ÝB_niñ liderleri Brýusselde geçirlen sammitiñ birinji gününde ykdysady krizise garşy göreşmek barada ýüzlenme berdi.
Liderler ÝB-niñ kanstitutsiýasy bolan Lissabon şertnamasyna “uly bergä batan ýurtlar üçin döredilen wagtlaýyn halas ediş mehanizminiñ yzygiderli ýagdaýa getirilmegi üçin käbir üýtgetmäniñ girizilmegi” meselesinde ylalaşyga geldi.
Brýusselde duşuşan liderler Gresiýa we İrlandiýa ýaramaz täsirini ýetiren krizisiñ Portugalýa we İspaniýa ýaýramazlygy üçin ykdysady taýdan görüljek çäreleri ele aldy.
ÝB Geñeşiniñ başlygy Herman Wan Rompuý agza ýurtlaryñ ýewro sebitiniñ durnuklylygynyñ ýola goýulmagy meselesinde tutanýerli bolandygyny bildirdi.
referans: www.trtturkmen.com