Paýtagtymyzdaky täze Küşt-şaşka mekdebi öz binasynda ilkinji milli ýaryşlary kabul etdi. Bu ýerde bir wagtyň özünde 10, 12,16 we 18 ýaşa çenli toparlarda küşt boýunça Türkmenistanyň 4 sany ýaryşlary geçirildi. Intellektual bäsleşikler ýurdumyzyň welaýatlarynyň bäşisinden we Aşgabat şäherinden küştçüleriň 150-ä golaýyny ýygnady.
Ýaryşa gatnaşyjylaryň iň ýaş toparynda iň gowy taýýarlygy lebaply küştçüler görkezdiler. Aýratyn-da oglanlaryň toparynda Wepaly Hallyniýazow mümkin bolan 15 utukdan 15-sini toplap, ýokary netijäni görkezdi. Bu ýaryşyň jemleri boýunça iň gowy görkeziji boldy.
Gyzlaryň toparynda Lebap welaýatyndan Läle Şöhratowa we Maral Zeripjanowa öz çykyşlaryny birmeňzeş görkeziji14,5 utuk bilen tamamladylar. Şeýle ýagdaýlarda eminler topary küştçüleriň özara duşuşygynyň netijesini we olaryň sport koeffisientiniň gatnaşygyny göz öňünde tutýar. Emma bu görkezijiler boýunça hem gündogar sebitiň wekilleri birmeňzeş ýagdaýda galdylar. Mesele goşmaça bäsleşikde çözülip, ol netijede ýeňiş gazanan L. Şöhratowanyň peýdasyna tamamlandy.
Küştçi gyzlaryň bu toparynda ilkibaşda 2013-nji ýylda ýedi ýaşa çenli mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen dünýä çempionatynyň ýeňijisi we 2014-nji ýylda ýetginjekleriň arasynda dünýä bäsleşiginiň bürünç medalynyň eýesi Bägül Ezizowa öňdebaryjy hasaplanýardy. Emma häzirki ýaryşlaryň görkezişi ýaly, üçünji orny eýelän B. Ezizowanyň indi Lebapdan iki sany bäsdeşi ýüze çykdy. Olar indi milli ýygyndy topardaky orun üçin esasy bäsdeşler bolup durýarlar.
Galan üç toparda Aşgabat şäheriniň sport komitetiniň küşt boýunça sport mekdebiniň wekilleri ýeňiş gazandylar. Şol sanda 18 ýaşa çenli toparda gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda hem şeýle boldy. Bu ýerde birinji orun üçin küştçi gyzlaryň ikisipaýtagtymyzyň toparyndan Ogulgerek Atabaýewa we Lebap welaýatyndan Maral Rozyýewa bäsleşip, utuklaryň birmeňzeş sanynyher haýsy 13 utukdan topladylar. Aşgabatly türgen gyz sport koeffisientiniň gatnaşygynda ýeňmegi başardy.
Şu ýaş toparynda oglanlaryň arasynda 14 utuk toplan Rustem Nazarow öňe saýlanmagy başardy.
Nobatdaky, has ynamly ýeňşi Saparmyrat Atabaýew gazandy. Ol 100 göterim netije gazanyp, 14,5 utuk toplamagy başardy. Tamamlanan ýaryşyň netijeleri oňa dürli ýaş toparlarynda Türkmenistanyň bäsleşiklerinde gazanylan ýeňişleriniň sany boýunça iň ýokary görkezijini berkitdi. Indi S.Atabaýewiň milli sport giňişliginde gazanan altyn medallarynyň sany 20-ä golaýlady. Bu ýaş küştçi 2012-nji ýylda Norwegiýanyň Tromso şäherinde geçirilen Bütindünýä küşt olimpidasynyň altyn medalyny gazanyp, 16 ýaşa çenli küştçüleriň toparynda ýeňiş gazanmagy başardy.
Gyzlaryň arasynda şol ýaş toparynda Jeren Öwezowa ýeňiş (11,5 utuk) gazandy. 12 ýaşa çenli toparda hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna aşgabatly Azat Nurmämmedow we Merjen Batyrowa çykdylar. Olaryň her biri 13,5 utukdan topladylar.
Şu gün Wengriýanyň paýtagty Budapeşt şäherinde küşt boýunça däbe öwrülen First Saturday halkara ýaryşy badalga aldy. Oňa dünýäniň ençeme ýurdundan, şol sanda Türkmenistandan küştçüleriň ýüzlerçesi gatnaşýar. Biziň toparymyza halkara sport ussatlary Maksat we Ýusup Atabaýewler, Suhrab Semiýew, Gurbangeldi Amangeldiýew we beýlekiler wekilçilik edýärler. Halkara ýaryşyň ýeňijileri we baýrak eýeleri 18-nji martda kesgitlener.