Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesinde “Nusaý ýollary” HK Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň tabşyrygy boýunça şypahana gurýar.
2020-nji ýylyň aprelinde işe giriziljek sagaldyş toplumynyň meýdanynda üç gatly myhmanhana jaýlarynyň ikisi bolar, olarda 200 otag: bir we iki orunlyk, şeýle hem “lýuks” otaglar göz öňünde tutulan. Şeýle hem hersi dört maşgala niýetlenen iki gat kottejleriň ikisi, sagaldyş-kesel anyklaýyş bölümi, edara jaýy, kömekçi düzümler binalary bolar.
Täze şypahana üçin bu ýer tötänden saýlanan däldir. Bagabat şäherçesi Köpetdagyň etegindäki gözel ýerde ýerleşen, bu bolsa dynç alýanlara bejeriş maşklary, fizioterapiýa we kadaly iýmit bilen utgaşýan tebigy ýagdaýlara esaslanýan bejerişiň we sagaldyşyň netijeli maksatnamalaryny teklip etmäge mümkinçilik berer. Şypahananyň meýdanynda açyk howdan we sport meýdançalary gurlar, seýilgän zolaklary dörediler, onuň golaýynda birnäçe gektar ýerde miweli baglar bolar.
Bu ýeriniň şypaly howasy we täze sagaldyş edarasynyň iň täze enjamlary dürli keselleri netijeli bejermäge we olaryň öňüni almaga, şeýle hem sagaldyş çärelerini geçirmäge ýardam eder.