2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan gurnalýan zenanlaryň jemgyýetçilik durmuşyndaky orny baradaky gender deňligi meseleleri boýunça maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Latwiýa Respublikasynyň Parlamentiniň Ýewropa işleri boýunça Komitetiniň başlygy hanym Lolita Çigane bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň daşary syýasatda, ykdysadyýetde, energetika ulgamynda we halkara guramalarynyň çäklerinde ösdürilmegi bilen bagly meselelere uly gyzyklanmalaryny bellediler. Türkmenistanyň daşary döwletlerinden oňyn dünýä tejribesini öwrenmeklige bolan ymtylmalaryny nazarda tutup, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň guraly bolan parlamentara hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar iki ýurduň arasynda parlamentara toparlaryny döretmek işleriniň işjeň alnyp barylýandygyny bellediler.
Gepleşikleriň dowamynda gender deňligi meselelerine aýratyn üns berildi, Türkmenistanyň ynsanperwerlik ulgamynda, hususan-da raýatsyzlyk meselelerini çözmekde oňyn tejribesi ara alnyp mashatlaşyldy. Mundan başga-da iki ýurduň öz-özlerini dolandyryş edaralarynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmek meselelerine gyzyklanma bildirildi.
Türkmenistanyň sebit we dünýä ähmiýetli meseleleri çözmekde, durnukly ösüşi üpjün etmek üçin çäreleri amala aşyrmakda işjeň parahatçylyk söýüjilik garaýşa eýedigini belläp, latwiýa tarapy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20-ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän çärelere gatnaşmaga bolan meýillerini bildirdi.