Satyn alynýan ýokary hilli awtobuslar, taksiler, ýük awtoulaglary ýurdumyzda ulag hyzmatynyň göwnejaý ýola goýulmagyna ýardam berýär. «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginde hem bu ugurda netijeli işler alnyp barylýar.
Kärhananyň maliýe-ykdysady görkezijilerini has-da ýokary götermekde, halka edilýän awtoulag hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmakda gazanan guwandyryjy üstünlikler üçin «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan «Iň göreldeli kärhana» diýen Hormat haty hem-de ýörite göçme kubok bilen sylaglanmagy hem ýöne ýerden däldir. Gazanylan netijeler barada «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň başlygy Gurban Saýypow şeýle gürrüň berdi:
— Esasy wezipesi ýolagçy gatnatmak we halk hojalyk ýüklerini daşamakdan ybarat bolan önümçilik birleşigimizde ýylyň-ýylyna ýokary görkezijiler gazanylýar. Geçen ýylyň dowamynda kärhananyň ýük daşamak boýunça meýilnamasy 2 million 183 müň tonnadan ybarat bolan bolsa, oňa derek 2 million 285 müň tonna ýük daşalyp, meýilnama 104,7 göterim berjaý edildi.
Ýük ulaglaryndan ýüzlerçesiniň täze «KAMAZ» kysymly, ýokary öndürijilikli ulaglardygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu ýük ulaglary kuwwatlylyk we amatlylyk babatda dünýäniň islendik künjeginde öndürilýän ýük ulaglary bilen bäsleşip biljek derejededir. «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan gurulýan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmakda alnyp barylýan möhüm işlerde-de önümçilik birleşiginiň kuwwatly ýük ulaglary ulanylýar.
Kärhananyň sürüjileri möwsümleýin oba hojalyk önümlerini daşamak işlerinde-de daýhanlara ýylyň-ýylyna ýakyndan kömek berýär. Geçen ýylyň jemi boýunça kärhana tarapyndan galla we pagta hasylyny daşamakda meýilnama boýunça 207 ýük ulagyna derek 218 sany dürli kysymly ulagyň işe çykarylmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Oba hojalyk işlerinde ulanylýan awtoulaglara ýerlerde kärhana tarapyndan ýörite gözegçiler bellenip, olar ýangyç, çalgy ýaglary we beýleki ätiýaçlyk şaýlar bilen bökdençsiz üpjün edilýär. Kärhanada öz käriniň ussady bolan tejribeli sürüjileriň onlarçasy zähmet çekmek bilen, olar gallanyň her bir dänesiniň, «ak altynyň» her bir übtüginiň zaýasyz daşalmagyny üpjün etmekde ýokary netijeleri gazanýarlar. Bu ugurda tejribeli sürüjiler Ýagşymyrat Öräýew, Sünnet Ýagşymyradow, Omar Illiýew tapawutlanyp işleýärler.
Alyslara uzaýan ak ýollar bizi bagta, rowaçlygyň röwşen menzillerine alyp barýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna uly ynam bilen barylýan günlerde bu ajaýyp ýollardaky gatnawlar şowly bolsun!
Jangeldi IŞANKULYÝEW,
žurnalist. Surata düşüren Merdan ORAZOW.
Çeşme: metbugat.gov.tm