Balkanabatdaky Önümçiligi kämilleşdirmek müdirliginde Uzynada meýdançasynda buraw işleriniň üstünlikli tamamlanmagyna we Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitçileriň adyna iberen gutlagyna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. Bu çäre Balkanabatdaky Ykdysadyýeti sazlaşdyrmak we önümçiligi utgaşdyrmak müdirligi bilen kärdeşler arkalaşygynyň komitetiniň bilelikde guramagynda geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, ýakynda Hazarýaka sebitinde ýerleşen Uzynada meýdançasynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri taslama çuňlugy 7 müň 150 metre barabar bolan ilkinji aşa çuňlukdaky guýuda buraw işlerini tamamladylar.
Geçirilen geofiziki barlaglaryň we guýynyň barlagynda alnan maglumatlaryň netijesinde 6689-6695 metr aralygynda «mawy ýangyjyň» senagat ähmiýetli akymy alyndy. Deslapky bahalandyrmalara görä, guýynyň netijeliligi günde 500 müň kub metr tebigy gaza we 150 tonna gaz kondensatyna barabar bolar.
Dabaraly çärede çykyş eden nebitçiler «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny artdyrmakda bu käniň açylmagynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtap geçdiler.
Maslahatyň barşynda «Türkmennebit» DK-nyň we Körpeje buraw işleri müdirliginiň ýüzden gowrak hünärmenlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan dabaraly ýagdaýda gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy.