14.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Ilçisi Özüniň Ynanç Hatynyň Nusgalaryny Gowşurdy

Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Ilçisi Özüniň Ynanç Hatynyň Nusgalaryny Gowşurdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşuran jenap Kim Hen Çžun bilen duşuşyk geçirildi.

Özara salamlaşykdan soňra, taraplar gatnaşyklaryň dürli ugurlary boýunça Türkmenistanyň we KHDR-nyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny aýan etdiler. Syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna gysgaça seljermeleri geçirip, taraplar olary geljekde giňeltmek meýilleriniň bardygyny bellediler.

Türkmen tarapy jenap Kim Hen Çžuny KHDR-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde işe başlamagy bilen mübärekläp, oňa täze işinde üstünlikler arzuw etdi. Ilçi, öz gezeginde, ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryndaky gatnaşyklary giňeltmegiň wajypdygyny belledi we olary täze derejä çykarmak üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny ynandyrdy.

Degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap Welaýatyna Iş Sapary

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Premýer-Ministriniň Orunbasaryny Kabul Etdi

syrach

Айри-баба – священная гора.

syrach