2015-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Beýik Britaniýdaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň XX ýyllygy we Bitaraplyk we Parahatçylyk Ýyly mynasybetli, şeýle hem Sagdynlyk we bagtyýarlyk aýynyň çäklerinde sportuň üç ugry boýunça ýaryşlar geçirildi. Çäräniň dowamynda küşt, şaşka we stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryşlar geçirilip, üstünlik gazanan gatnaşyjylara ilçihananyň adyndan hormat hatlary gowşuryldy.
2015-nji ýylyň aprel aýynyň 17-ne bolsa Ilçihana tarapyndan London şäheriniň merkezinde ýerleşýän Hyde Park seýilgähinde 10 km uzaklyga welosipedli ýöriş geçirildi.
Bu sport çärelerine Beýik Britaniýanyň University College of London ýokary okuw mekdebiniň ylmy işgärleri, Brunel University London ýokary okuw mekdebiniň aspiranty, University of Greenwich ýokary okuw mekdebiniň hem-de London School of Commerce kollejiniň türkmen talyplary gatnaşdylar.
Ýaryşlar tamamlanandan soňra çärä gatnaşyjylara milli tagamlar hödür edilip, geljekki çäreleriň meýilnamasyny hem ara alyp maslahatlaşdyldy.