8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Körpeler üçin täze çagalar bagy.

Baharly etrabynyň Akdepe obasynyň körpeleri üçin täze çagalar şäherçesi gapylaryny giňden açdy. Bu Täze ýyl mynasybetli ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy.

Körpeler täze çagalar bagynda ilkinji baýramçylyk çärelerini özlerini gutlamaga gelen ata-eneleri we myhmanlar bilen bilelikde bellediler. Binanyň merkezi girelgesiniň öňündäki meýdançadaky dürli öwüşginli oýnawaçlar bilen şugla saçýan, owadan bezelen uly arçanyň daşyna welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, köp sanly oba ilaty hem ýygnandy. Elbetde, myhmanlary söýgüli ertekileriniň gahrymanlarynyň lybasynda aýdymlar, goşgular hem-de tanslar bilen joşgunly garşylaýan körpeleriň bu dabaranyň esasy gahrymanlary bolandyklary düşnüklidir.

Täze 100 orunlyk mekdebe çenli çagalar edarasy Azatlyk köçesinde oba adamlary üçin häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary depginli gurulýan ýaşaýyş jaý massiwinde ýerleşýär. Bu täze desga “Aşgabatgurluşyk” önümçilik birleşiginiň 4-nji gurluşyk gurnaýyş müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan halkara ülňüleriniň ýokary talaplaryna laýyklykda bina edildi. Özboluşly binagärlik çözgüdi, häzirki zaman gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagy, çaga ertekileriniň äheňlerindäki bezegiň milli öwüşgini—bularyň hemmesi ösüp gelýän ýaş nesliň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegi, körpeleriň oňat dynç almagy hem-de boş wagtlaryny gyzykly geçirmegi üçin niýetlenendir.

Iki gat binada dürli ýaş toparlaryna laýyk gelýän 4 topar üçin jaýlar we okuw otaglary ýerleşýär. Birinji gatda kiçi ýaşly toparlar üçin otaglar we dil öwrenmek üçin lingafon otagy, ikinji gatda uly ýaşlylar toparlary, “Galkynyş” otagy, aýdym-saz zaly we çeper döredijilik otaglary bar. Her bir gatda ýörite sport enjamlary bilen üpjün edilen, dürli ýaşdaky çagalar üçin gimnastika zallarynyň göz öňünde tutulandygy guwançlydyr. Ähli otaglar, şol sanda amatly ýatylýan we oýnawaçlar hem-de tälim beriji gollanmalar bilen üpjün edilen meşhur multfilmleriň ýordumlarynda suratlar bilen bezelen oýun oýnalýan otaglar bar.

Çagalar bagynyň howlusynda kölegeli telärler we özüne çekiji haýwanlaryň şekilleri bolan tomusky oýun oýnalýan meýdança bar. Bu ýerde sport meýdançalary, çagalaryň futbol we basketbol oýnamagy üçin kiçeňräk meýdançalar we iki sany çagalar üçin howuz körpeleriň ygtyýaryndadyr.

Abadanlaşdyrylan çäklerinde gülhanalar döredildi we pürli agaçlar—serwiler, garagaçlar, sosnalar we başga agaçlar oturdyldy. Şeýle hem gyzyl güller ekildi. Olar birnäçe ýyldan soň bu ýerde ajaýyp seýilgäh zolagyny döreder. Bu şäherçede çagalaryň özleriniň miweli baglarynyň hem boljakdygyny belläp geçmek gerek, iki ýüz inedördül metrden gowrak meýdana miweli we ir-iýmişli baglaryň nahallary oturdyldy.

Dabara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Baharly etrabynda täze häzirki zaman mekdebe çenli çagalar edarasynyň açylmagy halkymyzyň eşreti üçin amala aşyrylýan milli özgertmeleriň biri bolan “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň nobatdaky aýdyň subutnamalarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol özgertmeleriň başyny başlaýjy bolup durýar.

Çagalar bagynyň açylyş dabarasynda tapawutlanan gurluşykçylara gymmatly sowgatlar gowşuryldy.

Bu wakanyň şanyna, Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna we milletiň Lideriniň baş saglygyna toý sadakasy berildi.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi

syrach

«NUR» Kompaniýasy Çykarylýan Önümleriň Görnüşlerini Artdyrýar

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýä Iş Saparynda Boljak

syrach