriň habar beriş serişdelerinde beýan edilmeginiň dawalaryň parahatçylykly çözülmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Şeýle ýörelge sebit we dünýä möçberli ýagdaýlaryň durnuklaşmagyna oňyn täsir edýän ýagdaý hökmünde özüni görkezýän Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerine-de laýyk gelýär. Biz döwletimiziň bitaraplyk hukuk derejesini Merkezi Aziýada parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine gönükdirmäge özümiziň taýýardygymyz barada hemişe açyk beýan edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar hem-de häzir dünýädäki emele gelýän täze ýagdaýlar, Ýer ýüzüniň dürli sebitlerinde dartgynlygyň artmagy bilen baglylykda, ýokary ynsanperwer maksatlaryň, BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň halkara düzgün-tertibiniň hukuk we ahlak daýanjy bolup galmalydygyna pugta ynamyny beýan edýär.
Halkara forumynda “Döwrebap media: täze tehnlogiýalar, täze mümkinçilikler” mowzugy boýunça mesele gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy, şonda internede täze jemgyýetçilik-media ulgamyny döretmegiň şerti hökmünde garaldy. Durmuş jogapkärçiligi bilen baglylykda, milli ulgamda tor giňişligini hukuk taýdan kadalaşdyrmagyň möhüm meseleleri, dürli häsiýetli, ýokary hilli we dessin habarlary aragatnaşygyň ähli serişdeleri arkaly ýaýratmagyň usullary, elektron habar beriş serişdeleriniň hünär we pikir mazmunly derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Esasy zat okyja gyzykly bolmakdyr, ýöne şunda žurnalistiň sözüniň ussatlygyny, ýazgylary we many-mazmuny bermegiň medeniýetini saklap, olaryň islegini terbiýelemelidir diýip, habar beriş ulgamynyň öňdebaryjy bilermenleri bellediler hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wezipesiniň döredijilikli pikirleriň, garaýyşlaryň jemgyýetçilik ösüşiniň işjeň ýagdaýy bolup biljek giňişligi döretmekden ybaratdygyny nygtadylar.
Bäsleşikli däl-de, ýakynlaşma ýagdaýyny döretmekde döwletara maglumat alyş-çalyşlaryna uly orun berilýär. Şeýle usullaryň biri, mysal üçin, habarlar agentlikleriniň Internet-serişdelerinde beýleki ýurtlaryň hyzmatdaş-agentliklerinden täzelikleriň awtomatik ýagdaýda ýerleşdirilmegidir. Şeýle taslama Türkmenistan üçin hem gyzyklanma döredýär, çünki, maglumat ulgamynda özara hereket etmek meselesi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary derejedäki gepleşikleriň, hökümetleriň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, dünýäniň döwlet we işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyklarynyň barşynda ara alyp maslahatlaşmaga çykarýan esasy meseleleriniň biri bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, ýurdumyzyň häzirki güni, onuň gazananlary we üstünlikleri barada halkara jemgyýetçiliginiň habarlylygynyň derejesini ýokarlandyrmak üçin göni gatnaşyklary ýola goýmak boýunça wezipeleri goýýar.
Şu maksatlar bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ulgamynda ýakynlaşmagyň çäklerinde—halkara ýokary hünär derejeli birleşmeleriň görnüşinde bolşy ýaly, ikitaraplaýyn tertipde hem, hususan-da, döwletleriň öňdebaryjy habarlar agentlikleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Diňe soňky ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi /TDH/ tarapyndan “Associated Press of Pakistan” korporasiýasy bilen /2011 ý./, Özbegistanyň milli habarlar agentligi bilen /2013 ý./ hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga, Azerbaýjanyň Döwlet habarlar agentligi /AzerTAj/ we Azerbaýjanyň Trend halkara habarlar agentligi bilen /2015 ý./ maglumat alyşmak hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Mundan başga-da, geçen ýyl Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň habarlar gullugynyň agzalygyna girdi.
