9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
YKDYSADYÝET

Kuwwatly elewatorlaryň ýene biri ulanmaga berildi

Şu gün Ýolöten etrabynda göwrümi 50 müň tonna dänä deň bolan elewatoryň açylmagy mynasybetli dabara guraldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda «IKR Babolna» wenger açyk paýdarlar jemgyýeti tarapyndan gurlan däne saklaýjy 4 gektardan gowrak meýdany eýeleýär.

Ýokary standartlara we ekologiýa howpsuzlygynyň kadalaryna laýyklykda gurlan kuwwatly elewator desgalar toplumy bolup, özünde dik göwrümler görnüşindäki üç sany silos desgasyny, däne guratmak üçin meýdançalary we dänäni wagtlaýyn saklamak üçin niýetlenen basdyrmalary, bir ammary, dolandyryş binasyny, barlaghanany we beýleki jaýlary özünde jemleýär. Olar Mary-Ýolöten ulag ýolundan birnäçe kilometr uzaklykdan seleňläp görünýär. Däne saklaýjy özbaşdak energiýa üpjünçilik, ýyladyş, ýelejirediş we ýangyn howpsuzlyk ulgamlary bilen üpjün edilendir. Bu ýerde işgärler üçin ähli şertler döredildi – naharhana, suwa düşmek, dynç almak üçin otaglar we beýleki kömekçi jaýlar bar.

Täze tehnologiýa işi elewatory tapawutlandyrýar. Dänäni uzak wagt saklamak we guratmak şertlerine aralykdan gözegçilik etmegi özbaşdak düzgünde işleýän kompýuterler öz üstüne alar. Dänäni çekmekden, hilini barlamakdan saklamak usulyna çenli ähli prosesi toplumlaýyn dolandyryş we awtomatlaşdyryş ulgamy üpjün eder. Bu bolsa çyglylygyň bellenilen derejesini gije-gündiziň dowamynda sazlamaga mümkinçilik berer. Däne üýşürilgi we dökülgi görnüşde saklanmaz. Ony hemişe arassalarlar we göçürerler. Bu tutuş çylşyrymly mehanizme 24 hünärmen hyzmat eder, olar şuňa meňzeş önümçilikde işlemegiň okuw tapgyryny geçdiler.

Elewatora däne Ýolöten we Murgap etraplarynyň daýhan birleşiklerinden getiriler. Mary-Serhetabat demirýolunyň ýanynda ýerleşdirilen täze elewatoryň ulanmaga berilmegi bu ýere dänäni demirýol ulagy bilen hem getirmäge mümkinçilik berer.

Elewatoryň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, welaýatyň ýolbaşçylary, umumymilli «Galkynyş» hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, gurluşykçylar, ýaşulular gatnaşdylar. Welaýatyň çeper höwesjeňler toparlary aýdym-saz çykyşlaryny taýýarladylar. Sportsmenler gujur-gaýratyny, çalasynlygyny we ussatlygyny görkezdiler. Bu ýerde şeýle hem dürli sergiler ýaýbaňlandyryldy. Işde tapawutlanan gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Ýola goýlan asylly däbe görä, elewatoryň işe girizilmegi hormatly ýaşulularyň ak pata bermegi bilen geçirildi. Wakanyň şanyna, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna we Türkmenistanyň Prezidentiniň baş saglygyna agşam sadaka berildi.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanan üstünlikleriniň sergisi

syrach

Aşgabatda sebitlerde energiýa serişdelerini geçirmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşylýar.

syrach

Aşgabatda “Türkmengaz” Döwlet Konserniniň Okuw Merkezi Açyldy