Lebapda ekosyýahatçylygyk syýahatçylygyň meşhur görnüşi bolup barýar. Syýahatçylar topary awtobusda bu täze ugur boýunça häzirki zaman Atamyrat Kerkiçi awtomobil köprüsinden geçip, Türkmenabatdan welaýatyň gündogaryna ugradylar. Olar üç ýüz kilometre golaý ýöräp, Köýtendagyň eteklerinde ýerleşýän Lebapsyýahat syýahatçylyk döwlet kärhanasynyň myhmanhanasynda ýerleşdiler.
Belli bolşy ýaly bu ülkede aýratynlygy bilen tapawutlanýan tebigy ýadygärlikleri köp. Olaryň esasysy 150 million mundan öň galan we biziň döwrümizde bolan süýşgünden soň üsti açylan dinozawrlaryň aýak yzlarydyr. Bu ýerde örän owadan jülgeleriň hatarynda Kyrk gyz ady bilen belli bolan gowagy, şeýle-de seýrek miweli agaçlykly Unabi jeňňelligi, Köýten köli we kükürtwodorodly Gaýnarbaba çeşmesi gelýän syýahatçylarda uly gyzyklanma döredýärler.
Iki günläp bu ýerde bolan syýahatçylar diňe bir tebigy baýlyklar bilen tanyşman, eýsem bu ýerde guran agaçlary we käbir biperwaý adamlaryň taşlan hapalaryny ýygnap bu ýerde abadançylyk işlerini geçdiler. Köýten kölünde gysga wagt bolsalarda , syýahatçylar daşky gurşawa ýaramaz täsir etmez ýaly bolan ýerlerini arassaladylar.
Bu gezelenç ýörişiň dowamynda ençeme suratlar düşürildi we bu ýeriň ýaşulylaryndan gyzykly maglumatlar ýazylyp alyndy, -diýip Ýörişiň ýolbaşçysy Kadyr Ilamanow aýtdy. Bu materiallar öz eziz tebigatymyza bolan aýawly garaýşy terbiýelemek maksady bilen mekdep okuwçylarynyň arasynda ulanylar.