8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Maglumat Elýeterliligi

Maglumat elýeterliligine ýardam bermek we daşary ýurtly žurnalistleri bellige almagyň netijeli gurallarynyň işlenilip taýýarlanylmagyna ýardam bermek – 2015-nji ýylyň 30-njy aprelinde Aşgabatda tamamlanan ÝHHG tarapyndan guralan tegelek stoluň başynda seredilip geçilen meseleler bolup durýar.

Iki günlük çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Daşary işler ministrliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň, Aragatnaşyk we Adalat ministrlikleriniň hünärmenleri, şeýle-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag institutlarynyň, neşir we online KHBS-iň birnäçesiniň wekilleri gatnaşýarlar.

Çärä gatnaşyjylar maglumatlaryň elýeterliligini üpjün etmäge hem-de ýerli we daşary ýurtly žurnalistleri bellige almagyň netijeli gurallaryny işläp taýýarlamaga ýardam bermekdäki halkara ölçeglerine hem-de milli tejribä seredip geçdiler.

Çärä gatnaşyjylara özüniň ýüzlenmesinde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň Başlygy, ilçi Iwo Petrow Helsinki Jemleýji Aktyny ýatlap geçdi, bu resminama “ÝHHG-niň agza-döwletleri ähli görnüşli maglumatlaryň has erkin we giň ýaýradylmagyna ýardam bermeklige, beýleki ýurtlar bilen maglumat ulgamynda hyzmatdaşlyk etmeklige we maglumat alyş-çalşygyna goldaw bermeklige çagyrýar”. Şeýle-de Ilçi Petrow: “ÝHHG-niň agza-döwletleri maglumatlara bolan hukuklaryň kepillendirilmegine borçlandylar, bu bolsa hökümetleriň açyklygyny we hasabata degişliligini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Biz bu ara alyp maslahatlaşmalaryň Türkmenistanyň Hökümetiniň halkara standartlary we ÝHHG-niň borçnamalaryna laýyklykda maglumat elýeterliligi boýunça kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tagallaryna ýardam eder diýip umyt edýäris” – diýip belläp geçdi. 

Iki sany halkara bilermenler maglumatyň we kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet edaralary bilen özara hereket etmegiň ýörelgeleriniň dürli görnüşlerinde, şeýle-de maglumat eleýeterliligi boýunça kanunçylyk binýadynda we Ýewropanyň hem-de GDA ýurtlarynyň ýerli we daşary ýurtly žurnalistleri bellige almagyň netijeli gurallaryny işläp taýýarlamak ulgamyndaky tejribeleriniň üstünde takyk durup geçdiler. Tegelek stola gatnaşyjylar iri halkara wakalaryny, şol sanda sammitleri, sport çärelerini we görkezişleri alyp görkezmegiň ýöriteleşigi boýunça pikirleri alyşdylar.   

Degişli makalalar

Türkmenabat –“Farap” Gümrükhana Nokady Ýolunyň Ugrunda Täze AÝaGB Açyldy

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Topary Ýene Bir Bürünç Medaly Gazandy

Agyr Atletikaçylaryň Üstünlikleri