Häzir birnäçe döwletler bilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça maglumatlary alyşmak we hyzmatdaşlyk etmek hakynda ýene-de ençeme ylalaşyklar taýýarlanylýar. Hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işinde hem-de ýurdumyzda habarlar ulgamynyň ösdürilmegi üçin şertleri döretmekde täze çemeleşmeleri talap edýär.
Hususan-da, häzirki zaman ýagdaýlar bilen baglylykda, TDH-a dünýäniň maglumatlar giňişliginde öz işlerini işjeňleşdirip, internet sahypalarynda “jemgyýetçilik-syýasy žurnal” we “ykjam gazet” görnüşleri boýunça maglumatlary dürli usulda bermegiň hasabyna şol sahypalaryň sanyny artdyrmak garaşýar. Şeýle çemeleşme TDH-nyň internet sahypalaryny daşary ýurtly peýdalanyjylaryň sanynyň artmagyna ýardam eder. Olar seljeriş häsiýetli sahypada bolşy ýaly, “dessin görnüşde” hem özleri üçin gerek maglumatlary tapyp bilerler.
… Mediýa forumyň esasy mejlislerinden başga-da, türkmen wekiliýetiniň agzalary “Belarusda KHBS” diýen ýöriteleşdirilen XX halkara sergisiniň çärelerine hem-de dürli ýurtlaryň ýokary hünär derejeli hünärmenleriň ussatlyk sapaklaryny geçmegindäki žurnalistikanyň Tomusky mekdebine gatnaşdylar.
Belarus Döwlet uniwersitetiniň žurnalistika institutyndaky Tomusky mekdep Arkalaşygyň ýurtlarynyň habarlar agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň geljekki kärdeşleri, talyplar bilen duşuşmagyndan açyldy. Olaryň arasynda Türkmenistandan bolan ýaş wekiller hem bar. Bu ýerde hem tehnologiýalaryň habarlar ulgamyndaky işlere täsir edişiniň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Şol tehnologiýalar häzir täze talaplary we çemeleşmeleri bildirýän bolsa-da, žurnalistleriň ýerini tutup bilmeýär.
Esasylar bolup durýan döwlet habarlar agentlikleriniň aýratyn orny hem bellenip geçildi. Olar diňe bir ýurduň içindäki ilat üçin däl-de, eýsem, daşary ýutly raýatlar üçin hem täzelikleriň abraýly çeşmeleridir. Döwlet işlerini ýaýlyma bermek üçin meýdança bolmak bilen, olar ähli göterijilerde umumy kontentiň 70 göterime çenlisini emele getirýär. XXI asyrda habarlar agentlikleri üçin täze mümkinçilikler bolşy ýaly, täze wezipeler hem açylýar. Olar metbugatyň, radionyň we telewideniýäniň, internediň serişdelerini has doly peýdalanmakdan ybaratdyr.
Şeýle hem “içerki” we “daşarky” žurnalistika, olaryň habarlary ýaýratmak we bermek usullaryndaky, materiallaryň görnüşleriniň we ileri tutulmagynyň gatnaşygy we tapawudy ýaly meselelere hem garaldy. Şunda “içerki” habarlar Internede çykyp hem-de elektron metbugatyň ýagdaýlaryna uýgunlaşyp, “daşky” habarlar bolmaga ymtylmalydyr.
“Geljegiň bähbidine hyzmatdaşlyk” atly XI Belarus halkara mediýa forumynyň işiniň netijeleri boýunça kararnama kabul edildi. Onda, hususan-da, maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň, durmuş torlarynyň okgunly ösýän şertlerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öz üstüne aýratyn jogapkärçiligi almalydygy, birleşmegiň we döredijiligiň, özara düşünişmegiň ye hyzmatdaşlygyň, ýurtlaryň we halklaryň arasynda özara hormat goýmagyň we dostlugyň pugtalandyrylmagynyň ýagdaýyna öwrülmelidigi bellenildi.