13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
YKDYSADYÝET

Lebap: gazy gaýtadan işleýän senagatyň kuwwatlyklary artýar

Amyderýa jülgesinde döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan ýene-de bir möhüm ykdysady taslamanyň biri durmuşa geçirilip başlandy. Kanadanyň «Termodizaýn inżiniring Ltd» kompaniýasynyň hünärmenleri Bagajanyň gazy gaýtadan işleýän toplumynyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygynda tehnologiki enjamy gurnamaga girişdiler. Bu çylşyrymly we jogapkärçilikli ýokary tehnologiýaly iş iri blokly usul bilen amala aşyrylýar. Munuň özi ony göwnejaý möhletlerde we ýokary hilde tamamlamaga mümkinçilik berer. Suwuklandyrylan gazy we uglewodorod kondensatyny öndürmek boýunça häzirki zaman önümçiligi kuwwatly gysyjy hem-de sowadyjy enjamlar, gazy gaýtadan akdyrýan enjamlar, tehnologiki peçler we meşhur dünýä kompaniýalarynyň beýleki enjamlary bilen üpjün edilýär. Uly zawod taýýarlygyndaky käbir enjamlaryň agramy 50-70 tonna ýetýär.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň Kararyna laýyklykda gurulýan täze senagat toplumynyň taslamadaky kuwwaty bir ýylda 1 milliard kub metre çenli tebigy gazy ýa-da bir gije-gündizde 3 million kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge mümkinçilik berer. Şondan her gün ýokary hilli suwuklandyrylan gazyň 60 tonnasy we gaz kondensatynyň 50 tonnasy öndüriler. Durmuşda ulanylýan ýangyç dünýä bazaryna gider, uglewodorod çig maly bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna iberiler we şol ýerde kondensatdan dünýä bazarynda ýokary isleg bildirilýän dury nebit önümleri öndürilýär. Mundan başga hem Bagajynyň gazy gaýtadan işleýän merkeziniň ikinji nobatdakysynyň tehnologiki ulgamy ilatyň we Lebap welaýatynyň halk hojalyk toplumynyň hajatlary üçin her ýyl gaýtadan işlenen, ýokary derejede daşky gurşaw ýagdaýa getirilen arassa harytlyk gazyň 1 milliard kub metre çenlisini berer.

Gurulýan toplum önümçilik we kömekçi desgalaryň onlarçasyny özünde jemleýär. Olary gurmaga türkmen gurluşykçylary hem işjeň gatnaşýarlar. Gazojakdaky «Lebannebitgazgurluşyk» trestiniň işgärleri Kanadanyň kompaniýasynyň däp bolan hyzmatdaşlarydyr. Onuň buýurmasy boýunça trest Naýybyň gazy gaýtadan işleýän toplumynyň we Bagaja toplumynyň birinji nobatdakysynyň gurluşygynda gurluşyk-gurnaýyş işleriniň uly möçberini ýerine ýetirdi. Gurulýan tehnologiýa ulgamy üçin trestiň işgärleri enjamlary oturtmak we binalar üçin ýüzlerçe esaslary gurdular. Häzir olar ulanyş guýularyny senagat taýdan gurnamagy we injenerçilik ulgamlaryny çekmegi amala aşyrýarlar.

Ýurdumyzyň Gündogar welaýatynyň gazy gaýtadan işleýän senagaty Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýär we çalt depginlerde ösdürilýär. Mysal üçin, Üňüz aňyrsyndaky Garagumda Naýyp gazy gaýtadan işleýän toplumynyň kuwwatlyklary şu on ýyllykda 6 esse artdy. Onuň awtomatlaşdyrylan enjamlarynda eýýäm suwuklandyrylan gazyň 1 million tonnadan gowragy we uglewodorod kondensatynyň 600 müň tonnasy öndürildi. Ýokary derejede arassalanan harytlyk gazyň onlarça milliard kub metri eksporta iberildi. Türkmen hünärmenleri tarapyndan tehnologiki işleri, ilkinji nobatda sowadyş ulgamyny kämilleşdirmegiň hasabyna önümçiligiň taslamadaky kuwwatlyklaryndan ýokary geçildi. Ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmegiň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan strategiýasy önümçiligiň netijeliligini gyşarnyksyz ýokarlandyrmagyň, uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny we gaýtadan işlenilişini artdyrmagyň zerurlygyny göz öňünde tutýar.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Gazy gaýtadan işleýiş» önümçilik müdirliginde TDH-nyň habarçysyna habar berlişi ýaly, Bagajanyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy bilen bir hatarda ýakyn ýyllarda Naýyp toplumynyň hem kuwwatlyklaryny artdyrmak, öndürilýän önümiň gaýtadan işlenilişiniň hilini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Hususan-da, birinji tehnologiki enjamyň toplumlaýyn durky täzelener we ol döwrebaplaşdyrylar hem-de suwuklandyrylan gazyň saklanylýan ýerleriniň we ýükläp ibermegiň kuwwatlyklaryny düýpli artdyrmak bilen sygymlyklar toplumynyň durky täzelener.

Suwuklandyrylan gaz eksport maksatly strategiki önümdir. Onuň öndürilýän ähli möçberi diýen ýaly dünýä bazaryna iberilýär. Durmuşda ulanylýan ýokary hilli türkmen ýangyjynyň kysymy Ýewropanyň we Aziýanyň ýurtlarynda giňden meşhurdyr. Eger gaz kondensatyndan öndürilýän dury nebit önümleriniň dünýä bazarynda durnukly islegden peýdalanýandygyny göz öňünde tutsaň, onda gazy gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek, uly isleg bildirilýän önümleri öndürmegi artdyrmak Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmagyň ugurlarynyň biri bolar. Lebabyň gazy gaýtadan işleýjileri bu önümleri öndürmegi durnukly artdyrýarlar. Ýanwar-oktýabr aýlarynda enjamlarda suwuklandyrylan gazyň 120 müň tonnasy we uglewodorod kondensatynyň 70 müň tonna golaýy öndürildi. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda degişlilikde 20 we 9 müň tonna köpdür. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Üç Aýda Iki Esse Ösüş Gazanyldy

Kabulda Türkmen-Owgan Hyzmatdaşlygynyň Mümkinçilikleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

Özbegistan Eýrandan Nebit Önümlerini Almagyň Meselelerini Maslahatlaşýar

turkmenhabargullugy